Türkmenistanda 12-nji fewralda geçirilen prezident saýlawlaryndan soň täze hökümet düzmek işi tamamlanyp barýar. Çünki, Türkmenistanyň Baş kanunyna laýyklykda, prezident bir wagtda hökümet başlygy wezipesini-de eýeleýär. Häzirlikçe Türkmenistanyň suw hojalyk ministri wezipesine hem güýç ulanyjy gurluşlara täze ýolbaşçylar bellenmedi.
Häzir wezipä bellenen 10 wise-premýeriň ýedisi, 19 ministriň 15-si Ahaldan we Aşgabat şäherinden. Bu hökümeti, ýerine ýetiriji häkimiýeti ahallaşdyrmagy aňladýarmy? Orsýet Ylymlar akademiýasynyň Umumytaryh institutynyň uly ylmy işgäri, professor Artýom Ulunýan şeýle jogap berdi:
—Bu ýagdaýy türkmen syýasy medeniýetinde ýerçillik ruhunuň aňrybaş ýüze çykmasy diýip hasap edýärin. Bu işi öňki prezident başlapdy. Muny – ýerçillik prinsipini, düýbünden nädogry syýasat hasap edýärin. Bu jemgyýetde nägileligiň döremegine getirip biljek ýagdaý. Gynansagam, bu postsowet giňişliginde ösüşiň demokratik ýoluna düşüp bilmedik jemgyýetlerde bar kesel.
Aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň sözlerine görä, täze hökümet agzalarynyň häzirki bellenişine “ahallaşdyrma” diýip, bir söz bilen jogap bermek mümkin däl. Aşgabatda ýa Ahalda dogulmak diýmek, şol ýerliligi aňlatmaýar. 40-50 ýyl mundan öň paýtagta okuwa gelip, şol ýerde öýli-işikli bolup galanlaryň çagalary Aşgabatda we Ahalda dünýä indiler:
—Şuňa birbada kesgitli jogap bermek kyn. Aşgabat şäherinde doglanlaryň aslynyň, umuman, Ahal welaýatyna degişli däl bolmagy-da mümkin. Bu meselänin bir tarapy, ikinji tarapy şu zatlar bizin bir aýbymyzy açýar. “Biz bäş müň ýyl bäri millet, biziň bäş müň ýyllyk taryhymyz bar” diýip, näçe öwünsegem, biz entek millet hökmünde doly kemala gelmedik, doly formirlenmedik millet. Gan gatyşmadyk. Gan gatyşmadyk ýerde-de millet kemala gelenok, onsoň isleseň-islemeseň-de, “o ýerli, bu ýerli” diýen gürrüňleriň il arasynda döremegine sebäp bolýar.
Nähili prinsiplerden ugur alynýar?
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Moskwada ors dilinde neşir edilýän “Turkmenistan” žurnalyna interwýu beripdir. Şonda “Ýolbaşçy wezipelere kadrlary saýlap almakda nähili prinsiplerden ugur alýarsyňyz?” diýen soraga Berdimuhamedow: “Eger Ministrler Kabinetiniň soňky ýyllardaky işine ünsli syn edýän bolsaňyz, onuň sazlaşykly, anyk işini görensiňiz. Işini başarmadyklar gitdi, işde özüni görkezenler onuň ýerine geldi. Hökümetiň häzirki düzümi ýeterlik derejede ýaş” diýip, jogap berdi.
Häzirlikçe güýç ulanyjy gurluşlara täze ýolbaşçylar bellenmedi. Oňa nähili adamlaryň gelmegi mümkin? Bu soraga professor Artýom Ulunýan şeýle jogap berdi:
—XXI asyrda aýtmagam gelşiksiz, ýöne Türkmenistanyň ýolbaşçysynda hiç hili şübhe döretmeýän adamlaryň geljegini aýdyp bolar. Esasy wezipelere ýerçillik prinsipi esasynda adamlar bellenip, göze çöp atmak üçin birinji orunbasar ýa orunbasar ýaly wezipelere beýleki regionlardan wekiller bellenip biler. Şu ýagdaý Türkmenistany öwrenýän spesialistlerde alada döredýär. Bu ýurt syýasy geçmişe dolanýar.
Berdimuhamedow soňky bäş ýylda Ýewropanyň, Aziýanyň we GDA-nyň abraýly okuw jaýlaryny gutaryp gelen ýokary hünärli spesialistleriň uly toparynyň bardygyny interwýusynda belleýär. Täze hökümetiň düzüminde Moskwanyň, Brýanskiniň, Daşkendiň, Kiýewiň uniwersitetleriniň uçurymlary gabat gelýär.