Anna güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ikinji sapar prezidentlik wezipesine geçiş dabarasy, inaugurasiýasy boldy. Türkmen mediasy we daşary ýurt habar serişdeleri Aşgabatdaky Kongresler köşgünde geçirilen bu dabara şol gün irden 3,000 töweregi adamyň gatnaşandygyny ýazdylar.
Türkmenistanyň ähli döwlet gurluşlarynyň we welaýatlarynyň resmi wekillerinden başga-da, ýakyn hem uzak daşary ýurtlardan diplomatik wekilleriň inaugurasiýa gatnaşandygy habar berilýär. Owgan parlamentindäki käbir türkmen wekilleriniň çakylyk esasynda dabara gatnaşandygy barada hem maglumat gowuşdy. Emma oňa haýsydyr bir daşary ýurtlaryň döwlet ýa hökümet başlyklarynyň gatnaşandygy baradaky maglumat türkmen mediasynynyň maglumatlarynda-da, Türkmenistanda akkreditasiýa edilen daşary ýurt habar agentlikleriniň maglumatlarynda-da göze ilmeýär.
2007-nji ýylyň 14-nji fewralynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň prezidenti wezipesine geçiş dabarasyna dünýäniň 30 töweregi döwletinden döwlet baştutanlary we hökümet başlyklary gatnaşypdylar. Bäş ýyldan soňky geçirilen inaugurasiýada olaryň birem ýok. Olara çakylyk ýollanyp-ýollanmandygy barada ýurduň köpçülikleýin habar serişdelerinde maglumat berilmändir.
Orsýetiň strategik barlaglar institutynyň eksperti Aždar Gurdowyň pikiriçe, saýlawlaryň yzysüre netijeler yglan edilip, bäş günden inaugurasiýa dabarasy geçirildi. Şu arada daşary ýurt liderlerini çagyrmaga mümkinçilik bolmady. Gyssagara çakylyk ýollanaýanda-da, kim özüniň öňünden planlaşdyrylan iş grafigini bozup, inaugurasiýa gaýtjak. Bu birinji çaklama. Aždar Gurdow ýene-de şeýle diýýär:
—Ikinji çaklama: gatnaşmazlygy bilen dünýä jemgyýetçiligi geçirilen saýlawlara bolan garaýşyny mälim etdi. Türkmen häkimiýetleri şol saýlawlaryň kanunydygyny görkezmek isleýärler. Eger daşary ýurt döwlet hem hökümet baştutanlary gatnaşan bolsa, ol şeýle bolup görnerdi. Olaryň inaugurasiýa gatnaşmazlygyna olaryň negatiw garaýşy hökmünde baha bermek mümkin.
Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ýakynda prezident saýlawlary geçirilen ýurt Gyrgyzystan bolup, Almazbek Atambaýewiň inaugurasiýasyna Türkiýäniň prezidenti Abdylla Gül, Gürjüstanyň prezidenti Mihail Saakaşwili, Gazagystanyň, Täjigistanyň hökümet başlyklary, Özbegistanyň we Türkmenistanyň parlament başlyklary we beýleki ýokary derejeli adamlar gatnaşypdylar.
Diplomatik sebäpleri bolup bilermi?
Berdimuhamedowyň ikinji inaugurasiýasyna şeýle ýokary derejeli wekilleriň gatnaşmazlygynyň diplomatik sebäpleri bolup bilermi? Diplomatik kanallar boýunça çakylyk ýollamak, halkara düzgünleri boýunça, döwletler arasynda nähili amala aşyrylýar? Türkmenistanyň Türkiýedäki we Ysraýyldaky öňki ilçisi Nurmuhammet Hanamow bu barada şeýle diýdi:
—Döwlet ýolbaşçylary çagyryljak bolnanda, diplomatik ýollar bilen öňünden taýynlyk görülýär. Döwlet ýolbaşçysyndan başlanýar: “Şunuň ýaly dabara boljak, siz gatnaşyp bilýärsiňizmi?”. Ol ýa beýleki bir ýurduň döwlet baştutany gatnaşyp bilmejek bolsa, soň hökümet ýa partlament başlygynyň gatnaşmagy baradaky teklip orta atylýar. Mesele çözülýänçä, diplomatik kanallar boýunça iş alnyp barylýar. Meniň pikirim boýunça, şu gezek inaugurasiýa çakylyk boýunça öňünden iş alnyp barlanda, döwletiň ýokary derejedäki adamlary gatanşyp bilmejegini aýdandan soň “Aý, onuň ýaly boljak bolsa, masgara bolup oturmaly, hiç kimem çagyrmaly” diýip, şeýle netijä gelindimikä diýýärin.
Hanamow daşary ýurt döwlet we hökümet başlyklarynyň Türkmenistandaky dabara gatnaşmazlygynyň sebäbi diňe bir olaryň işiniň köplügi bilen bagly däl bolmagy mümkin diýen pikiri öňe sürdi. Onuň pikiriçe munuň düýp sebäbi başga zatlarda bolmagy ahmal:
—Berdimuhamedowyň gitdigiçe abraýy gaçýar. Ol gitdigiçe özüniň ýalançydygyny dünýä görkezýär. Meselem, oppozisiýany çagyryp, soňam sessiz-üýnsüz, çagyrmadyk ýaly bolup, şular ýaly bir topar edýän hereketinde ýalany orta çykansoň, abraýy gitdigiçe gaçansoň, şeýle netijä gelýärler diýip, pikir edýärin.
Birnäçe ýurduň liderleri, bu dabara gatnaşmasalar-da, Berdimuhamedowy telefon arkaly şol gün gutladylar. Türkmen metbugatynyň maglumatyna görä, şeýle liderleriň arasynda Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimow, Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew, Türkiýäniň prezidenti Abdylla Gül, Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç, Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko dagylar bar.