Sişenbe güni, gyşyň gazaply sowugyna garamazdan, bäş müň töweregi saraýewoly Anželina Joliniň täze “Bal we gan mekanynda” atly filmini görmäge geldiler. Film Bosniýa urşunda ölenleriň jaýlanan mazarystanynyň golaýynda ýerleşýän sport meýdançasynda görkezildi.
Ýygnan adamlar Jolini we filmi surata alan toparyň agzalaryny uly şowhun bilen garşyladylar. Filmden soň hem tomaşaçylaryň gözleri ýaşdan doludy. Joli özüniň ilkinji režissýorluk işini öz durmuşyny üýtgeden tejribe hökmünde häsiýetlendirdi.
Soňkusy gün Azatlyk Radiosynyň Balkan gullugy Joli bilen söhbetdeş boldy. Gürrüňdeşlik simwoliki “Holiday Inn” myhmanhasynda geçirildi. Bu ýer 1992-95-nji ýyllardaky uruş döwründe berk gabawda bolupdy.
Wideo: Azatlyk Radiosynyň Balkan gullugynyň direktory Gordana Knezewiç Joli bilen söhbetdeş boldy.
Joli filmi surata düşürmegi öz borjy hasaplandygyny aýtdy:
—Men filmiň gowy bolmagy üçin diýseň köp tagalla etdim. Ýöne bu filme bu taýda käbir adamlaryň juda agyr duýgular bilen seretjekdigini hem bilýärdim. Sebäbi bu olaryň taryhynyň bir bölegi. Bu olaryň taryhyndaky iň agyr pursatlarynyň biri.
1990-njy ýyllardaky Bosniýa urşy döwrüniň wakalaryny suratlandyrýan “Bal we gan mekanynda” filminde sýužet serb generalynyň Daniel atly ogly bilen bosniýaly suratkeş Ajlanyň söýgüsini suratlandyrýar. Filmiň dowamynda Ajla bir tussaghana düşýär. Ol ýerde aýallar jynsy zorluklara sezewar edilýärler. Bu tussaghananyň ýolbaşçysy hem Daniel.
“Utanç döwri”
Bosniýa urşy döwründe entek ýetginjek bolan Joli şol konfliktiň dowamynda ýüz beren elhençlikleriň taryhyň masgaraçylykly pursatlary bolandygyny aýdýar:
—Men, ulalyp, dünýäniň köp künjeklerine syýahat etdim. Men bu ýerde entek aýdylmadyk köp zatlaryň bardygyny duýýardym.
Golliwudyň iň tanymal ýyldyzlarynyň biridigine garamazdan, Joli özüniň wagtynyň köpüsini ynsanperwerlik meselelerini gozgamak bilen geçirýär. Şeýle-de ol BMG-niň Bosgunlar boýunça Baş edarasynyň hoşniýetlilik ilçisidir.
Joliniň sözlerine görä, haçan-da ol filmi surata düşürmek üçin Bosniýa barada maglumat toplanda, ol bu ýere aşyk bolupdyr. Şeýle-de şol döwürden aman galanlaryň gürrüňlerinden diýseň ruhlanypdyr.
Azatlyk Radiosynyň Balkan gullugynyň direktory Gordana Knezewiç Joliniň filminiň görkezilişine gatnaşypdy. Onuň ýanynda tussaghanalarda dowamly jynsy zorluklara sezewar bolan aýallar hem oturdylar. Knezewiçiň bellemegine görä, film olara azda-kände köşeşdiriji täsir ýetiripdir.
Knezewiç öz pikirini şeýle beýan edýär:
—Meniň şahsy garaýşyma görä, bu film olaryň ýaralaryna melhem bolup biler, şeýle-de olaryň durmuşyndaky iň elhenç pursatlaryny unutmaga ýardam edip biler.
“Gan we bal mekanynda” filmi 23-nji dekabrda Birleşen Ştatlaryň diňe käbir şäherlerinde köpçülige ýetirildi.
Ýygnan adamlar Jolini we filmi surata alan toparyň agzalaryny uly şowhun bilen garşyladylar. Filmden soň hem tomaşaçylaryň gözleri ýaşdan doludy. Joli özüniň ilkinji režissýorluk işini öz durmuşyny üýtgeden tejribe hökmünde häsiýetlendirdi.
Soňkusy gün Azatlyk Radiosynyň Balkan gullugy Joli bilen söhbetdeş boldy. Gürrüňdeşlik simwoliki “Holiday Inn” myhmanhasynda geçirildi. Bu ýer 1992-95-nji ýyllardaky uruş döwründe berk gabawda bolupdy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar