Gurbanguly Berdimuhamedow birinji gezek prezidentlik kürsüsine geçende, häkimiýetdäki ilkinji aýlaryny Saparmyrat Nyýazowyň döwründe kabul edilen kararlara düzediş girizmekden başlady. Edilen işleriň arasynda oba ýerlerindäki keselhanalary täzeden açmak, ýurtda internet üpjünçiligini ýola goýmak ýaly çäreler bardy.
Emma bularyň arasynda has göze ilýäni – bu onuň Saparmyrat Nyýazowyň şahsyýet kultuny ýykyp başlanlygydy. 2006-njy ýylda Nyýazowyň ölüminden soň häkimiýete geçen Berdimuhamedow obadyr-şäherlerde ýerleşdirilen Nyýazowyň suratlaryny we heýkellerini aýyrmaga görkezme berdi. Şeýle-de Berdimuhamedow Nyýazow döwründe üýtgedilen aýlaryň we hepdeleriň ozalky atlaryny gaýtadan dikeltdi.
Emma wagtyň geçmegi bilen Berdimuhamedowyň özi-de öz şahsyýet kultuny ornaşdyryp ugrady. Berdimuhamedowyň suraty ýerleşdirilen uly plakatlar Türkmenistanyň ähli künjeklerinde, ýurduň ähli edaralarynda ýerleşdirilip başlandy. Ýeri gelende bellenilse, bu plakatlaryň Nyýazow döwründäkilerden parhy az boldy.
Asyl käri boýunça diş lukmany bolan Berdimuhamedow kitaplara awtorlyk etmek däbi boýunça hem Nyýazowyň yzyndan ýetdiriberdi. Ol häkimiýet başyndaky bäş ýylyň dowamynda saglykdan başlap, tä ahal-teke atlaryna çenli dürli temadan bolan kitaplara awtorlyk etdi.
Käbir gowuşýan maglumatlardan belli bolşuna görä, ýakyn günleriň dowamynda türkmen milletiniň ruhy ýörelgesi boljak täze kitap hem çapdan çykmaly. Kitabyň adynyň ýa “Türkmennama” ýa-da “Adamnama” boljakdygy aýdylýar.
Mundan öň, Nyýazow hem bu meseläni gozgap, “Ruhnama” kitabyny ýazypdy. Bu ýurduň ähli okuw jaýlarynda, şol sanda sürüjilik mekdeplerinde hem öwredilýärdi.
Berdimuhamedow başga ugurlar boýunça-da Nyýazowdan geçirip barýana meňzeýär. Nyýazowa öz wagtynda “Türkmenbaşy” diýlip ýüzlenilen bolsa, Berdimuhamedowa “Arkadag” diýlen lakam berildi. Nyýazowyň 1991-2006-njy ýyllar aralygynda häkimiýetde bolan döwrüne “Türkmeniň Altyn Asyry” diýlen bolsa, häzirki döwür “Beýik Özgeretmeler we Galkynyşlar Zamanasy” diýlip atlandyrylýar.
Berdimuhamedow Nyýazowyň mekdeplere, köçelere we guramalara özüniň we ýakyn garyndaşlarynyň adyny dakmak endigini hem dowam etdirdi. Mysal üçin, Ahal welaýatyndaky mekdepleriň birine Berdimuhamedowyň atasy – Berdymuhamet Annaýewiň ady dakyldy. Şeýle-de ýakynda Aşgabadyň Içeri işler ministrliginiň harby bölümleriniň birine prezidentiň kakasy – Mälikguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy.
Nyýazow döwründen bäri dowam edýän ýene-de birnäçe zatlar bar, ýagny ýurtda ozalkysy ýaly şol ýeke-täk syýasy partiýa bar, özge pikirlileriň yzarlanmasy dowam edýär, şeýle-de azat metbugat diýen zat ýok.