Owganystanda gyz bäbekleriň arzysy az

Geň ýeri, köp halatlarda gyz bäbegi dogran aýala adamsy tarapyndan däl-de, onuň gaýynlary tarapyndan nägilelik bildirilýär.

Rukşar üçin 29 ýaşda çaga dogurmak täzelik däl. Ýöne bu göwreli aýal özüniň dünýä inmeli bäşinji çagasy sebäpli gynanman hem duranok. Onuň 2 ýaş bilen 12 ýaş aralygyndaky ilkinji dört çagasynyň hemmesi gyz. Şol sebäpden hem ol adamsynyň göwnünden turmak üçin ogul çaga dogurmaly. Eger ýene-de gyz bolsa, onda Rukşar adamsyna ikinji aýalyň gözlegine çykmaly boljagyny bilýär.

Owganystanyň gündogaryndaky Surhrud etrabyndan özüni Rukşar diýip tanadan zenan ogullary bolmasa, köp çatynjalaryň durmuşynyň bozulýandygyny gürrüň berýär:

—Men oňa ikinji aýaly tapyp bermeli bolaryn diýip gorkýaryn. Elbetde, men onuň ikinji aýala öýlenmegini islämok, ýöne mende maşgalamy saklamak üçin başga çykalga-da ýok.

Owganystanyň köp maşgalasyndaky däp-dessurlar ogul çaganyň islenilýändigini görkezýär. Gyz dogsa, çaga doguran aýal günäkär hasaplanýar.

Men oňa ikinji aýaly tapyp bermeli bolaryn diýip gorkýaryn. Elbetde, men onuň ikinji aýala öýlenmegini islämok, ýöne mende maşgalamy saklamak üçin başga çykalga-da ýok.
Rukşar
Ogulyň islenmeginiň birnäçe sebäbi bar. Ogul geljekde maşgalany ekleýän adam, nesli dowam etdiriji, mirasdüşer hasaplanýar.

Kabulyň ýaşaýjysy, iki gyz bilen bir ogluň kakasy, 33 ýaşly Ehsanullah ene-ata garranda ogul olary idedýär diýýär. Köp sanly puştunlar üçin garraňda giýewiň öýünde ýaşamak gelşiksiz hasaplanýar. Beýleki bir tarapdan, Ehsanullah gyz maliýe tarapdan maşgala agram salýar diýýär. Gyz, ulanansoň durmuşa çykyp, başga bir maşgala gidýär. Ehsanullah ogly ýokka öz ene-atasyna gyz çagalarynyň bardygyny aýtmakdan çekinendigini aýdýar. “Bu meniň gyzlarymy gowy görmeýänligimi aňlatmaýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Ýöne ogul dogurmaýan aýalyň garşysyna edilýän zorluk uly mesele bolup durýar. Golaýda Gunduz welaýatynda bir adamyň ogul dogurman, üçünji gyz bäbegi dogran aýalyny bogup öldürmegi bilen bagly waka köpleriň ünsüni çekdi.

Owganystandaky aýallaryň hukuklaryny goraýan aktiwistleriň aýtmaklaryna görä, bular ýaly elhenç waka seýrek duş gelýär, ýöne dogurýan çagasynyň jynsy sebäpli aýallara ejir çekdirmek ýaly ýagdaýlar welin, köp duş gelýär.

Geň ýeri, köp halatlarda gyz bäbegi dogran aýala adamsy tarapyndan däl-de, onuň gaýynlary tarapyndan nägilelik bildirilýär. Gündogar Nangarhar welaýatynda golaýda aýallar meselesi boýunça jogapkär edilip bellenen Anisa Imrani şeýle diýýär:

—Ogul bäbek dogran aýala aýratyn üns berýärler. Onuň gaýynlary iň gowy naharlardan bişirip berýärler. Adatça, oňa towuk öldürip berýärler. Ogluň dünýä inmegi uly şagalaň bilen baýram edilýär. Haçanda gyz bäbek doganda, ejesi özüni günäkär hasaplaýar we gaýynlarynyň gazabyna duçar bolýar.

Ýurtda giňden ýaýran

Imraniniň aýtmagyna görä, ýeterlik statistikanyň bolmazlygyna garamazdan, bu ýagdaý ýurtda giňden ýaýran. Kabulyň Malalai Çaga dogurylýan öýünde işleýän lukman Farida Hoad munuň sebäbini “nadanlykdan” görýär:

—Olar çaganyň jynsynyň hut erkegiň hromosomynyň üsti bilen seljerilýändigini bilmeýärler ýa-da oňa ynanmaýarlar.

Ene-atanyň ogul bäbek islemegi çuňňur dini jemgyýetde aýalyň we erkegiň orny bilen berk baglanyşdyrylýar. Şeýle jemgyýetlerde, adatça, erkek eklenç edýän, aýal bolsa öý-hojalykçy hasaplanýar.

Olar çaganyň jynsynyň hut erkegiň hromosomynyň üsti bilen seljerilýändigini bilmeýärler ýa-da oňa ynanmaýarlar.
Farida Hoad
Konserwatiw maşgalalaryň köpüsinde gyzlar we oglanlar ulalansoňlar ene-atasy olara deň garamaýar. Gündogar Paktiýa welaýatyndan ýetginjek gyz Nuriýa “Maňa we meniň gyz doganyma diňe oglan doganym nahar iýip bolansoň iýmäge rugsat berilýär” diýýar.

Maşgalabaşy hökmünde erkekler öz garry ene-atasyna seretmekden başga ýaş jigilerine hem göz-gulak bolýarlar. Gandagar şäherinden 55 ýaşly öý-hojalykçy Gulgotaý Mahmadzai ogulsyz bolanlygy sebäpli öz geljegini näbelli hasaplaýar. Mahmadzai 10 gyz çaga dograndan soň adamsy bilen aýrylyşmaly bolupdyr. Adamsy ogul dogurtmak üçin 26 ýaşly gyza öýlenipdir. Häzir onuň ýene iki gyzy bar.

Mahmadzai gyzlarynyň biri bilen ýaşamagy kyn görýär. Şol sebäpdenem ol ýeke ýaşaýar. Ýöne ol oglum bolan bolsady, meniň durmuşym başgaça bolardy diýýär.

Owgan aýallarynyň hukugyny goraýjy aktiwistler bu ýagdaýa diňe bilimi, sowady artdyrmak bilen täsir edip bolar diýýärler. Aktiwistler owgan jemgyýetinde abraýy bolan dindarlara we mollalara ýüzlenip, maşgalada jynsy deňhukuksyzlygyň soňuna çykmak üçin olary herekete çagyrýarlar.