Bir atly ýaryş

“Waşington post” gazeti anna güni “Günüň suraty” sözbaşysynyň astynda türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň at üstünde ýylgyryp oturan suratyny çap etdi. Suratyň aşagynda onuň hakyky bäsleşikde Türkmenistanda 12-nji fewralda geçiriljek prezident saýlawlaryndaky ýaly aňsat ýeňiş gazanyp bilmejegi ýaňzydylýar.

“Faýnanşl Taýms” gazeti bolsa, 9-njy fewralda türkmen saýlawlaryna bagyşlap çap eden makalasyny “Türkmenistanyň bir atly ýaryşy” diýip atlandyrypdyr. Makalanyň awtory Izabel Gorst hepde ahyrynda Türkmenistanda geçjek prezident saýlawlaryndan hiç bir geň-taňlyga garaşmaly däldigini, onda gaza baý ýurda 2007-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýän Gurbanguly Berdimuhamedowyň, hatda Merkezi Aziýa ölçeglerinden seredeniňde hem, görnetin öňe saýlanjagyny ýazýar.

Gorst saýlawlarda Berdimuhamedow bilen bäsleşýän ýedi kandidatyň hemmesiniň doly tabynlykdaky elita degişlidigini aýdyp, olaryň ýurduň iň ýokary wezipesi ugrundaky kampaniýada iş başyndaky prezidenti jinnek ýalam tankytlap bilmändiklerini belleýär.

Bu ýagdaýy Sсotsman.сom internet neşiri hem gözden salmandyr. Habar neşiri Türkmenistandaky alternatiw kandidatlaryň saýlawçylary gös-göni özlerine ses bermegä çagyrmadan geçen, tersine, iş başyndaky prezidentiň gazanan üstünliklerini taryplandyklaryny ýazýar.

“Raýatlary ony “Arkadag”, ýagny “Patron” diýip atlandyrýarlar. Ol prezident, premýer-ministr, ýaragly güýçleriň serkerdebaşysy, dünýäniň gaz ätiýaçlyklarynyň 4 prosentine eýe bolan ýurduň jedelsiz lideri” diýip, bu neşir Berdimuhumedowyň hukuk toparlary tarapyndan dünýäniň iň bir repressiw ýurtlarynyň arasynda goýulýan Türkmenistanda öz prezidentlik möhletini uzaltmagynyň kyn bolmajagyny aýdýar.

Eurasianet.org internet neşiri Berdimuhamedowyň saýlawlara hakyky bäsleşikli saýlaw diýdirmek üçin yhlas edendigini, ýedi adamyň bäsleşige goşulmagynyň diňe şu sebäp bilen baglydygyny aýdýar. Şeýle-de bu neşir türkmen prezidentiniň ýurduň syýasy sistemasynda açyklygyň tarapynda bolup gürleýändigine, emma, geň ýeri, Türkmenistanda “demokratik” diýlip at berlen ýeke partiýanyň işleýändigine ünsi çekýär. Eurasianet.org Berdimuhamedowyň saýlaw güni golaýladygyça öz hakyky ýüzüni has köp görkezýän ýalydygyny aýdýar. Bu söze delil hökmünde Türkmenistanyň Gazagystan bilen serhetini birtaraply ýapandygy agzalýar we munuň “ses berişligiň plan boýunça gitmegi üçin” edilýändigi ýaňzydylýar.

“Assoşeýted presiň” habarçysy Piter Leonard hem türkmen saýlawlaryna bagyşlan makalasyny “bir atly ýaryş” atlandyrypdyr. Bu makalada Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna ilki gelende demikdiriji awtoritar sistemany gowşatjak ýaly görnendigi, ýöne soň ýuwaş-ýuwaşdan täze şahsyýet kultuny ornaşdyrmak bilen meşgul bolandygy aýdylýar.