7-nji ýanwarda Türkmenistanyň Mejlisi prezidentiň kakasynyň adyny bir harby bölüme dakmak barada karar kabul etdi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň adyny harby bölümleriň birine dakmak barada Mejlisiň kabul eden karary ýurtda prezidentlik saýlawlarynyň geçirilmeginiň edil öňýanyndaky günlere gabat geldi.
Käbir synçylar awtoritar prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ene-atasynyň kultuny ebedileşdirmek ugrunda ädilen bu nobatdaky ädimi saýlawlaryň öňýany onuň özüni propogandirlemek kampaniýasy hökmünde häsiýetlendirýärler.
Düýbi Wenada ýerleşýän ynsan hukuklaryny goraýjy “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň başlygy Farid Tuhbatullin bu barada öz garaýşyny şeýle mälim etdi:
—Saýlawlaryň öňýanynda, elbetde, bu çäre ilatyň kimi saýlamalydygyny nygtamak üçin gurnalan özboluşly bir propoganda çäresi bolup durýar. Ýöne, bizde bar bolan maglumatlara görä, bular ýaly ädimler ilat köpçüligini gaýta umytdan düşürýär. Sebäbi, geçenki saýlawda saýlawçylaryň köpüsi täze prezident özi bilen köp täze zatlary we gowy zatlary getirer diýip umyt edip, ony goldan bolsa, indi olar şahsyýet kultunyň täze bir sypata eýe bolandygyny görýärler.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň ozalky prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň öz adyny dürli obýektlere, ilatly ýerlere dakdyrmak, öz ýadygärligini dikdirmek ýaly çäreler bilen birlikde, öz ene-atasynyň adyny ebedileşdirmek boýunça-da alyp baran syýasaty halkara guramalarynyň berk tankytlaryna sezewar bolupdy. Nyýazowyň bu syýasaty onuň gazaply diktatorlara mahsus şahsyýet kultuny ösdürmeginiň aýdyň bir mysaly hökmünde kabul edilipdi.
Soňky wagtlar Berdimuhamedowyň atasynyň ömrüni we işini wasp edýän kitabyň çap edilmegi, gazet-žurnallarda onuň kakasyna bagyşlanan makalalaryň yzygiderli peýda bolmagy, onuň atasynyňdyr kakasynyň heýkelleriniň dikilmegi ýaly çäreler-de synçylar tarapyndan häzirki prezidentin şahsyet kultunyň kem-kem çuňňur kök urmasy hökmünde kabul edilip başlandy.
‘Halypadan ozmak’
Şwesiýada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Akmuhammet Welsapar geçen bäş ýylyň dowamynda Berdimuhamedowyň şahsyýet kulty bilen baglanyşykly edilen işlerin Nyýazowyň döwründäkilerden hem geçirendigi barada garaýyşlaryň bardygyny belledi:
—Halkyň arasynda eýýäm Berdimuhamedowyň şahsyýet kulty Nyýazowyňkydan geçirdi diýen düşünje bar. Käbir adamlar Nyýazowyň 20 ýylda ýeten derejesine Berdimuhamedow bäş ýylda ýetdi diýýärler. Şonuň üçinem, Berdimuhamedow özüni aldamaly däl, halk hemme zada düşünýär. Şonuň üçinem, bu işiň saýlawlaryň öňýanyndamy ýa-da soňýanynda edilýändiginiň tapawudy ýok, Berdimuhamedowyň eden bu işi onuň diňe zyýanyna.
Türkmenistanyň resmi metbugaty Mälikguly Berdimuhamedowyň adyny harby bölüme dakmak barada kabul edilen karary türkmenleriň ýaşululara hormat goýmak baradaky gadymy däbine eýermek çäresi hökmünde häsiýetlendiripdir.
Ýöne öz adynyň tutulmagyny islemedik aşgabatly bir bilermen prezidentiň diri gezip ýören kakasynyň heýkeliniň dikilmegi we onuň adynyň harby bölümlere dakylmagy ýaly çäräniň türkmeniň däbine-de, musulmançylyga-da gabat gelmeýän butparazlyk ýaly bir geň çäredigini aýtdy.
Şwesiýada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Akmuhammet Welsapar bolsa häzirki prezidentiň özüniň we öz ene-atasynyň kultuny ebedileşdirmek ugrunda ädýän ädimleriniň onuň täzeçe syýasat ýöretmäge ukypsyzlygyndan gelip çykýandygyny aýdýar:
—‘Taryhdan alynmaýan iň uly sapak – sapak alynmaýanlygydyr’ diýen söz bar. Şondan ugur alsak, Berdimuhamedow özünden öňki geçen diktatoryň halkyň ýigrenjine sezewar bolandygyna ýa-ha düşünmedi, ýa-da, düşünse-de, şony äsgermezçilik edýär. Diýmek, Berdimuhamedowa häzirlikçe syýasy hem-de döwlet tejribesi ýetenok. Ol Nyýazowdan galan miras dogrudyr öýdýär we şony alyp göterýär.
Ýazyjy Welsapar Nyýazowyň maşgala kultuna meňzeş beýle syýasatyň ýurtda ýene gaýtadan ýöredilmeginiň ýurduň içinde we halkara jemgyýetçiliginde türkmen döwletiniňem, onuň prezidentiňem abraýyna diňe ýaramaz täsir ýetirjekdigini nygtaýar.