Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Siriýanyň hökümet güýçleri bilen režime garşy pitneçileriň arasynda dowam edýän zorluk mahalynda, Damaskda Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad bilen duşuşdy.
Lawrowyň Assada “parahatçylykda we oňşuklylykda ýaşaşmagyň arap döwletleriniň öz bähbitdine” diýip aýdandygy habar berilýär. Şeýle-de ol “her bir ýolbaşçy öz jogapkärçilik borjuny kabul etmelidir” diýipdir.
Assad Lawrowy özüniň Siriýadaky ähli syýasy güýçler bilen gepleşiklere taýýardygyny ynandyrdy.
Lawrow bu ýurda Orsýetiň daşary aňtaw gullugynyň başlygy Mihail Fradkow bilen bile sapar edýär. Olaryň Assada ýurtda geçen ýylyň martyndan bäri dowam edýän krizisi ýeňletmek üçin syýasy reformalary geçirmek barada basyş etmegine garaşylýar.
Lawrow ikinji gün Siriýa baranda, hökümete tarapdar siriýalylaryň müňlerçesi uçar meýdanyndan Damaska barýan ýoluň gyrasyna çykyp, rus, hytaý we siriýa baýdaklaryny galgatdylar.
Wetodan soň...
Orsýetiň diplomatiki missiýasy Moskwanyň Pekin bilen BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Siriýa baradaky rezolýusiýa taslamasyna weto goýanyndan birnäçe gün soň amala aşyrylýar. Bu rezolýusiýa taslamasy Arap ligasynyň Assadyň häkimiýetden el çekmegi we syýasy geçişe başlanmagy baradaky planyny goldaýardy.
Lawrow bu rezolýusiýany tassyklamagyň BMG-niň taraplaryň haýsam bolsa biriniň tarapyny tutýandygyny aňlatjagyny aýdypdy. Şeýle-de ol Orsýetiň bu weto bilen bagly sezewar bolan halkara tankydy haýýarlyga golaý bir zat diýipdi:
—Meniň pikirimçe, şeýle haýýarlykly beýanatlaryň kömegi bilen bolan we bolýan zatlaryň özenini ýaşyrmaga çalyşýarlar. Bolýan zadyň özeni bolsa, Siriýada zorlugyň bir däl, birnäçe çeşmesi bar.
Lawrow bu sözleri Bahreýnde, Assada garşy berk gysyş görkezilmeginiň tarapyndan durýan arap ýurtlarynyň birinde aýtdy.
Lawrow Orsýetiň Siriýanyň içinde, daşardan gatyşmazdan, parahatçylykly dialoga gol ýapýandygyny nygtady.
Orsýetiň baş diplomaty bu pikirini soňky telefon gürrüňinde Arap ligasynyň başlygy Nabil Elaraba hem aýtdy.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama bolsa, Waşingtonda Günbatar ýurtlarynyň Siriýa krizisini güýç ulanmazdan soňlamaga ygrarlydygyny nygtady.
Wideo: Homs, 7-nji fewral.
Siriýanyň aktiwistleri Homsda birinji gün 100 çemesi graždan adamyň öldürilendigini aýdýarlar, emma bu fakty garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklap bolmaýar.
Siriýanyň Içeri işler ministrligi howpsuzlyk güýçleriniň alty esgeriniň öldürilendigini, 11-siniň bolsa ýaralanandygyny aýdýar.
Howpsuzlyk aladalarynyň artmagy netijesinde, ABŞ Damaskdaky ilçihanasyny ýapdy we ol ýerdäki işärlerini başga ýere göçürdi. Döwlet departamentiniň sözçüsi Wiktoriýa Nuland bu barada şeýle diýdi:
—Bizi Damaskdaky we onuň töweregindäki ýagdaýyň barha beter bulaşmagy ynjalykdan gaçyrýar. Bu režimiň özüniň, halk bilen dialoga girmegiň deregine zorluga ýüz urany sebäpli, ýagdaýa edýän kontrollugyny barha köp ýitirýändigini aňladýar.
Britaniýa hem özüniň Siriýadaky ilçisini ol ýerden çykarandygyny aýtdy.
Emma muňa garamazdan, Siriýanyň Waşingtondaky ilçisi Roua Şarbaji Damaskyň ilçihanalaryň ählisiniň töwereginde howpsuzlygy berjaý edýändigini aýdýar.
Türkiýäniň inisiatiwasy
BMG-niň baş sekretary Pan Gi Mun özüniň Homsda edilen zorlukdan örän hopugandygyny belläp, “munuň adamzat jemgyýetçiliginiň öňünde düýpden kabul ederliksizdigini” nygtady.
Pekiniň döwlet eýeçiligindäki metbugaty Günbataryň Liwiýa, Owganystan we Yrak meselelerinde güýç ulanmagy mejbury režim çalşygynyň ýalňyşlygyny görkezdi diýip ýazdy.
Siriýanyň döwlet eýeçiligindäki mediasy bolsa, “ýaragly terror toparlary”, Homs Assad güýçleriniň hüjümi astynda diýdirmek üçin, şäheri minomýot okuna tutýar we boş jaýlaryň içinde ýanýan tekerleri goýýar diýip ýazdy.
Şularalykda Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýip Erdogan Siriýa barada täze inisiatiwanyň taýýarlanýandygyny yglan etdi. Ol Türkiýäniň Adalat we galkynyş partiýasynyň ýygnagynda çykyş edip, bu inisiatiwanyň birnäçe detalyny mälim etdi.
Erdogan bu inisiatiwanyň köptaraply boljagyny we oňa girýän ýurtlaryň Siriýanyň hökümetiniň däl-de, siriýa halkynyň tarapyny tutjagyny aýtdy.
Şularalykda Italiýa hem özüniň Damaskadaky ilçisini maslahata çagyrdy.
ÝUNISEF-iň ýaýradan beýanatynda bolsa, Siriýada çagalaryň bikanun tussag edilýändigi, tussaghanada gynalýandygy hem jynsy zorluga sezewar edilýändigi barada habar berilýändigi aýdylýar.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar