Fransiýanyň, Germaniýanyň liderleri Gresiýany borçlaryny ýerine ýetirmäge çagyrýarlar

Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozi hem-de Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bergidar Gresiýany öz borçlaryny ýerine ýetirmäge çagyrdylar.

Parižde geçirilen ikitaraplaýyn gepleşiklerde Fransiýanyň we Germaniýanyň liderleri Ýewrokomissiýa, Ýewropanyň merkezi banky we Halkara pul gaznasy bilen Afinanyň haýdan-haý ylalaşyga gol goýmalydygyny nygtadylar.

Bu iki döwlet Gresiýanyň ýewrozonada galmagynyň tarapdary.

Afinada ýekşenbe güni geçirilen gepleşiklerde bolsa Gresiýanyň häkimiýet başyndaky kaolisiýa talap edilýän reforma meselesinde ylalaşyga gelmek başartmady.