Türkiýede oturym boýunça täze kanun güýje girdi

Täze kanun boýunça türistik wizasy bolan raýatlara Türkiýede, iň köpünden, 90 gün galmaga mümkinçilik berler. Ol wizanyň möhleti gutarandan soň, yzlaryna dolanan raýatlar, gaýtadan şeýle wizany almak üçin, azyndan 3 aý garaşmaly bolarlar.

1-nji fewraldan başlap Türkiýede “Daşary ýurtlularyň oturymy we olaryň ýurda gelmekleri baradaky” 5683 nomerli täze kanun güýje girdi. Maglumata görä, bu kanun Türkiýä barýan daşary ýurtly zähmet migrantlary bilen baglanyşykly ýagdaýlary kadalaşdyrmaklygy göz öňünde tutýar.

Türkiýäniň habar serişdeleri bu kanunyň güýje girmeginiň edil öňýany daşary ýurtly zähmet migrantlarynyň köpçülikleýin ýagdaýda bu ýurdy terk edip başlandyklaryny habar berdiler.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistandanam her ýyl müňlerçe raýatlar eklenç gözleginde Türkiýä gidýärler. Emma, şeýle-de bolsa, Türkiýäniň Ankara şäherinde ýaşaýan türkmenistanly ildeşimiz Hoşgeldi täze kanun sebäpli türkmenistanlylaryň Türkiýäni köpçülikleýin terk edýändiklerini görkezýän üýtgeşik bir alamatyň ýokdugyny aýtdy:

—Täze çykan kanunyň türkmenistanlylara nähilidir bir täsir edendigini göremok. Olaryň köpçülikleýin yzlaryna gidýändiklerini görmedim ýa-da eşitmedim mänä entek. Olar üçin kän bir täsir bolmady öýdýän. Belki-de, olar bilýän däldirler özlerine bu kanunyň nähili täsir etjegini.

Türkiýäniň “Hürriýet” gazetiniň ýazmagyna görä, indi, täze kanun boýunça türistik wizasy bolan raýatlara Türkiýede, iň köpünden, 90 gün galmaga mümkinçilik berler. Ol wizanyň möhleti gutarandan soň, yzlaryna dolanan raýatlar, gaýtadan şeýle wizany almak üçin, azyndan 3 aý garaşmaly bolarlar.

Ankaranyň Gazy uniwersitiniň professory, Merkezi Aziýa meseleleri boýunça bilermen Mehmet Seýfuddin Erol zähmet migrantlary bilen baglanyşykly şeýle täze kanunyň kabul edilmegine hakykatdanam zerurlygyň bardygyny aýtdy:

—Bir tarapdan seredeniňde,Türkiýe özüniň daş-töweregindäki ýurtlardan, şol sanda Türkmenistandan hem gelenleriň, kanuny boşlukdan peýdalanyp, Türkiýäniň daşary ýurtly işçileriň jennetine öwrülmegine sebäp boldy. Bu kanuny boşluk bolsa, indi Türkiýäni degişli kararlary kabul etmäge mejbur etdi. Şeýlelikde, bu kabul edilýän kararlar indi geljekde Türkiýä gelýän daşary ýurtly işçileriň sanyny azaldar.

Täze şertler

Türkiýäniň Sosial üpjünçilik ministrliginiň zähmet migrantlary baradaky bölüminiň resmisi Myrat Söneriň aýtmagyna görä, täze kanun Türkiýedäki häzirki daşary ýurtly zähmet migrantlaryna kanuny duruma eýe bolmak we işlemäge rugsat almak üçin täzeden bu Ministrlige arza bermekligi şert edip goýýar.

Onuň aýtmagyna görä, şeýle arza berijiniň Türkiýede azyndan 6 aýlyk güýji bolan wizasy bolmaly we bu baradaky arza 15 günüň dowamynda garalar.

Ministrligiň resmisi Myrat Söner täze kanunyň Türkiýede bikanun ýagdaýda işläp ýören raýatlaryň bu ýurdy haýdan-haý terk etmeklerini talap edýändigini-de belledi. Onuň aýtmagyna görä, indi daşary ýurtlaryň raýatlary Türkiýäniň iş wizasyna eýe bolmak üçin Türkiýedäki haýsydyr bir kompaniýa, edara-kärhana ýa-da iş beriji şahsyýet bilen zähmet şertnamasyny baglaşmaly, şol şertnamanyň esasynda edara-kärhanynyň gönderen çakylygy esasynda-da raýatlar Türkiýäniň ilçihanasyna wiza üçin öz arzalaryny we dokumentlerini tabşyrmaly.

Ýöne, beýleki tarapdan, Ankarada ýaşaýan ildeşimiz Hoşgeldi Türkiýedäki türkmenistanlylylaryň köpüsiniň, onsuzam, tä polisiýa tarapyndan ele salynýançalar bikanun ýagdaýda işleýändiklerini aýdyp, bu kanunyň ol ýerdäki türkmenistanlylara kän bir täsir eder diýip garaşmaýandygyny belledi:

—Täze çykan kanunyň türkmenistanlylara kän bir täsiri bolmaz. Sebäbi, onsuzam, işlemäge rugsatlary bolmasa-da, näçe ýyllap işläp ýören türkmenistanlylar kän bu ýerde. Ozalky ýagdaýda-da, polisiýa ele salanda, olary deportasiýa etmek bilen oňýardy. Indi şu wagtam kän bir üýtgän zat ýok diýip hasaplaýaryn. Şu wagtam polisiýa ele salsa, olary deportasiýa eder. Ýöne ýene-de, barybir, olar bikanun ýagdaýda işlärler.

Ýöne, islendik ýagdaýda-da, käbir synçylar Türkiýäniň kabul eden bu täze kanunyna oňyn ädim hökmünde baha berýärler.