Ahmed Raşid NATO-nyň syzyp çykan hasabaty barada

Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý Pakistanyň daşary işler ministri Hina Rabbani bilen Kabuldaky duşuşyk mahalynda, 2012-nji ýylyň 1-nji fewraly.

NATO-nyň Owganystanda habar gulluklarynyň eline düşen gizlin harby hasabaty Pakistanyň gizlin gulluklarynyň “Talybana” Owganystandaky daşary ýurt goşunlaryna garşy edilýän hüjümleri ugrukdyrmakda kömek berýändigini aýdýar.

Tanymal žurnalist, “Talyban” barada ýazylan ençeme kitaplaryň awtory Ahmed Raşid syzyp çykan maglumatlaryň ýetirip biljek täsirleri baradaky soraglara jogap berýär. Söhbetdeşligi Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyndan Abubakar Syddyk geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Ahmed, Pakistanyň häkimiýetleriniň “Talyban” güýçlerine goldaw berýändikleri barada NATO-nyň ýaýradan maglumaty siz üçin täzelik bir zat boldumy?

Ahmed Raşid

Ahmed Raşid: Bu ýagdaý NATO-nyň we Birleşen Ştatlaryň harbylarynyň arasynda örän gowy bilinýän ýagdaý. Ýokary derejeli amerikan generallarynyň özleri maňa 2005-nji ýylda prezident Jorj Buşuň we goranmak sekretary Donald Ramsfeldiň ýanyna baryp, talybanlaryň Pakistandan goldaw alýandyklary barada gürrüň berendiklerini aýtdylar.

Ýöne şol wagt Buş bu habara hiç hili baş galdyrmandyr. Şeýlelikde, meniň pikirimçe, bu mesele hiç kim üçin täzelik däl bolmaly. Ýöne, bu baradaky maglumatyň köpçülige ýaýradylmagy we onuň şeýle dilde beýan edilmegi, meniň pikirimçe, gahar-gazabyň döremegine sebäp bolup biler.

Azatlyk Radiosy: Bu maglumatyň edil häzir, ýagny talybanlar bilen gepleşikleri ýola goýmak ugrunda alnyp barylýan çäreleriň fonunda peýda bolmagyna siz nähili garaýarsyňyz?

Ahmed Raşid: Munuň şeýle wagta gabat gelmegi, elbetde, örän erbet. Sebäbi, bu Pakistanyň göwnüni tapmaly we ony talybanlar bilen parahatçylyk baradaky gepleşikleriň başyna getirmeli döwrüne gabat geldi. Ol gepleşikleriň kim tarapyndan, ýagny, Amerika tarapyndanmy ýa Germaniýa ýa Katar tarapyndan alnyp baryljakdygynyň tapawudy ýok.

Edil häzirki emele gelen ýagdaý indi Pakistanyň özbaşyna öz ýoly bilen gitjekdigini görkezýär. Ol Amerika bilenem, NATO bilenem hyzmatdaşlyk etmez. Şular ýaly maglumatlaryň syzyp çykmagy bolsa, Amerikanyň araçyllyk etmegindäki gepleşiklere Pakistanyň gatnaşmak meselesini has-da kynlaşdyrar.

Azatlyk Radiosy: Eger olar özbaşyna öz ýollary bilen gitjek bolsa, munuň özi biziň ozalky köne ýagdaýa dolanyp geljekdigimizi aňladyp bilermi?

Ahmed Raşid: Elbetde, şeýle howp bar. Meniň pikirimçe, bu maglumatyň edil häzir peýda bolmagyny Pakistanyň daşary işler ministriniň Kabula sapar etmegine we onuň prezident Karzaý bilen gepleşik geçirmegine garaşylýan döwre gabat gelmegi bilen-de baglanyşdyryp boljak.

Şeýlelikde, indi Yslamabatda bu maglumat Pakistanyň Owganystan bilen özara dil tapmak ugrundaky tagallalaryny başa bardyrmazlyk üçin amerikalylar tarapyndan ýörite gurnalan pyrryldykdyr diýen köp şübheler hem ýüze çykar.

Azatlyk Radiosy: Owganystana berilýän halkara ýardamlarynyň geljegi barada köp nämälimlikler bar? Mysal üçin, ýakynda Fransiýa bu ýurtdan öz goşunlaryny bir ýyl ir çykarjakdygyny yglan etdi. Eýsem, Pakistanyň talybanlara ýardam berýändigi barada maglumatyň ýaýramagy ýaly wakalar beýleki ýurtlaryň-da Owganystan babatda garaşylmadyk hereket etmeklerine sebäp bolup bilermi?

Ahmed Raşid: Edil häzir NATO-nyň beýleki ýurtlaryny Owganystany wagtyndan öň terk etmezlige yrmak üçin örän uly diplomatik tagallalar edilýär. Ýöne, muňa garamazdan, elbetde, Owganystanda az harbysy bolan käbir ýurtlaryň bu ýurdy wagtyndan öň terk etmek ähtimallyklary saklanýar.

Beýleki tarapdan, elbetde, amerikalylar şu ýylyň maý aýynda Çikagoda geçjek NATO-nyň sammitinden öň nähilidir bir beýanat etmekden saklanýarlar. Şol sammitde käbir meseleleriň has aýdyňlaşmagy mümkin.