Orsýetiň liberal intelligensiýasy oýanýar

Sosiolog Boris Kagarlitskiniň bellemegine görä, Orsýetiň syýasy we sosial özgerişlikler döwürlerinde medeniýet wekilleriniň öňe çykyp, wajyp rol oýnamagy ýurduň taryhynda bolan we bolýan ýagdaý.

Orsýetde Kremle garşy üçünji uly protest ýörişine taýýarlyk görülýärkä, Orsýetiň liberal intelligensiýasy öňe çykýar.

“Saýlawçylar Ligasy” atly guramanyň öňdebaryjy agzalary barada aýdylanda rok ýyldyzy, şahyr, detektiw ýazyjysy ýa aktrisa ýaly döredijilik wekillerini, adatça, göz öňüne getirmek kyn. Emma Orsýetde 4-nji martda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň açyk we adalatly bolmagyny kepillendirmek maksadyna eýerýän bu guramany esaslandyranlar hut şolar boldy.

Ýanwar aýynyň başynda meşhur rok aýdymçysy Ýuriý Şewçuk, şahyr Dmitriý Bykow, detektiw eserleriň awtory Boris Akunin, aktrisa Tatýana Lazarewa we beýleki ençeme medeniýet we sungat wekilleri “Saýlawçylaryň ligasy” atly guramany döredipdiler.

“Saýlawçylar Ligasy” 29-njy ýanwarda Moskwada awtomobil ýörişini geçirmäge ýardam berdi. Ýüzlerçe maşynlaryň gatnaşmagynda geçirilen bu awtomobil ýörişi prezidentlik saýlawlarynyň açyk we adalatly geçirilmegini talap etmek hem-de 4-nji fewralda geçirilmegi planlaşdyrylýan uly demonstrasiýany goldamak maksady bilen gurnaldy.

Ýazyjy Dmitriý Bykowyň pikirine görä, premýer-ministr Putin we prezident Medwedew jemgyýetde barha güýçlenýän närazylyklary äsgermezlik etmeli däl.

“Haýal eýerläp, çalt sürmek”

Bykow Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: “Orslar aty haýal eýerleýärler, emma soňra gaty sürýärler. At indi eýerlendi. Häzir iň optimal ýagdaý dialog bolup bilerdi. Emma biz dialogy görmeýäris”.

“Saýlawçylar Ligasy” Orsýetiň medeniýet elitasynyň 2011-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda bolan gapma-garşylykly parlament saýlawlarynyň yz ýany başlanan protest aksiýalaryndan soň janlanmagynyň diňe bir mysaly.

Wladimir Putin 10 ýyl mundan ozal häkimiýet başyna geleli bäri Orsýetiň intelligensiýasy özüni häkimiýete loýal alyp barypdy. Emma soňky aýlaryň dowamynda aýdymçy-sazandalar, ýazyjylar, aktýorlar we telegepleşikleri alyp baryjylar täze protest hereketlerine goşulyp, öňdebaryjy orunlary eýeläp başladylar.

Döredijilik wekilleriniň täsiri

Sosiolog Boris Kagarlitskiniň bellemegine görä, Orsýetiň syýasy we sosial özgerişlikler döwürlerinde medeniýet wekilleriniň öňe çykyp, wajyp rol oýnamagy ýurduň taryhynda bolan we bolýan ýagdaý. Boris Kagarlitskiý mysal hökmünde 1960-njy we 1980 nji ýyllarda Sowet Soýuzynda bolan prodemokratik hereketleri getirýär we şol hereketleriň başynda ady belli we meşhur intellektual şahslaryň duranlygyny belleýär.

Kagarlitskiniň agzaýan döwürleri Nikita Hruşýowyň häkimiýet başynda bolan ýyllarynda Andreý Sinýawskiniň we Ýuliý Danieliň sowet durmuşynyň gelşiksiz taraplaryny görkezýän eserleriniň Günbatara gizlin çykarylyp, köpçülige mälim edilmegi bilen bagly waka, şeýle-de Mihail Gorbaçýowyň häkimiýet başynda bolan ýyllaryndaky Perestroýka eýýamynda žurnalistleriň we habar serişdeleriniň täze azatlyklara eýe bolmagy bilen bagly wakalara degişli.

Şu günki gün Grigoriý Ýawlinskiý we Boris Nemtsow ýaly Orsýetiň ady belli oppozisiýa wekilleri demonstrasiýalarda çykyş edýärler. Emma köpçüligiň öňüne çykyp, adamlary tolgundyran şahslar – ýazyjy Akunin ýa žurnalist Leonid Perfýonow ýaly döredijilik wekilleridi.

Boris Akuniniň çykyşy Wladimir Putiniň güýçli gahar-gazabyna uçrady. Orsýetiň premýer-ministri Putin Boris Akuniniň oppozision hereketlere goşulmagynyň sebäbini hakyky ady Grigoriý Çartişwili bolan ýazyjynyň milletiniň gürjüligi bilen baglaşdyrdy we Akunini Orsýete bolan duşmançylykly duýgularda aýyplady.

Orsýetli rok sazandalary hem oýanyşda görnükli rol oýnaýarlar. 4-nji fewralda boljak protest demonstrasiýasynda Ýuriý Şewçuk, Ýuliý Kim, Alekseý Kortnýow we ýene beýleki birnäçe rok aýdymçylary syýasy tussaglara goldaw bildirip, çykyş ederler.