NATO Pakistanyň “Talybana” kömekleşýändigini aýdýar

Hasabatda tassyklanmagyna görä, Pakistan “Talybanyň” uly ýolbaşçylarynyň nirededigini bilýär.

NATO-nyň Owganystanda habar gulluklarynyň eline düşen gizlin harby hasabaty Pakistanyň gizlin gulluklarynyň “Talybana” Owganystandaky daşary ýurt goşunlaryna garşy edilýän hüjümleri ugrukdyrmakda kömek berýändigini aýdýar.

BBC we “The Times of London” gazeti bu hasabatyň Pakistanyň PAG-y (Pudagara aňtaw gullugy) owgan pitneçiligi bilen “ýakyn gatnaşykda” diýýändigini aýdýar.

Hasabatda tassyklanmagyna görä, Pakistan “Talybanyň” uly ýolbaşçylarynyň nirededigini bilýär we “Pakistanyň “Talybanyň” uly ýolbaşçylygyna manipulýasiýasy şol terzde dowam edýär” diýýär.

Şeýle-de hasabat “Talybanyň”, NATO güýçleri 2014-nji ýylyň aýagynda ýurdy terk edensoň, Owganystana kontroly gaýtadan eline alyp biljegine ynamlydygyny aýdýar.

Syzyp çykan hasabat ABŞ-nyň Kabulyň golaýyndaky Bagram howa meýdançasyndaky harbylary tarapyndan taýýarlanyp, dekabrda NATO-nyň ýokary derejeli ofiserlerine berlipdir. BBC onuň tussag edilen 4 müňden gowrak “Talyban” we “Al-Kaýda” jeňçisi bilen geçirilen 27 müň soragda ele salnan materiallara esaslanýandygyny aýdýar.

BBC bu hasabatdan uly derejeli “Al-Kaýda” tussagynyň aýdan sözlerini mysal getirýär: “Pakistan hemme zady bilýär. Olar ähli zada kontrolluk edýär. Men olara görünmän Kunarda (Owganystanda bir welaýat) bir agaja-da ýanaşyp bilemok. “Talyban” yslam däl. “Talyban” Yslamabat”.

Resmi reaksiýalar

Pakistanyň daşary işler ministrligi, “boş gürrüň” diýip, bu hasabaty ret etdi we Yslamabadyň Owganystanda gatyşmazlyk ýörelgesine berk eýerýändigini nygtady.

Pentagonyň sözçüsi Jon Kirbi Birleşen Ştatlaryň “PAG elementleri bilen käbir ekstremist ýygynçaklarynyň arasyndaky gatnaşyklara” köpden bäri alada bildirýändigini aýtdy. Emma Kirbi Birleşen Ştatlaryň Goranmak departamenti entek BBC we “The Times” tarapydan habar berlen hasabaty görenok diýýär.

Owganystandaky Halkara howpsuzlyk kömek güýçleriniň sözçüsi, podpolkownik Jimmi Kammiňs şeýle hasabatyň bardygyny tassyk etdi. Ýöne ol munuň “talyban tussaglarynyň pikirleriniň toplumydygyny”, strategiki syn däldigini belledi.

Kabul Pakistany, “Talyban” pitneçilerine kömek etmek bilen, Owganystanyň içki işlerine gatyşmakda uzak wagt bäri aýyplap gelýär. Ýöne bu iki ýurduň gatnaşyklary geçen sentýabrda owgan parahatçylyk wekili we öňki prezident Burhaneddin Rabbaniniň janyna kast edileli bäri has ýaramazlaşdy. Kabul Rabbanini öldüreniň pakistanlydygyny aýdyp, bu işde pakistan içalylaryny günäledi we Yslamabady derňewi bökdemekde aýyplady.

Şol bir wagtda Kabul Pakistandan “Talybanyň” Ketde Şura diýip tanalýan uly derejeli ýolbaşçysyny Saud Arabystanynda owgan hökümetiniň agzalary bilen geçiriljek parahatçylyk gepleşiklerine getirmäge kömek almaga çalyşýar.