Gazak aktiwistleri tussag edilen žurnalisti goldaýar

Wzglýad” (“Gözýetim”) gazetiniň tussag edilen baş redaktory Igor Winýawskiý

Duşenbe güni Almatyda “Wzglýad” (“Gözýetim”) oppozision gazetiň tussag edilen baş redaktory Igor Winýawskiniň aýaly we aklawçysy metbugat konferensiýasyny geçirdi. Winýawskiý Gazagystanyň Žanaözen şäherinde geçen ýylyň dekabrynda bolan köpçülikleýin düzgün bozmalar bilen bagly saklanypdy. Protest aksiýasyna çykan nebitçiler bilen polisiýanyň arasynda bolan çyknyşyklarda 16 adam heläk bolupdy. Bu waka Sowet Soýuzy dargaly bäri Gazagystanda bolan iň uly ganly çaknyşykdyr.

Metbugat konferensiýasynda Winýawskiniň aklawçysy Sergeý Utkiniň aýtmagyna görä, žurnalisti Gazagystanda döwlet gurluşyny güýç bilen agdarmagy propaganda etmekde aýyplaýarlar. Şeýle günäniň bildirilmegine iki ýyl mundan öň Winýawskiniň maşynyndan tapylan haýsydyr bir listowka delil bolup hyzmat edýär. Şol listowkada goňşy Gyrgyzystandaky wakalar barasynda gürrüň berilýär, suratlaryň birinde Nursultan Nazarbaýewiň portretini göterip barýan adamlar şekillendirilipdir. Şol listowka gatnaşygyny Winýawskiniň özi inkär edýär.

“Betbagtçylyga düşen žurnalistler” fondunyň başlygy Ramazan Esergepow girew goýmak ýa öý tussaglygy bilen Winýawskiý üçin kesgitlenen çäräni çalşyrmaga fonduň synanyşjakdygyny aýdyp, žurnalisti Žanaözene alyp gitmekleriniň, şol ýerde ýapyk sud prosesi geçirmekleriniň mümkindigi baradaky çaklamany öňe sürdi.

Tussag astynda oturan žurnalist Igor Winýawskiniň aýaly Laniýa metbugat konferensiýada çykyş edip, 27-nji ýanwara çenli adamysy bilen duşuşygy häkimiýetleriň gadagan edendiklerini, Rahat Alyýewiň internet saýtynda Winýawskini türmede gynaýarlar diýen informasiýa peýda bolandan soň, sülçüleriň adamysy bilen duşuşyk teklip edendiklerini aýtdy.

—Hepdäniň anna güni duşuşmaga rugsat etdiler. Duşenbeden bäri başa barman gelýärdi. Men köp gezek bardym, emma duşuşyk bolmaz diýdiler. Gynalýandygy baradaky informasiýa peýda boldam weli, şol gün agşam duşurdylar. Ýyly geýim getirip berdim. Özüniň gynalmandygyny aýtdy.

Tussag edilen žurnalisti we oppozisiýa liderlerini goramak üçin oppozisiýanyň we ençeme jemgyýetçilik işgärleriniň komitet döredendigi metbugat konferensiýasynyň gidişinde belli boldy. Lana Winýawskaýa tussagda oturan adamysynyň goragy üçin edilýän işlere minnetdarlyk bildirdi.

—Men şu kyn günlerde adamymy goldaýanlaryň ählisine minnetdar. Men sülçiniň häzirki jezany öý tussaglygyna çalşyrjagyna umyt baglaýaryn. Biziň hemmämiz şony haýyş etsek, jemgyýetçilik pikirine gulak asmaly bolar.

“Wzglýad” oppozision gazetiň baş redaktory Igor Winýawskiý 23-nji ýanwarda saklanypdy. Almatynyň sudy ony iki aý tussaglyga höküm edipdi.