Daşky gurşaw meselesi il bilen çözülmeli

Farid Tuhbatullin: "Ekologiýa bilen baglanyşykly problema örän uly, ýöne iň uly problema häkimiýetleriň ýene, häzir hem täze problemalary döretmegi bilen bagly".

Türkmenistan, Özbegistan, Gazagystan we Yrak ýaly ýurtlar adam hukuklarynyň, söz, metbugat we dini azatlyklaryň berjaý edilmegi meselesinde uzak wagtyň dowamynda halkara gurmalarynyň hasabatlarynda soňky orunlary eýeläp gelýar. Emma indi bu ýurtlar “Daşky gurşawy goramak boýunça görkezijide” hem ekologiýasy iň ýaramaz ýurtlar diýlip yglan edildi.

ABŞ-nyň Ýel hem Kolumbiýa uniwersitetleriniň Dünýa ykdysady forumy bilen bilelikde taýýarlan bu hasabatynda Türkmenistan ekologiýany gowulandyrmak ugrunda edilýän işlere baha berlen132 ýurduň arasaynda 131-nji orny eýeledi. Türkmenistana berlen şu baha bilen baglanyşykly Azatlyk Radiosy adam hukuklaryny goraýjy “Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň başlygy Farid Tuhbatullin bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Resmi Aşgabat tebigaty goramak meselesinde tankyt edilýär. Siz ozalky ýerli ekolog hökmünde aýtsaňyz, Türkmenistanyň daşky gurşaw bilen bagly problemalary esasan nämede?

Farid Tuhbatullin: Elbetde, Nyýazow tarapyndan gurlan we häzir Berdimuhamedow tarapyndan ulanylýan dolandyryş sistemasy ministrliklere, şol sanda, Tebigaty goraýyş ministrligine-de özbaşdak işlemäge kömek etmeýär.

“Altyn asyr kölüne” suw eltjek kanallardan biriniň gurlyşygy. Garagum çöli, iýul, 2010.

Bu ministrlik daşky gurşawa zyýan ýetirmek ähtmallygy bolan proýektlere baha bermek üçin özbaşdak aýry-aýry hünärmenlere ýüz tutup bilmeýär, haýsydyr bir raýat jemgyýetiniň aktiwist ekologlarynyň pikirini sorabam bilmeýär. Hemme iş ýokardan berlen buýruk esasynda edilýär we daşky gurşawa ýetip biljek zyýan hiç hili nazara alynmaýar.

Bu ýagdaý ýetirilen zyýana degişli baha bermäge, özüňde ýeterlik spesialist bolmasa, daşary ýurtlardan bilermenleri çagyrmaga we proýekt çekmäge we ony amala aşyrmaga ýol bermeýär.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, Türkmenistanyň ekologiki problemalary näderejede çynlakaý bolup durýar?

Farid Tuhbatullin: Problema örän uly, ýöne iň uly problema häkimiýetleriň ýene, häzir hem täze problemalary döretmegi bilen bagly. Aral ekologiýa krizisiniň zonasynda nämeleriň bolup geçýäninden köp adam habarlydyr. Türkmenistan SSSR darganyndan soň, Aral krizisiniň netijelerinden ilaty goramak, ýagdaýy düzetmek bilen bagly programmalary gaýtadan dikeltmek ugrunda hereket etmedi.

Munuň üstesine, Türkmenistan özüniň “Altyn asyr köli” proýekti bilen hem ýurt

Aral kölüniň gurap, çöle öwrulen regionlaryndan biriniň häzirki görnüşi.

içinde, hem goňşy ýurtlarda ýagdaýy has ýaramazlaşdyrýar. Örän uly we gymmat bahaly gurluşyklara aşa ýykgyn etmeklik we adamlaryň öwrenişen tebigy şertlerini bozmaklyk geljekde türkmen raýatlarynyň öňündäki bir gorpa öwrüler.

Azatlyk Radiosy: Siz çözgüdi nämede görýärsiňiz, çykalga nirede bolup biler?

Farid Tuhbatullin: Elbetde, islendik proýekt öz ekspertleriň we daşary ýurt ekspertleriniň gatnaşmagynda örän anyk ýagdaýda ara alnyp maslahatlaşylmaly. Mysal üçin, eger şol gürrüňi edilen “Altyn asyr kölüne” suw eltjek kanallar barada aýtsak, olar Garagum çölüniň içinden, töwereginde bir topar adam ýaşaýan gadymy guýularyň ýakynyndan geçýär. Şor suwlaryň aralaşmagy bilen bolsa, şol guýularyň linzalaryna zyýan ýeter. Şeýle-de, ol suwlar çägä siňip, ozal şor bolmadyk ýerlere hem zyýan ýetirer.

Munuň özi hökümetiň jemgyýetçilik pikirini diňlemezliginiň we daşky gurşawa gödek gatyşmasynyň soňky bir mysaly bolup durýar. Bu ýerde çykalga, ozalam birnäçe gezek aýdyşym ýaly, hemme meseläni bir adamyň çözmeginiň togtadylmagyndadyr. Bir adam ideýa berip biler, ýöne şol ideýanyň näderejede peýdaly ýa zyýanly boljagyny jemgyýet kesgitlemeli.