Pakistanda öldürilen söweşijiler Türkmenistandanmy?

Smiti Espednait: “Merkezi Aziýa döwletlerinden bolan söweşijiler ‘Jihad’ urşuny alyp barmak düşünjesinden ugur alyp, bu ýere gelýärler".

Pakistanyň Demirgazyk Weziristan tire-taýpaly regionynda şu hepde Birleşen Ştatlaryň pilotsyz uçarlarynyň amala aşyran raketa hüjüminde ençeme söweşijiniň, şol sanda dört sany türkmenistanlynyň hem öldürilendigi habar berildi. Bu barada “BBC”, “Amerikanyň sesi” we “Al-Jazeera” ýaly ençeme habar serişdelerinde maglumatlar peýda boldy. Ýöne bu habardaky maglumatlar häzire çenli türkmen hökümeti tarapyndan ne tassyklanyldy, ne-de inkär edildi.

“Geň bir zat däl…”

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda Türkmenistan iň bir dünýewi döwletleriň biri hökmünde tanalýar. Türkmenistanly söweşijiler diýilýän şol adamalaryň öldürilmegi bilen bagly waka barada düýbi Nýu-Delide ýerleşýän Goranmak meseleleri

Talybanlara garşy durýan ýerli owgan topary Tora Bora daglarynda koalision güýçleriň geçirýän hüjümlerine syn edýär.

baradaky barlaglar merkeziniň eksperti Smiti Espednait şeýle diýdi: “Dogrymy aýtsam, bu baradaky habar meni kän bir geň galdyrmady. Bärde hiç hili täze zat ýok. Merkezi Aziýanyň ençeme döwletlerinden, şol sanda Türkmenistandan hem söweşijiler gelip, Pakistanyň tire-taýpa regionlarynda aktiw iş alyp barýarlar. Olardan köpüsi bolsa eýýäm 20 ýyldan hem gowrak wagt bäri Pakistanda hereket edýär. Şonuň üçin, bu meniň üçin onçakly bir täzelik däl”.

Smiti Espednaityň aýtmagyna görä, Pakistanyň tire-taýpa regionlarynda, esasan, “Gündogar Türkistan”, “Hizb-ut-Tahrir” we “Özbegistanyň Yslam hereketi” ýaly toparlara degişli söweşijiler hereket edýär. “Merkezi Aziýanyň nomer birinji terroristi” diýlip atlandyrylýan “Özbegistanyň Yslam hereketiniň” öňki lideri Tahir Ýuldaşow hem Pakistanda amala aşyrylan harby operasiýanyň netijesinde öldürilipdi.

Tahir Ýuldaşow Merkezi Aziýa ýurtlaryndandyr diýlip çak edilýän we Pakistanda öldürilen onlarça söweşijilerden diňe biri. Şol söweşijileriň arasynda Türkmenistandan hem adamlaryň bardygy aýdylýar. Emma bu maglumatlary resmi taýdan anyklamak başartmady.

Näme sebäp bolýar?

Eýsem, bu raýatlaryň Merkezi Aziýa döwletlerinden Pakistana baryp, terror toparlarynyň hatarynda söweş alyp barmaklaryna näme sebäp bolýarka?

Nýu-Delidäki Goranmak meseleleri boýunça barlaglar merkeziniň eksperti Smiti Espednait muny şeýle düşündirýär: “Merkezi Aziýa döwletlerinden bolan söweşijiler

“Özbegistanyň Yslam hereketiniň” öňki lideri Tahir Ýuldaşow hem Pakistanda amala aşyrylan harby operasiýada öldürilipdi. Awgust, 2010.

‘Jihad’ urşuny alyp barmak düşünjesinden ugur alyp, bu ýere gelýärler. Olar soňundan terroristik yslamçy toparlar, hususan-da “Al-Kaýda” bilen ilteşip gidýärler. Ýöne Merkezi Aziýadan geldi diýilýänleriň köpüsi öň Owganystanda talybanlaryň döwründe şol ýerde uzak wagtlap hereket edip, soňra halkara koalisiýasynyň başlan urşundan soň, Pakistana gaçyp baranlardyr”.

Habar serişdelerinde berilýän maglumatlarda-da Pakistandaky söweşijileriň arasynda Merkezi Aziýadaky ýurtlardan, şol sanda Türkmenistandan baran adamlaryň bardygy aýdylýar. Emma Türkmenistandandygy aýdylýan adamlar we olardan dördüsiniň ýakynda öldürilendigi barada peýda bolan habarlar babatda henize çenli Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan hiç hili resmi reaksiýa bolmady.

Amerikanyň pilotsyz dolandyrylýan harby uçarlary aglaba Pakistanyň Demirgazyk Weziristandaky we Gündogar Weziristandaky operasiýalarynda ulanylýar. Çaklamlara görä, ol ýerlerde “Al-Kaýda” we Talyban toparlarynyň köpsanly söweşijileri mesgen tutupdyrlar.