Özbegistanly oppozisiýa lideri Muhammed Salyhyň inisi Muhammed Bekjan türmede ýene suda çekildi. 18-nji ýanwardaky sud diňlenişiginde prokuror Muhammed Bekjanyň öňki türme möhletiniň üstüne ýene 4 ýyl 8 aý türme jezasynyň goşulmagyny sorady.
Ýakynda Özbegistanda oppozision “Erk” demokratik partiýasynyň başlygy Muhammed Salyhyň inisi Muhammed Bekjanyň azatlyga çykaryljakdygy barada gürrüňler ýaýrapdy. Şol maglumatlardan soň hem oňa garşy täze sud prosesiniň bolup geçendigi belli boldy.
Nämede aýyplanýar?
“Erk” partiýasynyň baş sekretary Atanazar Oripowyň Muhammed Bekjanyň aklawçysyna salgylanyp aýtmagyna görä, sud prosesi 18-nji ýanwarda geçirilipdir. Sud prosesinde döwlet garalawçysy türmäniň içki tertibini bozanlykda günälenýän Muhammed Bekjany ýene 4 ýyl 8 aý möhlet bilen azatlykdan mahrum etmegi sorapdyr.
Atanazar Oripow bu hakda şeýle gürrüň berdi: “Biz aklawçy ugradypdyk. Ol Muhammed Bekjanyň jenaýat işi bilen tanyşdy. Oňa garşy üç sany tussag görkezme
beripdir. Olar Muhammed Bekjany özlerine paýyş sözler bilen sögüp, uranlykda günäleýärler. Aklawçy bu aýyplamalaryň toslama aýyplamalardygyny subut etmäge çalyşdy. Häzirlikçe suduň resmi höküminiň nusgasyny bize bermediler. Oňa näçe möhlet kesendikleri-de belli däl”
Atanazar Oripow Muhammed Bekjanyň aňly-düşünjeli, intelligent adamdygyny aýdýar. Atanazar Oripow: “Ol birine ýaman söz diýjek adam däl. Şu geljek fewral aýynda onuň tussaglyk möhleti tamamlanyp,ol azatlyga çykmalydy. Meniň pikirimçe, onuň tussaglyk möhletini uzaltmaga ýokardan buýruk bolan bolmaly. Adatça, beýle buýrugy prezident apparaty berip biler. Syýasy we dini tussaglaryň köpüsiniň türmeden azatlyga çykmak wagty ýakynlaşanda, hut şeýle protokollar ýazylýar, ýagny türmäniň tertip-düznünini bozdy diýýärler. Bularyň hemmesi meniňem başymdan geçdi. Ony özüm hem gördüm. Muhammed Bekjanyň hiç hili günäsi ýok. Ol Muhammed Salyhyň garşysyna alnyp barylýan işde zamun hökmunde saklanýar” diýip, ýagdaýa baha berdi.
Günäniň üstüne günä…
57 ýaşyndaky Muhammed Bekjan 12 ýyldan bäri tussaglykda saklanýar. 1999-njy ýylyň fewralynda Daşkentde bolan partlamalardan soň köp wagt geçmänkä, ol Ukrainada ele salnyp, Özbegistana tabşyrylypdy. Özbegistanyň sudy ony “Daşkentdäki partlamalara dahyly bar” diýen aýyplama bilen 15 ýyl türme tussaglygyna höküm edipdi. 2003-nji ýylda Muhammed Bekjanyň jeza möhleti 3 ýyl 8 aý azaldyldy.
Özbegistanyň tejribesine görä, türme tussaglygyna höküm edilen syýasy tussaglaryň jeza möhletleri dürli bahanalar bilen uzaldylýar. Emma Muhammed Salyhyň beýleki bir inisi Raşid Bekjan geçen ýylyň mart aýynda türmäniň içki tertip-düzgünini bozmakda günälenip, Nowaýy şäherindäki türmä geçirileninden kän wagt geçmän garaşylmadyk ýagdaýda azatlyga çykarylypdy.
52 ýaşyndaky Raşid Bekjanyň 12 ýyllyk türme tussaglygyndan soň azatlyga çykarylmagy günbatar ýurtlary bilen özara gatnaşyklaryny gaýtadan dikeltmäge çalyşýan Özbegistanyň hökümetine edilen halkara basyşlarynyň netijesi hökmünde kabul edilipdi.
Maglumata görä, Muhammed Bekjan birnäçe wagt Garagalpagystandaky “Žaslyk” türmesinde saklananda, inçekeseliň agyr hiline ýolugypdyr.
2005-nji ýylda-da Muhammed Bekjanyň azatlyga çykaryljakdygy barada gürrüň ýaýrapdy. Bu maglumaty onuň saklanýan Kaşgaderýadaky türmesiniň başlygy-da tassyklady. Emma, aradan köp wagt geçmän, gürrüňi edilýän kararyň üýtgändigi belli bolupdy.