Türkmenistanyň prezidentigine dalaşgärleriň programmalarynyň çap edilmegi dowam edýär. Ýakynda dalaşgärleriň ýene üçüsiniň saýlaw programmalary köpçülige ýetirildi.
Prezindetlige dalaşgärler Annageldi Ýazmyradowyň, Esendurdy Gaýybowyň we Saparmyrat Batyrowyň türkmen metbugatynda çap bolan we prezidentlige kandidatlar hökmünde öňe sürýän programmalarynyň esasy böleginde “Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri” barada gürrüň gidýär.
Annageldi Ýazmyradow
Dalaşgär, suw-hojalyk ministri Annageldi Ýazmyradow 13-nji ýanwarda çap eden saýlaw programmasynda söňky ýyllarda Türkmenistanyň öz ösüşinde “okgunly böküş” edenligini belleýär.
Geljekki 5 ýylyň dowamynda ýurdy dolandyrmak üçin döwlet baştutany wezipesine dalaş edýän Ýazmyradow 12-nji fewralda boljak prezidentlik saýlawlarynyň geçirilmeginiň özüniň milli demokratiýanyň we adam hukuklarynyň pugta berjaý edilýänliginiň alamatydygyny nygtaýar.
Türkmenistanyň suw-hojalyk ministri Annageldi Ýazmyradow metbugatda çap eden öz saýlaw programmasyny tutuşlygyna döwletiň yglan edýän üstünliklerine bagyşlapdyr.
Esendurdy Gaýypow
Prezidentlik wezipesine dalaşgär, “Lebapgurluşyk” önümçilik bileleşiginiň başlygy Esendurdy Gaýypow hem öz programmasyny Türkmenistanyň döwlet dolandyryşynyň üstünliklidigini nygtamak bilen başlaýar.
E.Gaýypow “ýurduň gazanan üstünliklerini” reformalaryň geçirilýänligi, köp sanly döwlet programmalarynyň, şol sanda “Türkmenistanyň 2011-2030-njy ýyllar boýunça sosial-ykdysady ösüş” programmasynyň kabul edilmegi bilen delillendirýär.
12-nji fewralda boljak prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanan ýagdaýynda, Esendurdy Gaýypow bilim we saglygy saklaýyş ugurlaryna, şeýle-de halkyň oba ýerlerdäki durmuş derejesini ýokarlandyrmak meselesine ünsi gönükdirmekçidigini aýdýar.
Saýlaw programmasyna görä, Gaýypow, hususan-da, oba ýerlerinde suw arassalaýjy desgalaryň gurluşygyny we ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegini gazanmakçy. Dalaşgär Esendurdy Gaýypowyň 15-nji ýanwarda metbugatda çap bolan programmasynda ilatyň jaý üpjünçiligi üçin kreditleriň möçberini köpeltmek we sosial maksatly binalary gurmak ýaly çäreler hem göz öňünde tutulýar.
Saparmyrat Batyrow
16-njy ýanwarda prezidentlige dalaşgär, Gökdepäniň pagta egirýän fabriginiň müdiri Saparmyrat Batyrow hem öz saýlaw programmasyny çap etdi. Batyrow 2012-nji ýylyň prezidentlik saýlawlaryny ýurduň syýasy durmuşyndaky ägirt uly ähmiýete eýe bolan waka diýip atlandyrýar. Batyrow bu syýasy aksiýanyň halkara kadalaryna laýyk geçiriljegini belleýär we saýlawlaryň “Türkmenistanyň milli demokratiýasynyň üstünliklerini bütin dünýä aýan etjegine” ynam bildirýär.
Saparmyrat Batyrow öz programmasynda Türkmenistanda sosial-ykdysady, energiýa, daşary syýasat we beýleki ugurlar boýunça döwletiň alyp barýan işlerini sanap geçýär we bu işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljegini aýdýar.
Şol bir wagtda-da, ol käbir takyk ädimleri hem wada berýär. Hususan-da, ol dokma-senagat pudagynda ösen halkara tejribelerini giňden ulanmak, şeýle-de ýaşlar barada aladalary güýçlendirmek bounça teklipleri öňe sürýär.
Batyrowyň sözlerine görä, Türkmenistanda bilimli, ruhy taýdan baý we fiziki taýdan sagdyn ýaşlaryň terbiýelenmegine gönükdirilen kanunlaryň üstünde işlener we olaryň netijeli ýerine ýetirlmegi ugrunda iş alnyp barlar.
Saparmyrat Batyrow saýlaw kampaniýasynyň açyk-aýdyňlyk esasynda geçirilýänligini we ähli dalaşgärlere deň hukuklaryň berilýänligini-de öz saýlaw programmasynda nygtapdyr.
Saýlawlara nähili syn ediler?
2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda boljak prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşmak üçin Türkmenistanda jemi 8 sany dalaşgär hasaba alyndy.
Türkmenistanyň häkimiýetleriniň sözlerine görä, bu saýlawlara Türkmenistanyň milli synçylary we GDA guramasynyň resmi topary gözegçilik eder.
Halkara tejribelerine görä, dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän saýlawlara giňden syn edip gelýän Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Türkmenstandaky saýlawlara gözegçilik etmejegi habar berilýär.