Çeh hökümeti dini kompensasiýa kanunyny tassyk edýär

Çeh hökümeti öňki kommunist režim döwründe tutulyp alnan emläk üçin milliardlap dollar kompensasiýa tölemäge razy boldy.

Kommunizm ýykylandan 22 ýyl gowrak wagt soň gelnen ylalaşyga görä, ýurduň 17 ybadathanasy özleriniň häzir hökümetiň elinde bolan emläginiň 56 prosentini yzyna alar.Hasaplamalara görä, bu 3,7 milliard dollar bolýar.

Şeýle-de olar gelýän 30 ýylyň dowamynda 2,9 milliard dollar çemesinde maliýe kompensasiýasyny alarlar. Bu karar entek parlamentde hem tassyk edilmeli.