Gazagystanyň esasy oppozision partiýalary gazak hökümetini parlament saýlawlarynyň öňüsyrasynda öz garşylaryna töhmetli maglumatlary ýaýratmakda aýypladylar.
“Umumymilli Sosial-Demokratik” we “Azat” partiýalarynyň egindeş başlyklary Žarmakhan Tuýakbaý we Amiržan Kosanow bu barada Almaatyda geçirilen metbugat konferensiýasynda eden çykyşlarynda aýtdylar.
Olar ýakynda gazak metbugatynda bu partiýalaryň wekilleriniň ýurduň beýleki syýasy partiýalarynyň, şol sanda hökümetiň tarapyndaky “Ak-Žol” partiýasynyň hataryna geçendikleri baradaky peýda bolan habarlar dogrusynda gürrüň etdiler.
Tuýakbaý bular ýaly wakalaryň 2008-nji ýylda bolandygyny, häzir beýle ýagdaýlaryň ýokdugyny aýtdy. Ol öz sözüniň dowamynda: ”Ýeri gelende bellemeli bolsa, bir partiýa girmek ýa-da ondan çykmak – adaty zat” diýdi.
Tuýakbaý öz partiýasynyň parlamentde ýerleri almak üçin aktiw işleýändigini, partiýanyň dargamagy ýaly howpuň ýokdugyny nygtady.
Amiržan Kosanow bolsa resmi hökümetiň töhmet atmalaryny öz alyp barýan işlerindäki kemçilikleri, şol sanda bar bolan ykdysady meseleleri ýaşyrmak üçin edýändigini aýtdy.
“Umumymilli Sosial-Demokratik” we “Azat” partiýalary 2009-njy ýylda birleşip, umumy bir partiýany döredipdi. Ýöne bu syýasy birleşme häzire çenli resmi taýdan hasaba alynmady. 15-nji ýanwarda geçiriljek parlament saýlawlarynda iki partiýadan hem hödürlenen kandidatlar “Umumymilli Sosial-Demokratik partiýanyň” adyndan dalaş ederler.
Geljek ýekşenbe güni ýurduň Mejlisine geçiriljek saýlawlara gatnaşmak üçin, jemi sekiz partiýa hasaba alyndy.
2007-nji ýylda geçirilen parlament saýlawlarynda prezident Nursoltan Nazarbaýewiň “Nur-Otan” partiýasy 107 orunlyk Mejlisde ýerleriň ählisini eýeläp, parlamente kontrollygy eýeläpdi.
Geçen ýylyň noýabrynda Nazarbaýew parlamenti dargadyp, saýlawlary möhletdinden öň geçirmek barada karar kabul etdi.