Köçelere ýygnanýan suwlara akara ýer ýok

Aşgabatda ýol gurluşygy alnyp barlanda, köçelere ýygnanýan suwlar lagym turbalary bilen akyp gider ýaly ýagdaý döredilmändir.

Paýtagtda Aşgabatda alnyp barylýan gurluşyklaryň çäginde soňky ýyllar ýol gurluşygyna uly üns berilýär. Şäheriň köp köçeleri rekonstruksiýa edilip, alty zolakly giňeldilen awtoýollara öwrüldi.

Çatryklarda sowa ýollar, ýerasty geçelgeler peýda boldy. Şäheriň günorta böleginde Arçabil şaýoly, Çandybil şaýoly diýlip atlandyrylýan dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze ýollar guruldy.

Çandybil şaýolunyň häzirki wagtda Aşgabadyň daşyndan aýlanyp geçýän halkalaýyn ýoluň bir bölegi, ýoluň galan böleginiň gurluşygy hem güýçli depginde alnyp barylýar, Änew şäherçesini birikdirýän böleginiň hem ýakyn wagtda ulanylmaga beriljekdigi aýdylýar.

Ini 80 metre golaý ugurdaş, eltiji we beýleki ýollar bilen birikdirilýän täze ýollaryň gurluşygy alnyp barlanda, ulag hereketini dolandyrmagyň iň kämil enjamlary we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary peýdalanmak arkaly döwrebap yşyklandyryş maglumat tablolary bilen üpjün edilýär.

Inženerlik kemçiligimi?

Ýöne ol täze gurulýan ýollaryň diňe bir şäheriň daşynda däl, eýse içinde-de sanynyň artýandygyna garamazdan, görer göze birkemsiz görünýän giň hem tämiz ýollarda sürüjiler üçinem, pyýadalar üçinem ýagynly günlerde dürli kynçylyklar ýüze çykýar.

Soňky günler howa ýagynly bolansoň, köçelerden akýan suwlar kiçeňräk ýaplary ýada salýar. Ýollaryň köp böleklerinde ýol gurluşygy alnyp barlanda ýoluň ýapgyt ýerlerinden akjak suwlaryň haýsy ugra ugrukdyrylmalydygy göz öňünde tutulmandyr. Köçelere ýygnanýan suwlar lagym turbalary bilen akyp gider ýaly ýagdaý hem döredilmändir.

Aşgabadyň köçeleri ýagynly günlerde

Suratlar Aşgabat şäherinde 4-5-nji ýanwarda düşürildi.

Ýollaryň pesräk ýerlerinde, çatryklarda ýygnanýan suwlar maşynlaryň hem pyýadalaryň hem hereketine päsgel berýär. Maşynlar haýalrak ýöräp, ýollaryny dowam edip bilýärler. Emma pyýadalar çatryklarda töwereklerini garap, kyn günde galýarlar.

Çagaly zenanlaryň, garrylaryň suwuň içinde saklanýan awtoulaglardan düşüp bilmän, öz düşmeli duralgalaryndan geçip gitmeli bolýandyklaryny aýdýanlar hem bar. Şeýle amatsyz duralgalaryň biri hökmünde Atamyrat şaýolunyň ugrunda – Garaşsyzlyk şaýoly bilen Türkmenbaşy şaýolunyň aralygynda ýerleşýän “Halkbankyň” täze binasynyň öňündäki iň soňky gurlan täze duralga görkezilýär.

Duralgalar

Ýolgyralarda salkynlaşdyryş we ýyladyş enjamlary bilen üpjün edilen duralgalar hem gurulýar. Aşgabatly işçi Kerim Täze gurlan şaýollardaky kämil duralgalaryň ilata hezil berýändigini, emma şäheriň köp ýerlerinde ýagdaýyň gözgynydygyny aýdyp, ol şeýle diýdi:

—Şäheriň köp köçeleriniň ugrundaky awtoduralgalarda üç-dört adama niýetlenen demir oturgyçlarda hem ne tomus, yssyda oturyp bolýar, ne-de gyş, sowukda oturyp bolýar. Elleri çagaly eneler, garrylar awtoulaglara garaşyp, aýak üstünde durmaly bolýarlar. Demir oturgyçlar bolsa elleri agyrrak sumkaly ýolagçylara sumkalaryny goýmagakdan başga zada ýaranok.

Soňky ýyllarda şäheriň içindäki köp duralgalarda demir oturgyçlaryň goýylmagy çagalaryň agaç oturgyçlary döwüp, zaýalaýanlygy sebäpli diýilýär. Kerim bu ýagdaý hakda şeýle diýýär:

—Çagalaryň mekdepden gelýän ýa mekdebe barýan wagtlary demir oturgyçlara aýagynyň palçygyny çalyp, duralganyň demir sütünlerinden aslyşyp, sütünleri hapalap duranlary näçe diýseň göze ilýär. Şeýle ýagdaýda gözegçiligi güýçlendirip, beýle etmegiň gelşiksizdigini çagalara düşündirmek gerek. Emma çagalaryň bu hereketlerine ne olaryň ýanyndaky ene-atalary, ne-de geçip barýan ýolagçylar “edýäniň näme” diýýärler. Degişli adamlar bolsa, şäheri owadanlamak üçin duralgalarda demir oturgyçlary goýup, meseläni çözdüm edýärler.