Wena Täze ýyly nähili garşylaýar?

Wenadaky Musikweraýna

Täze 2012-nji ýyly dünýä jemgyýetçiligi şatlyk-şagalaň hem aýdym-saz bilen garşy aldy. Bu her ýyl şeýle edilýär. Sebäbi Täze ýyl iň gowy umyt-arzuwlaryň başlangyjy. Dünýäde, megerem, Täze ýyly şagalaňsyz, aýdym-sazsyz garşy almaýan ýurt az bolsa gerek.

Täze ýyly aýdym-saz bilen bezemek her ýurduň kuwwatyna hem milletiniň sanyna bagly. ABŞ, Angliýa, Fransiýa ýaly döwletlerde şowhun-şagalaň hem aýdym-saz aşa bezemen, hatda haýran galdyryjy ýagdaýda bolup geçär. Orsýet ýaly köp milletli hem dürli dini ynançly ýurtlarda bolsa Täze ýyl baýramçylygy birnäçe günläp dowam edýär. Ýöne, elbetde, iň esasy baýramçylyk 31-nji dekabrda hem 1-nji ýanwarda bolup geçýär.

Iň dabaraly Täze ýyl baýramçylyk dabarasy Awstriýanyň paýtagty Wenada bolup geçýär.



Iň esasy, iň dabaraly Täze ýyl baýramçylyk dabarasy bolsa Awstriýanyň paýtagty Wenada bolup geçýär. Wena Täze ýyl dabaralaryny kiçi Ştrausyň “Mawy Dunaýy” bilen garşylaýar. Ol dabarany uly Ştrausyň döreden “Radetskiniň marşy” bilenem tamamlaýar. Wenada Täze ýyly ýeňil hem şatlykly sazlar bilen garşy almak 70 ýyl bäri däp bolup gelýär.

Aslynda Wena saz sungatynyň paýtagty hasap edilýär. Bu ýerde dünýä belli kompozitorlar ýaşadylar hem döretdiler. Wenanyň saz toparlarynda iň ussat sazandalar hem aýdymçylar çykyş etdiler. Şol däp häzirki günde-de dowam edýär.

Şol beýik eserlerden käbiri türkmen tomaşaçylarynyňam ýadyndadyr. 70-nji ýyllarda Türkmen döwlet Opera we balet teatrynyň sahnasynda kiçi Ştrausyň “Sygan barony” operettasy oýnalýardy. Geçen ýylyň güýzünde bolsa Aşgabadyň mukamlar köşgüniň alynda, açyk asmanyň aşagynda Wena walsy görkezildi.

Wena filarmoniýasynyň orkestriniň Täze ýyl çykyşy dünýäde iň bezemen, iň gymmatbaha hem iň täsin galdyryjy konsertleriň biri saýylýar. Ol Wena Sazçylyk jemgyýetiniň Uly zalynda ýa-da halk arasynda aýdylyşy ýaly, Altyn zalda geçýär.

Konsert adatça Ýewrowideniýe telekanaly arkaly şol wagtyň özünde alnyp görkezilýär. Maglumata görä, soňky gezek oňa dünýäniň 72 döwletinde 50 million adam tomaşa edipdir.

Biz Wena filarmoniýasynyň orkestriniň Täze ýyl konsertine gatnaşanlaryň biri, Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň baýry žurnalisti, Wenanyň sungat älemine belet Mariýa Klaýn bilen söhbetdeş bolduk.

—Maşa, ilkinji soragym, Wean filarmoniýasynyň orkestriniň Täze ýyl konserti adatça näme bilen tapawutlanýar?

M. Klaýn: Wenanyň Täze ýyl konserti, owaly bilen bu öňden gelýän däp. Bu Awstriýanyň iň meşhur, iň bir ajaýyp hem kaşaň konsert däpleriniň biri. Onuň birnäçe aýratynlyklary bar. Şol aýratynlyklar hem ony has meşhur edýär. Owaly bilen Täze ýyl konsertinde esasan Awstriýanyň Wena klassyklary diýilýän kompozitorlaryň eserleri alynýar. Olardanam ýeňil klassyka saýlanýar. Sebäbi ony diňlemek aşa ýakymly, ol düşnükli, hemmelere mälim, olar gözel hem owadan. Olar köp derejede tans, aýratyn-da wals sazlary. Beýleki bir tarapdan, Wena filarmoniýasynyň orkestriniň özi tomaşaçynyň uly hormatyna eýe. Sebäbi Wena filarmoniýasynyň orkestri dünýädäki iň meşhur saz toparlarynyň biri hasaplanýar. Bu bolsa ummasyz köp tomaşaçyny özüne çekýär. Munuň üstesine Täze ýyl konsertine iň meşhur dirižýor ýolbaşçylyk edýär. Wena, Musikweraýna dirižýor hökmünde çagyrylmagyň özi uly hormat.

—Maşa, biz Musikweraýna, ýagny Uly zala geldik. Onuň aýratynlygy nämede?

M. Klaýn: Bu aýdylyşy ýaly Altyn zal. Ol Wenanyň saz jemgyýetçiliginiň binasy. Altyn zal örän kaşaň. Bezemen hem baý. Konsertden öňinçä, zalyň içi mydama ter güller bilen bezelýär. Ol bina Wenanyň merkezinde ýerleşýär. Ol ýörite konsertler geçirmek üçin gurlan. Altyn zal diňe bir owadanlygy ýa kaşaňlygy bilenem tapawutlanmaýar. Ol akustikanyň – sesiň ýaýraýşynyň gudraty saýylýar. Ol dünýädäki sesi iň gowy ýaýradyjy 5 zalyň biridir. Ýene bir aýratynlyk şol bäş zal hem fizikada akustika baradaky kanunlar açylmanka gurlupdyr. Onuň syrlary hazire çenli-de düýpli öwrenilmedi. Şonuň üçin bu zala ýörite bilermenler gelip, sesiň nähili arassa hem janly ýaýraýşyna syn edýärler. Zalyň üçegi hem petigi, aşakdaky düşegi aýratyn kämillikde gurlan. Munuň özi bolsa diňleýjileriň şatlygyny artdyrýar, sebäbi sesiň ýaýraýşy düýpden ýütgeşik.

—Ol zalyň güller bilen bezelýändigini aýtdyňyz.

M. Klaýn: Hawa. Ter güller bilen Musikweraýny bezemek hem däp. Öňden däp bolşy ýaly, gülleriň köp bölegi daşardan getirilýär. Olar gije getirilýär. Täze ýyl konserti irden 11:30-da başlanýar. Şondan öňinçä ýörite dizaýnerler zaly üýtgeşik owadan güller bilen bezeýärler. Her ýylyň Täze ýyl konsertinde gülleriň bezegi aýratyn bolýar. Her ýyl başga güller goýulýar. Olar üýtgeşik owadan hem görnükli.

—Maşa, ýene konsertler meselesine geçsek.

M. Klaýn: Munuň özi bir Awstriýanyň sazly sowgady. Bu dünýäniň halklaryna Täze ýyl arzuwy. Ol saz ynsana ynamlylyk, ruhubelentlik berýär. Ol dostlugy hem parahatçylygy döredýär. Bularyň bary şol konserti meşhur edýär.

—Indi şol konsertlerde çalynýan eserler barada. Göwnüme bolmasa, awstriýalylar Ştrausy Mosartdan belentde goýýan ýaly. Ştrausyň altyndan heýkeli bar.

M. Klayn: Bilýäňizmi, ol beýle däl. Hakykat ýüzünde Mosart Wenanyň her bir jaýynda ýaşaýar. Eger Wenada gezelenç etseňiz, her ädimde onuň yzlaryny görersiňiz. “Mosart şu ýerde ýaşady”, “Mosart şu ýerde çykyş etdi”, “Mosart şu ýerde naharlandy” ýaly ummasyz köp ýazgylary görersiňiz. Şonuň üçinem ol siziň pikir edişiňiz ýaly däl diýesim gelýär. Ştrausyň altyn heýkeli barada aýdylanda, ol Wenanyň kaşaňlygynyň bir alamatyny görkezýär. Ol bir ýeňillik. Ol seýil bagynda dur. Aýratyn gözeilginç däl. Ol diňe Wenanyň ruhuna häsiýetli.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

“Eine Kleine Nahtmuzik”, Mosart.



Bu Wenada Täze ýyl baýramçylygnda çalynýan esasy sazlaryň biri.

—Soňky soragym, ol Altyn zala aýak basmak kynmy?

M. Klaýn: Bilýäňizmi, Altyn zalyň özüne barmak hiç kyn däl. Sebäbi ol ýerde ummasyz köp konsert berilýär. Eger siz menden Täze ýyl konsertine düşmek kynmy diýip sorasaňyz, başgaçarak aýdardym. Göz öňüne getiriň, Altyn zala – Musikweraýna 1,700 adam ýerleşýär. Ýene-de 300 adama dik durmak üçin ýer bar. 25 ýewro durýan dik durmaly ýerleriň bileti açyk satylýar. Oturylýan ýerleriň bahasy ýüzlerçe ýewrodan durýar. Ony almak üçin ýörite saýta girmeli. Ol ýerde hem 2013-nji ýylyň, ýagny geljek Täze ýylyň konsertini görjekdigiňi aýdyp, özüňi hasaba aldyrmaly. Bu bir ýyl öňünden, hut häzir edilýär. Ýöne munuň özi aşa gymmat bahadan bolan bileti satyn aljagyňy aňlatmaýar. Fewral aýynda hasaba alnan adamlaryň ählisiniň atlary bijä goýulýar. Şonuň üçinem hiç bir adamda gös-göni bilet satyn alaýmaga şert ýok. Bagtyň çüwse, bijede adyň çyksa, onda bilet alyp bilýäň. Olar mart aýynda “siz bilet alyp bilersiňiz” diýen çakylyk iberýärler.