Tanymal lukman Narzy Nurmämmedow aradan çykdy

Göz lukmany Narzy Nurmämmedow (ortada) göz operasiýasy wagtynda, Aşgabat, 1984-nji ýylyň 1-nji iýuly.

Görnükli türkmen alymy, medisina ylymlarynyň doktory, göz lukmany, Sary Karanow adyndaky göz keselleri ylmy-barlag institutynyň öňki direktory Narzy Nurmämmedow 2012-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda 80 ýaşynyň içinde ýürek derdinden aradan çykdy.

Narzy Nurmämmedow 1932-nji ýylda Çärjew raýonynyň Çumakdepe obasynda dünýä inýär. Çärjew (häirki ady Türkmenabat) şäherinde mekdep-internatyny, 1955-nji ýylda Türkmen döwlet medisina institutyny tamamlaýar. Iki ýyl Çärjew oblastynyň şol wagtky Gyzylaýak etrabynda göz lukmany hem raýon saglygy saklaýyş bölüminiň müdiri bolup işleýär, soňra bolsa Aşgabada gelip, göz keselleri ylmy-barlag institutynda işe başlaýar. Ol 1963-nji ýylda “SSSR saglygy saklaýşynyň otliçnigi” diýen nyşan bilen sylaglanýar.

Narzy Nurmämmedow 1971-nji ýylyň martyndan 1988-njy ýylyň fewralyna çenli Türkmen döwlet medisina institutynyň rektory, şol bir wagtda institutyň göz keselleri kafedrasynyň müdiri bolup işleýär, 1971-nji ýylda doktorlyk dissertasiýasyny goraýar. Ol 100 töweregi ylmy işiň we göz kesellerine degişli monografiýalaryň awtorydyr. Şolaryň arasynda “Çagalaryň paratrahomasy” atly “Ylym” neşirýatynda 1984-nji ýylda çap edilen 139 sahypalyk kitap hem bar.

Medisina ylymlarynyň doktory Narzy Nurmämmedow göz kesellerini bejermek boýunça Orsýet Federasiýasynda patent alan ençeme medisina oýlap tapyşlaryň bilelikdäki awtorydyr. Şol açyşlaryň arasynda göze gara suw inme keselini bejermegiň, emeli göreç goýmagyň usullary hem bar. Türkmenistanda pudaklaýyn akademiýalar döredilende, ýurduň Medisina Ylymlar Akademiýasynyň ilkinji prezidenti bolan Narzy Nurmämmedowdyr.

Narzy Nurmämmedow Türkmenistanyň mikrohirurgiýa merkeziniň ýolbaşçysy hökmünde-de köp işleri amala aşyrdy. Onuň ýolbaşçylygynda onlarça şägirdi alymlyk derejesine eýe boldy. 1981-nji ýylda Narzy Nurmämmedowa “Türkmenistanyň ylym we tehnika baradaky” döwlet baýragy berildi.

Intellektual derejedäki lukmandy

Narzy Nurmämmedow Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş ministliginiň hem Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen medeni we dostluk aragatnaşygy jemgyýetiniň agzasydy.

Türkmenistanyň milli medisinasyny, oftolmologiýasyny ösdürmekde Narzy Nurmämmedowyň bitiren hyzmatlary uludyr. Emma 1990-njy ýyllaryň ortalaryndan ol ylmy-guramaçylyk hem lukman hökmünde praktik işlerden çetleşdirilýär. Muňa garamazdan, professor Narzy Nurmämmedow Türkmenistanda hem daşary ýurtlarda giňden tanalýan alymdyr.

Narzy Nurmämmedowyň öňki şägirtleri häzir postsowet giňişligindäki ýurtlaryň hem beýleki döwletleriň göz keselleri merkezlerinde işleýärler. Nurmämmedow ylmy we ýolbaşçylyk işini hemişe lukmançylyk praktikasy hem pedagogik iş bilen utgaşdyrypdy. Onuň tagallasy bilen münlerçe adam ýagty ýalançyny täzeden görmek bagtyna eýe boldy.

Narzy Nurmämmedowyň adamkärçilik sypatlary barasynda ýazyjy Hudaýberdi Hally şeýle diýdi:

—Narzy Nurmämmedowy men adamçylyk gatnaşyklary esasynda tanaýaryn. Ol aşa medenietli, sypaýy hem halk döredijiligini bilýän, adamlar bilen gowy gürleşmegi başarýan intellektual derejedäki adamdy. Onuň medisina hyzmatyna goşan goşandy ägirt uly boldy, ol göz keselleri institutyny gaty ýokary derejä ýetirdi hem şol ýerde ençeme gowy kadrlar ösüp ýetişdi. Ýene bir bellejek zadym, ol hiç bir adamdan tamakinçiligi bolmazdan, öz hyzmatyny teklip edýän lukmandy.

Ýazyjy Ýylgaý Durdyýewiň 1984-nji ýylda “Türkmenistan” neşirýaty tarapyndan çap edilen “Göreç” romanynyň baş gahrymanynyň prototipi Narzy Nurmämmedowdyr.

Narzy Nurmämmedow ýekşenbe güni – 1-nji ýanwarda Aşgabadyň etegindäki Çoganly gonamçylygynda jaýlandy.