“Türkmenhowaýollary” näme üçin internet arkaly bilet satmaýar?

Uçarlarda ýer gytçylygy, adatça, dynç alyş möwsümi döwründe has hem güçlenýär. Bu ýagdaý ýyllar boýy gaýtalanyp gelýär.

Täze ýylyň öňüsyrasynda “Türkmenhowaýollarynyň” 200-den gowrak ýolagçysy, Moskwadan Aşgabada uçjak bolanlarynda, kynçylyga uçrady. Şeýle ýagdaýa açyk möhletli biletli ýogalçylar düşdi. Kompaniýanyň işgärleri bu kynçylygy täze ýylyň bosagasynda ýolgaçy köp bolansoň, günde bir gezek gatnaýan uçarda wagty öňünden kesgitlenmedik ýolagçylara ýer bolmanlygy bilen düşündirdiler. Bu kompaniýanyň müşderileri bolsa uçuş wagtyny öňünden belletmek üçin öz ýaşaýan şäherlerinde mümkinçiligiň örän çäklidigini aýdýarlar.

“Türkmenhowaýollary” dünýäniň birnäçe iri şäherlerine göni reýsleri ýerine ýetirýän we 30-dan gowrak ýurda çarter uçuşlaryny amala aşyrýan döwlet howa-aragatnaşyk kompaniýasydyr.

“Türkmenhowaýollarynyň” häzirki resmi internet saýtynda aýdylyşyna görä, içerki we halkara howa ugurlarynda ýokary hilli hyzmatlary üpjün etmek we howa gatnawynda ösen tehnologiýalary ornaşdyrmak - kompaniýanyň esasy wezipesidir. Häzirki wagtda kompaniýa täze saýty açmagyň üstünde işleýär. Täze saýtda kompaniýanyň bilet satýan kassalary, uçuş ugurlary we wagty barada ozalkysyndan has köp maglumat berilýär. Emma internet arkaly bilet satyn almak ýa bronlamak düzgüni barada habar berilmeýär.

Azatlyk Radiosy bilen gürrüňde dünýäniň ähli ýurtlarynda giňden ulanylýan hut şu internet usulynyň täze ýylyň bosagasynda “Türkmenhowaýollarynyň” ýolagçylarynyň Moskwada duçar bolan kynçylyklary ýaly ýagdaýyň öňüni alyp biljek ýoldugyny kompaniýanyň işgärleri-de, ýolagçylar-da aýtdylar.

Döreýän kynçylyklar

Açyk möhletli uçar biletleri bolan jemi 200-den gowrak ýolagçy 2011-nji ýylyň bosagasynda ençeme günläp Moskwadan Aşgabada uçup bilmän kösendi. Bu waka “Türkmenhowaýollarynyň” öňünden satýan açyk möhletli biletlerine uçuşyň wagtyny goýdurmak hyzmatynda kemçilikleriň bardygyny görkezdi.

Şu günki gün kompaniýa Türkmenistandan başga ýurtlara gatnaýan uçarlaryna satýan biletleriniň esasy bölegini açyk möhletli satýar. Biletlere uçuş wagtyny goýdurmak üçin ýolagçylar kompaniýanyň kassalaryna barmaly bolýarlar. Hususan-da Orsýetde şeýle kassalar Moskwada we Sankt-Peterburgda ýerleşýär. Bu ýagdaý Orsýetiň biri-birinden uzakda ýerleşýän Perm, Penza, Kislowodsk we Kazan ýaly şäherlerinde ýaşaýan türkmenistanlylar we ilkinji nobatda-da şol şäherlerde okaýan studentler üçin kassa baryp, uçuş wagtyny belletmek mümkinçiligini çäklendirýär. Şeýle ýolagçylar Aşgabada uçjak wagty Moskwa baryp, biletlerine wagt goýdurmakdan başga çäräniň ýokdugyny aýdýarlar.

Uçarlarda ýer gytçylygy, adatça, dynç alyş möwsümi döwründe has hem güçlenýär. Bu ýagdaý ýyllar boýy gaýtalanyp gelýär.

Internet mümkinçilikleri

Ýolagçylaryň-da, howa aragatnaşyk kompaniýalarynyň-da, şol sanda “Türkmenhowaýollarynyň” işgärleriniň-de pikirine görä, meseläni internet arkaly satylýan elektron biletler ýa bron usuly bilen çözüp bolardy. Emma “Türkmenhowaýollary” bütin dünýäde giňden ulanylýan bu usuly näme üçindir häzire çenli-de öz müşderilerine teklip edip bilenok.

“Türkmenhowaýollarynyň” uçar biletlerini internet arkaly satmak we bronlamak usulyny girizmegi bilen bagly meselä geçen ýylyň fewral aýynda türkmen hökümeti tarapyndan garalypdy. Şonda munuň üçin taýýarlyk görülýänligi we internet hyzmatlarynyň 2011-nji ýylda işe giriziljekdigi habar berilse-de, bu düzgün henizem işe girizilenok.

Şol bir wagtda-da bilermenler internet hyzmatlarynyň halkara howa-aragatnaşyk kompaniýalary tarapyndan giňden ulanylýan we işlenen usul bolansoň, onuň uly bir tehniki ýa-da maliýe çykdajylaryny talap etmeýänligini belleýärler. Tersine, internet tehnologiýasynyň goşmaça edaralary açmak ýa işgärleri saklamak üçin çykdajylary azaldýanlygyny aýdýarlar.

Orsýetli ykdysady bilermen Andreý Suzdalsew häzirki ýagdaýda “Türkmenhowaýollarynyň” internet tehnologiýalardan çetde durmagynyň sebäbini Tükmenistanyň alyp barýan syýasatyndan görýär:

—“Türkmenhowaýollarynyň” internetden çetde galýanlygy umumy ýagdaýy häsiýetlendirýär. Şu günki gün bu şirketiň işleýän esasy ugurlaryny türkmenleriň has köp gatnaýan Orsýet, Belarus, Ukraina ýaly ýurtlary emele getirýär, kompaniýa dünýä derejesinde giňden tanalman galýar. Meniň pikirimçe, ýurtda internet tehnologiýalarynyň ösüşine Türkmenistanyň hökümetiniň internete şübheli garamagy öz täsirini ýetirýär.

“Türkmenhowaýollary” täze ýylyň öňüsyrasynda Moskwadan Aşgabada uçup bilmän kösenen ýüzlerçe ýolagçysyny Türkmenistana äkitmek üçin azyndan iki sany goşmaça uçary ýollamaga mejbur boldy. Goşmaça uçarlaryň bolsa goşmaça çykdajylary talap edýänligi düşnüklidir.