Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasy Türkmenistanyň prezidentligine hödürlenen ýene üç kandidaty resmi hasaba alyp, olara saýlawlarda ýokary kürsä dalaşgäriň şahadatnamasyny gowşurdy.
Şahadatnama alanlaryň arasynda “Lebapgurluşyk” önümçilik birleşiginiň başlygy Esendurdy Gaýypow, Gökdepäniň ýüplük fabriginiň direktory Saparmyrat Batyrow, Türkmenistanyň energetika we senagat ministri Ýarmuhammet Orazgulyýew bar. Şeýlelikde, 15 dalaşgäriň ýedisi prezident saýlawlaryna gatnaşmaga hukuk aldy.
TDH gullugy olaryň ählisi üçin ilkinji nobatda ýurduň raýatlarynyň sosial-durmuş şertlerini mundan beýlägem gowulandyrmak bilen bagly tekliplerini saýlawçylara hödürlemekde deň hukuklaryň üpjün edilýändigini belleýär.
Türkmenistanyň raýatlarynyň saýlawlara höwesi nähili, olar şol saýlawlaryň netijelerinden nämelere garaşýar?
12-nji fewralda geçiriljek prezident saýlawlary, oňa görülýän taýýarlyklar şu günler Türkmenistanyň habar serişdeleriniň esasy temasy. Bu kampaniýadan ilat köpçüligi habarly bolsa-da, olarda aktiwligiň duýulmaýandygyny, lebaply 59 ýaşly Magsym Ereşow aýtdy:
—Näçe kandidat hödürlense-de, kimiň geçjegi öňünden belli. Sebäbi häzirki görkezilen kandidatlaryň arasynda tutuş ýurt boýunça tanalýan ýekeje adam bar. Ol hem häzirki prezidentimiz. Saýlawçylaryň köpüsiniň ony goldap ses berjegi görnüp dur.
Efirde adynyň tutulmagyny islmedik 45 ýaşly gurluşykçy inžener häzirki saýlaw kampaniýasy bilen bagly öňden köpçülige mälim bolmadyk jemgyýetçilik guramalarynyň köplügine haýran galandygyny aýtdy.
—Asyl kärim gurluşykçy. Köp ýyllardan bäri şu ugurdan işleýän bolsam-da, ýurdumyzda Binagärler birleşiginiň bardygyny indi eşitdim. Zoraýakdan ýokary syýasata çekilen ol jemgyýetleriň, birleşikleriň deregine öz wagtynda syýasy partiýalar döredilen bolsa, gowy bolardy.
Owganystanly türkmenlerden Gulam Nebi bolsa şeýle gürrüň berdi:
—Men geçen saýlawlarda-da Türkmenistanda ýaşap ýördüm. Çagalarym okap ýördi. Nesip bolsa saýlawlar Türkmenistanda erkin geçer. Adamlar öz islegi bilen öz prezidentini saýlar diýip, umyt edýärin. Häzirki Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhammetden başga hiç haýsam gazanyp bilmez. Sebäbi munuň işe geçen günlerinden özümem şol taýda ýaşadym. Halk prezidenti söýýär. Prezidentiňem: “Men halkym bilen bolaryn” diýen sözleri bar. Garry adamlara pensiýa berip başlady. Hassahanalar garry adamlar üçin mugt bolup başlady. Okuw ýerleri döredildi. Iş ýeri döredildi. Eger men hem Türkmenistanyň raýaty bolsam, menem şol adama ses bererdim, şony goldardym.
Aşgabatly 75 ýaşly pensioner Amanmyrat Garaýewiň pikiri:
—Geljekki saýlawarda hiç hili üýtgeşiklik bolmaz. Öňküleri ýaly geçer. Sebäp bu jemgyýetiň bu bolşuna, hökümetiň bu bolşuna şunuň ýalyrak gider. Hökümetdäki adamlar özlerinde artykmajrak ukyp bar bolsa, şony halkyny biraz ýokarrak galdyrmak üçin bagş etmeli halyna, bular şol ýerde uzagrak otursa bolýar. Aýdyşlary ýaly, türkmen halky öz baýlygynyň zamuny boldy. Gazyň, nebitiň baýlygy bolmasa, bular beýle-beýle işleri edibem bilmez. Ýene-de öňküsi ýaly gider. Bolsa, bolaýmagy mümkin, olam bolarmy-bolmazmy, ýöne üýtgeşik hiç zada garaşamok. Şol öňki gidişine gidermikä diýýärin.
Soňky bäş ýylda Türkmenistanda uly ykdysady ösüşleriň amala aşyrylandygyny, indi nobatyň syýasy reformalara ýetendigini, 12-nji fewraldan soň düýpli syýasy özgerişleriň bolaryna garaşýandygyny aýdýan raýatlar hem bar.