Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 12-nji fewralynda boljak prezident saýlawlarynda ýokary wezipä dalaşgärlere üstünlik arzuw etdi diýip, resmi TDH gullugy habar berýär.
Öz halka ýüzlenip eden Täze ýyl gutlagynda Berdimuhamedow Türkmenistanda prezident saýlawlarynyň milli kanunçylyga laýyklykda, alternatiw esasda ýokary guramaçylyk derejesinde geçjekdigine, demokratik prinsipleriň, aç-açanlygyň berjaý ediljekdigine, saýlawlara jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň aktiw gatnaşjakdygyna ynam bildirýär.
“Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlary hakyndaky” kanunyň 37-nji maddasynyň 1-nji bölümine laýyklykda, Türkmenistanyň prezidentligine kandidat resmileşdirilen gününden saýlawlaryň önündäki agitasiýa işi başlanýar we ol saýlawlara bir gün galanda tamamlanýar.
29-njy dekabrda geçiren maslahatynda Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasy dört kandidaty resmi dalaşgär hökmünde hasaba aldy. Ýöne ýokary kürsä dalaşgärleriň anyk sanyny çap etmedi. Käbir çeşmeler 14, käbiri 15 dalaşgäriň hödürlenendigini ýazýar.
Prezidentlige kandidatlaryň biri-de “Galkynyş” hereketi tarapyndan hödürlenen Türkmenistanynyň häzirki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowdyr. Resmi hasaba alnanlaryň arasynda häzirlikçe ady bolmasa-da, Täze ýyl dabaralary bilen bagly ýurduň köpçülikleýin habar serişdelerinde Berdimuhamedowyň özboluşly agitasiýasy dowam edýär. Mysal üçin, türkmen telewideniýesiniň 1-nji ýanwardaky teswirlemesinde şeýle diýilýär:
—Bedew atlara juda belent gadyr goýýan, olar hakda birnäçe eserleri döreden hormatly prezidentimizi bedew atlarynyň ýanynda göreniňde, şol pursatlaryň taryhy we häzirki döwri özünde jemleýändigine göz ýetirýärsiň.
Türkmen kanunçylygy ýokary wezipä dalaşgärleriň ählisi üçin wagyz meselesinde deňligi kepillendirýär. Iş ýüzünde şol deňlik nähili? Žurnalist Aşyrguly Baýryýew bu barada şeýle diýdi:
—“Prezidentiň saýlawlary hakyndaky kanunyň” wagyz işleri baradaky maddalarynyň saýlawlar yglan edilenden bäri bozulmagyna ýol berilýändigi göze ilýär. Dalaşgärleriň deňligi saklanylmaýar, bir dalaşgär ileri tutulýar, onuň haýryna wagyz işleri ol dalaşgär hökmünde bellige alynmanka başlanyp, artykmaçlyk ýagdaýynda häzirem dowam etdirilýär. Ýagdaý, umuman, häzir şeýle, belkem, häkimiýetler indiden beýläk kanuna berk eýererler.