Prezidentlige dalaşgärler hasaba alnyp başlandy

Berdimuhamedow Dempartiýanyň, aýallar, ýaşlar, uruş weteranlary hem arkadaşlyk guramalarynyň adyndan saýlawlara kandidat hökmünde hödürlendi.

Türkmenistanda prezidentlige dalaşgärleri hasaba almak prosesi başlandy. Türkmen Döwlet habarlar gullugy 29-njy dekabrda Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň ýurtda 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna görkezilen kadidatlary resmi taýdan hasaba alyp, döwletiň ýokary kürsüsine dalaş etmeli üç kandidata resmi şahadatnamalary gowşurandygyny habar berdi.

Jemgyýetçilik birleşiklerinden we guramalardan hödürlenip, resmi hasaba alnan ilkinji dört kandidatyň arasynda Daşoguz welaýat häkiminiň orunbasary Rejep Bazarow, “Marygazçykaryş” edarasynyň başlygy Kakageldi Abdyllaýew, “Nebitgazdüýpliabatlaýyş” edarasynyň dolandyryjysy Gurbanmämmet Mollanyýazow hem suw hojalyk ministri Annageldi Ýazmyradow bar.

Hödürleýiş prosesi tamamlandy

Merkezi saýlaw komissiýasyna agzalaryň, saýlawlara gözegçilik etmeli milli synçylaryň hem köpçülikleýin habar serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda 29-njy dekabrda kandidatlary hödürlemek prosesiniň tamamlanandygy, jemgyýetçilik guramalary hem inisiatiwa toparlary tarapyndan jemi 14 kandidatyň hödürlenendigi, olaryň arasynda häzirki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem bardygy habar berildi.

15-nji dekabrda Dempartiýany, aýallar, ýaşlar, uruş weteranlary hem arkadaşlyk guramalaryny öz içine alýan “Galkynyş” hereketiniň bilelikdäki maslahaty geçirilip, bu maslahatda prezidentiň karary bilen ol hereket ýatyryldy. Şondan soň Gurbanguly Berdimuhamedow Dempartiýanyň, aýallar, ýaşlar, uruş weteranlary hem arkadaşlyk guramalarynyň adyndan saýlawlara kandidat hökmünde hödürlendi.

Bu çäre “Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlary hakyndaky” kanuna näderejede bap gelýär? Türkmen kanunçylygy bilen ýakyndan gyzyklanýan žurnalist, Aşgabatda ýaşaýan Aşyrguly Baýryýew bu soraga şeýle jogap berdi:

—“Galkynyş” hereketi ýatyrylandan soň syýasy partiýanyň, jemgyýetçilik guramalaryň bilelikdäki mejlisiniň dowam etdirilmeginiň nähili kanuny esasy bar diýen sowal ýüze çykýar. Bu ýerde türkmen syýasy tehnologiýasynyň ýöntemligi göze dürtülýär. Eger-de “Galkynyş” hereketiniň işi dalaşgär hödürlenenden soň bes edilenliginde, ol depmehalal bolardy, belki-de ol sorag döredip durmazdy.

Agitasiýa işleri

“Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlary hakyndaky” şu ýylyň iýun aýynda kabul edilen kanunynyň 30-njy maddasyna laýyklykda, kandidatlary hasaba almak we resmileşdirmek saýlawlara 45 gün galanda başlanýar hem 25 gün galanda tamamlanýar. Kanunyň 37-nji maddasyna laýyklykda prezidentlige kandidat resmi hasaba alanan gününden öz agitasiýa işine girişip bilýär we ol iş saýlawlara bir gün galanda tamamlanýar.

Milli kanunçylykda saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirmäge, saýlawlaryň öňüsyrasyndaky ýygnaklarda, maslahatlarda, şeýle-de köpçülikleýin habar serişdelerinde çykyş etmäge kandidatlaryň ählisine deň derejede mümkinçilikler kepillendirilýär.

“Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň” penşenbe güni geçirilen maslahatynda kandidatlaryň saýlawçylar bilen geçirjek duşuşyklarynyň wagty we ýeri meselesine seredildi.

Ýokary döwlet wezipesine dalaşgärler saýlawlara çenli galan wagtda öz saýlawçylary bilen ençeme gezek duşuşarlar, saýlawlaryň öň ýanynda öz programmalary bilen saýlawçylary tanyşdyrarlar diýip, resmi Aşgabat habar berýär.