Berdimuhamedow Lukaşenko bilen telefon gürrüňdeşligini geçirdi

Sişenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko bilen telefon gürrüňdeşligini geçirdi.

Bu gürrüňdeşlikde Berdimuhamedow bilen Lukaşenko iki ýurduň hyzmatdaşlyklaryny ösdürmekligiň käbir ugurlary barada pikir alyşdylar.

Gürrüňdeşlikde, aýratynam, ylym, magaryf we medeniýet pudagyndaky hyzmatdaşlyklary has-da ösdürmek meselesiniň üns merkezinde bolandygy habar berilýär.

Maglumata görä, bu telefon gürrüňdeşligi Belarus tarapynyň inisiatiwasy bilen geçirilipdir.