Uzakdan syn: emigrantlar SSSR-iň dargaýşyny ýatlaýarlar

Sowet Soýuzyny terk edenleriň arasynda ýurtdan gaçyp çykan adamlar hem az däldi.

Sowet Soýuzynyň dargamagy ýurtda ýaşan adamlaryň kalbynda sarsgyn we gorky bilen umyt ýaly güýçli duýgulary döretdi. Emma şuňa meňzeş duýgulary şol döwürde Moskwadan müňlerçe kilometr uzaklykda bolan, ýurduň öňki raýatlary hem başdan geçiripdi.

1991-nji ýylyň awgust günleriniň birinde Olganyň 3 ýaşly ogly maşgalanyň ABŞ-daky ilkinji öýünde telewizion programmalara seredip, multfilm gözleýärdi. Emma kanallaryň birinde görkezilen sýužet birden Olganyň ünsüni özüne çekdi. Ol Moskwanyň Gyzyl meýdanynda tanklary gördi.

Olganyň dogduk şäheri bolan Moskwany terk edip, ABŞ-a göçüp gaýdanyna ýaňy 3 aý dolup barýardy. Milleti ýarym tatar, ýarym ýewreý bolan Olga SSSR-däki dini yzarlamalar sebäpli ABŞ-a göçüp barmak mümkinçiligine eýe bolupdy.

Olga telewideniýede gören şol wakasynyň täsiriniň özünde emigrasiýanyň galdyran medeni täsiriniň üstüne goşant bolanlygyny gürrüň berdi:

—Biziň niýetimiz Orsýeti terk etmekdi. Biz emigrasiýa çykmak ugrunda 3 ýylyň dowamynda hereket edipdik, sebäbi mundan beýläk Sowet Soýuzynda ýaşamak islemändik. Emma şol bir wagtda-da medeni taýdan biz henizem orsýetli bolup galýardyk we biz Sowet Soýuzynda galan dostlarymyz bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýardyk. Biz şol döwürde amerikan jemgyýetiniň doly manysyndaky agzalary bolmadyk bolsak-da, men şonda “Hudaýa şükür! Men we meniň maşgalam bu ýerde howpsuzlykda” diýip, pikir edipdim.

Olga 1970-nji ýyllardan başlap Sowet Soýuzyndan ABŞ-a emigrasiýa çykan ýarym milliona golaý adamdan biri. Emigrasiýanyň uly bölegi Gorbaçýowyň “Glasnost” döwrüne gabat gelipdi. Ýewreýler, ermeniler, Wolga regionynda ýaşan nemesler we ýene birnäňçe milletiň wekilleri SSSR-i terk edipdiler. Olaryň uly bölegi şeýle-de Ysraýylda, Germaniyada we Kanadada ornaşypdy.

1991-nji ýylda SSSR-iň dargamagy olaryň köpüsinde güýçli, emma dürli täsir galdyrypdy.

Ýatda galan wakalar

Häzirki wagtda Nýu Ýorkda doktor bolup işleýän Olga şol wagt birbada halkara telefon liniýalarynyň işlemänligini ýatlady. Telefon işlap başlansoň bolsa Moskwadaky tanyşlarynyň ondan halkara habar serişdeleriniň Orsýetde bolup geçýän wakalar barada nähili maglumat berýänligi barada gürrüň bermegi haýyş edenligini aýtdy.

1991-nji ýylyň wakalaryny ýurduň daşynda ýaşaýan öňki sowet raýatlarynyň käbirleri dabara bilen hem garşy alypdy.

Tbiliside doglan, käri bounça psiholog Eda Gorbis Los Angelesde ýaşaýar. Ol Moskwadaky awgust wakalarynyň öz doglan gününe gabat gelenligini gürrüň berdi. Şu sebäpden Sowet Soýuzynyň dargamagy bilen içgin gyzyklanan ýerli habar serişdeleri öňki sowet raýaty bolan Gorbisiň doglan gününe üns beripdi.

Eda Gorbis öz doglan gününde Gorbaçýowa meňzeş eli gyzyl baýdakly bir adamyň peýda bolanlygyny gürrüň berip, munuň ýerli habar serişdeleriniň gurnan tomaşasy bolmagynyň ähtimaldygyny çak etdi.

Sowet Soýuzyny terk edenleriň arasynda ýurtdan gaçyp çykan adamlar hem az däldi. Gazagystanly wiolonçelist sazanda Alfiýa Nakipbekowa 1981-nji ýylda Londona eden medeni saparynyň dowamynda Britaniýadan gaçybatalga sorap, şol ýerde galypdy. Alfiýa şol döwürden 10 ýyl geçip-geçmän, Sowet Soýuzynyň dargap biljegini hiç wagtda göz öňüne getirmänligini aýdýar.

Nakipbekowanyň 1991-nji ýyla degişli iň güýçli ýatlamasynyň biri dünýa derejesinde meşhur gyjakçy, professor Mstislaw Rostropowiçiň Parižden Moskwa baryp, Orsýetiň demokratik gymmatlyklaryny goramaklyga gatnaşanlygyna degişli.

Köp emigrantlar öz wagtynda watan hasaplan döwletleriniň dargap ýok bolmagynyň özlerinde täsir galdyranlygyny aýdýarlar.