Internet telekanaly Kremliň maglumat monopoliýasyny bozýar

Orsýetde peýda bolan “DoždTV” atly täze internet telewideniýesi

Soňky wagtlar Orsýetde peýda bolan “DoždTV” atly täze internet telewideniýesi özüni Orsýetiň hökümetiniň monopoliýasynda iş alyp barýan birgiden beýleki telewizion kanallar bilen bäsleşip biljek çynlakaý bir media serişdesi hökmünde tanadyp başlady.

Şu hepde Kremle tarapdar websaýtlardan biri belli oppozisiýa lideri Boris Nemsowy masgaralamak üçin onuň telefon gürrüňdeşliginiň ýazgysyny internete ýerleşdirdi. Ýöne bu gezek oppozisiýanyň liderini masgaralamak baradaky planlar garaşylyşyndan birneme başga netijeleri görkezdi.

Boris Nemsowyň oppozision aktiwist Ýewgeniýa Çirikowany “ganjyk we tentek” diýip atlandyrýan ýazgylaryny-da öz içine alýan bu ses ýazgylarynyň “Lifenews.ru” internet saýtynda peýda bolmagyndan 24 sagat hem geçmänkä, Nemsow bilen Çirikowa telewizion studiýada peýda boldular.

Telewideniýede Çirikowadan ötünç soranyndan soň, Boris Nemsow Orsýetiň häkimiýetleriniň oppozisiýanyň içinde bölünişik döretmek ugrundaky tagallalarynyň başa barmandygyny nygtady:

—Indi biz ozalkylardan has-da jebis ýagdaýda, birek-birege el berip, umumy maksadymyza tarap, ýagny, Orsýeti ogrulardan we talaňçylardan azat etmek ugrundaky maksadymyza tarap hereket ederis.

Elbetde, olaryň bu çykyşy döwlet telewideniýesinde bolmady. Bu çykyş Orsýetdäki beýleki adaty telewizion kanallaryň-da hiç birinde görkezilmedi. Hepdäniň sişenbe güni olaryň bu çykyşy “DoždTV” atly täze internet telewideniýesinde görkezildi.

“DoždTV” atly internet telewideniýesiniň peýda bolanyna heniz iki ýylam bolanok. Ýöne, muňa garamazdan, bu internet telewideniýesi Kreml tarapyndan kontrollyk edilýän we senzura astyndaky telekanallardan iren teletomaşyçylaryň ýüz müňlerçesiniň ünsüni eýýäm özüne çekmegi başardy.

Täze internet telekanalynyň bu üstünligi, bir tarapdan, ilat köpçüliginiň senzura alynmadyk maglumatlara bolan teşneligini görkezse, beýleki tarapdan ol internetiň Kreml tarapyndan dolandyrylýan elektron serişdeleriniň täsirlerini-de bir gyra süýşürip bilýändigini görkezdi.

“Mukaddes ýer boş bolmaýar”

Moskwadaky “Glasnost” Fondunyň media meseleleri boýunça analitigi Boris Timoşenko telewideniýäniň bu üstünligi barada şeýle diýdi:

—Mukaddes ýer boş bolmaýar diýlişi ýaly, federal kanallar we beýleki kanallar ýuwaş-ýuwaşdan häkimiýetler barada nähilidir bir tankydy materiallary bermeklerini bes edensoňlar, bu boşlugy ýuwaşlyk bilen hiç kime belli bolmadyk kiçijik “Dožd” telekanaly eýeledi.

“DoždTV”, ýagny, “ÝagyşTW” diýlip atlandyrylýan bu internet telekanaly, aýratynam, ýakynda, dekabryň başynda geçen parlament saýlawlaryndan soň ýüze çykan protest çykyşlarynyň fonunda has uly meşhurlyga eýe boldy.

Döwletiň kontrollygyndaky habar serişdeleriniň saýlawlardaky galplyklar barada bildirilýän aýyplamalara göz ýumup, protest çykyşlary barada-da ýüzleý maglumatlary berýän bir wagtynda “Dožd” telekanaly bu wakalar barada düýpli hem-de professional maglumatlary berdi.

Elbetde, “Dožd” telewideniýesiniň bu ugurdaky tagallalary ünsden sowa galmady. 10-njy dekabrda Moskwada 40 müňden-de gowrak adamyň gatnaşmagynda demonstrasiýa gurnalanda, “Dožd” telewideniýesiniň internet sahypasyna giren adamlaryň sany rekord derejä ýetdi. Ýagny, şol gün, bir günüň dowamynda bu telewideniýäniň internet sahypasyna bir million töweregi adam girdi. Bu san tutuş oktýabr aýynda telewideniýäniň internet sahypasyna giren adamlaryň sanyna deň.

Şol wakadan başlap bu telewideniýäniň sahypasyna girýän adamlaryň hepdelik sany ortaça 800 münüň töwereginde saklanyp gelýär.

“Dožd” telewideniýesi soňky wagtlar diňe bir oppozisiýanyň çykyş edýän meýdanyna öwrülmän, eýsem, ol Orsýetiň ýokary derejeli hökümet resmileri, şol sanda, prezident Dmitriý Medwedew we hökümetiň metbugat sekretary Dmitriý Peskow ýaly resmiler bilen-de söhbetdeşlikleri efire berdi.