Şu ýylyň 11-nji martynda döwlet baştutany Türkmenistanda 2011-nji ýylda ýygnalan galla hasylynyň ilatyň sarp etjeginden artykmajyny Döwlet haryt-çig mal birźasynyň üsti bilen daşary ýurtlara satmak baradaky karara gol çekdi.
Galla hasyly ýygnalyp, geljek ýylyň hasylynyň düýbi tutulandygyna garamazdan, Türkmenistanyň metbugat sahypalarynda daşary ýurtlara galla satmak işiniň ýola goýlup-goýulmandygy, bu ugurda haýsy döwlet bilen özara ylalaşyk gazanylandygy barada hiç bir maglumat berlenok.
Içerki talap
Emma, Mary welaýatyndan kärendeçi Oraz Ilmyradowyň aýtmagyna görä, daşary döwletlere gallany eksport etmeg-ä beýle-de dursun, hatda ýurduň öz ilatynyň bu haryda bolan islegini üpjün etmek üçinem ýeterlik galla hasyly ýygnalmandyr.
Şu ýylyň 7-nji oktýabrynda geçen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet baştutany özüniň 8 aý mundan ozal gol çeken kararynyň ýerine ýetirilmändiginden nägile bolup, Ministrler Kabinetiniň orunbasary Gurbannazarowa, “Türkmengalla önümleri” assosiýasiýasynyň başlygy Aşyrowa, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal birźasynyň başlygy Meredowa berk käýinç berdi.
Oraz aganyň pikiriçe, berilýän käýinçlerden çen tutsaň, Saparmyrat Nyýazowyň döwründe ýol berlen artdyryp ýazmalara täzeden gaýdyp gelmäge ýykgyn edilýäne meňzeýär:
—Ýöne Nyýazow döwrüniň artdyryp ýazmalary ýurduň çäginden çykman, Türkmenistanyň ilaty üçin un-çörek gytçylygyny döredipdi. Häzirki talap ýurduň çäginden çykmaly talap bolany üçin, bu ýerde artdyryp ýazmak mümkinçiligi asla ýok. Şol sebäpli hem bu işi ýola goýmaga görkezme berlen ýolbaşçylar, döwlet baştutanynyň talaplaryna jogap gaýtaryp bilmän, ýüzlerini sallaşyp durlar. Olar bu işi ýola goýup boljakdygy ýa bolmajakdygy barada hem kelam agyz söz aýdyp bilmediler. Eger-de döwlet baştutanynyň talabyny berjaý etmek üçin ýalan maglumatlara, ýa bolmasa bikanun hereketlere ýüz urulaýsa, onuň soňky ýaramaz netijeleri barada oýlanmak hem gorkuly.
Suw ýetmezçiligi
Şu ýylyň howa şertlerine görä, Mary, Lebap welaýatlarynda galla hasyly garaşylan netijäni bermedi. Suw ýetmezçiligi sebäpli, galla hasylynyň jemleri jemlenende, daýhanlaryň köpüsi döwlet öňünde bergidar bolup galdylar.
Oraz aganyň aýtmagyna görä, ekin meýdanlaryny suwarmakda zeýkeşleriň suwy hem ulanylypdyr. Ol bu ýagdaýyň indi iki-üç ýyl bäri dowam ediýändigini, munuňam ýerleriň meloratiw ýagdaýyny ýaramazlaşdyrjakdygynyň ikuçsyzdygyny nygtaýar:
—Ummasyz serişde sarp edilip, Garagum çölünde gurlan Türkmen kölüniň suwunyň ekin meýdanlaryny suwarmakda ýaramly boljakdygy baradaky pelsepelerden bu gün netije görünmeýär. Ýylyň gurak gelmegi bilen Amyderýanyň hem Murgap derýasynyň suwy azalyp, daýhanlar üçin uly kynçylyklary döretdi. Güýzlük ekilen bugdaýlar, ýeterlik suwarylman, ýazlyk bugdaýyň ekilmedik ýerleri hem kän bolupdyr.
Bahalar näme üçin galdy?
Oraz aga Türkmenistan boýunça bir million üç ýüz müň tonna galla hasylynyň ýygnalandygy baradaky maglumatlaryň çişirilen bolmagynyň ähtimaldygyny aýdýar:
—Ozal 28 manada durýan 50 kilogramlyk bir halta birinji sortly unuň häzir 60-70-manatdan satylýandygyny, bir halta gara unuň bolsa 34 manada çykandygyny, ýöne Orsýetden, Gazagystandan gelýän ýokary sortly una ilatyň isleginiň has uludygyny göz öňünde tutsaň, onda Türkmenistanyň öz ununyň bahasynyň iki essedenem ýokary galdyrylmagynyň juda geň.
Döwlet dükanlarynda häzirlikçe çöregiň bahasy, ilata jan başyna berilýän unuň bahasy öňküligine galýar. Emma konditer önümleriniň, telekeçileriň elde bişirýän çörek önümleriniň bahalarynyň galýandygy äşgär görünýär. Bu bolsa sosial taýdan pes hojalyklaryň güzeran ýagdaýlarynyň kynlaşmagyna getirýär. Her aýda jan başyna berilýän un uly hojalyklara diňe 10-15 güne ýetýär.
Türkmenistanyň habar serişdelerinde ilatyň sarp etjeginden artykmaç galla hasylynyň ýygnalandygy barada maglumatlar berilse-de, Oraz aga şol maglumatlary takyklamagyň zerurdygyny, munuň üçin bolsa ilatyň gündelik durmuşyna syn etmegiň ýeterlikdigini aýdýar we döwlet ýolbaşçylary bu işe ünsli çemeleşer diýen umydynyň bardygyny nygtaýar.
Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.