Ýer togalagynda diňe iki ýerde hasaba alnan – gün şöhlesiniň dik düşýän ýeri – Müsürde Nil derýasynyň boýundaky Asuan we Geluan atly ýanaşyk sanatoriler ýaly dünýä meşhur Baýram-Aly böwrek sanatorisi-de tebigatyň türkmen topragyna eçilen gymmatly peşgeşi hasaplanýar.
Gün şöhlesiniň täsiri bilen böwrekde, ýürekde döreýän keselleri bejerip bolýandygy takykaklanandan soň, bu ýerde 40-gapy ady bilen 1903-nji ýylda rus arhitektorlary tarapyndan ak patyşanyň rezidensiýasy gurulýar. Soňra 1929-njy ýylda rus alymy Aleksandrowyň ýerli alymlar bilen bilelikde geçiren barlaglary gün şöhlesiniň Müsürdäki ýaly bejeriş häsiýetiniň bardygyny doly tassyklaýar.
Alymlaryň barlaglaryndan soň, 1933-nji ýylda bu ýerde 25 adamlyk ilkinji sanatoriý gurulýar. 24 gektar meýdany tutýan sanatoriý soňra giňelip, onda birnäçe ýaşaýyş jaýlary, sagaldyş merkezi naharhana gurulýar.
Böwrek, ýürek keselinden ejir çekýänleriň, bejergi almaga gelýänleriniň birbada 800-sini kabul edip bilýän Baýram-Aly böwrek sanatorisiniň tutýan meýdany gür baglyga bürenip otyr. Onda dünýäniň dürli künjeklerinden getirilen, dürli hem täsin agaçlaryň ýaşy 100-den geçenleri goýy kölege berýär.
Ýurduň ähli künjeklerindenem, daşary döwletlerdenem, saglygyny dikeltmäge bu ýere gelýänleriň yzy üzülmeýär. Sanatoriý näsaglary ýylyň bütin dowamynda kabul edýär.
Şypahananyň üç gatdan ybarat sagaldyş merkezinde ähli amatlyklar berjaý edilipdir. Täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan otaglarda bejergi almagyň ähli görnüşleri göz öňünde tutulypdyr. Birbada 20 adamy kabul edip bilýän ruhy bejergi geçirilýän otag Türkmenistanda ilkinji hem ýeke-täk otagdyr. Sekiz adama niýetlenen ozekerit bejergisi alynýan otag, 15 adama niýetlenen iňňe-refleks terapiýa otagy, 30 adama niýetlenen ýagtylyk wannasy, suw pürkmeler arkaly bejergi geçirilýän otaglar, dürli wannalar, fizoterapiýa otaglary näsaglaryň hyzmatynda.
Baýram-Aly böwrek sanatorisinde, oktýabr, 2011-nji ýyl.
Lukmanlaryň, şepagat uýalarynyň mylakatly gatnaşyklaryndan, ýaşaýyş jaýlarynyň şertlerinden, arassaçylygyndan, naharhananyň hyzmatlaryndan näsaglar hoşal. Her günde geçirilýän medeni çäreler, hepdede iki gezek taryhy hem keramatly hasaplanýan ýerlere gurnalýan gezelençler näsaglaryň wagtlaryny hoş geçirmegine uly ýardam berýär. Medeni çäreleri gurnamakda medeniýet öýüniň müdiri uly tagallalar edýär. Naharhananyň birinji gatynda azyk we senagat harytlarynyň, dürli suwenirleriň dükanlary bar. Ýadgärlik surata düşmek isleýänler, islän wagty, bu ýerdäki suratçylar ýüz tutup bilýärler.
Emma kabul edilýän näsaglaryň sany artdyrylsa-da, näsaglary bejermäge niýetlenen sagaldyş merkezini giňeltmek göz öňünde tutulmandyr. 800-den gowrak näsaglar her bir bejergi otagynyň gapysynda 2-3 sagatlap nobata durmaly bolýarlar.
Aşgabatdan bu ýere saglygyny dikeltmäge gelen 70 ýaşly pensioner Annaly aga şypahana gelýän näsaglaryň sanynyň juda agdykdygyny, her günde bu taýyk gelip, bejergi alyp yzyna gidýän näsaglaryň sanynyň 300-e ýetýändigini aýdýar. Onuň pikiriçe, döwlet tarapyndan goldawa mätäç şypahanada ýene-de bir sagaldyş merkeziniň gurulmagy zerur:
—Wagty-biwagty ýok, ýolagçy otlularyndan düşüp, ýurduň dürli künjeklerinden bu ýere gelýän näsaglary gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz kabul etmegi hem ýola goýmaly. Näsaglary ilki bilen kabulhanada bökdeniçsiz kabul eder ýaly, kabulhananyň işgär sanyny artdyrmaly. Dünýäde seýrek duşýan bu ajaýyp şypahana saglygyny dikeltmäge gelýänlerde gowy ýatlamalar galar ýaly ýagdaý döretmäge bizde mümkinçilik ýeterlik.
Hojalyk hasaplaşygynda bolan bu şypahana 2010-njy ýylda doly rekonstruksiýa edilip, onda 350 adama niýetlenen 5 gatly täze ýaşaýyş jaýy hem gurlupdyr.