Dürli jenaýatlaryň täze tolkuny

Lebapda polisiýa bölümleriniň tussaglary wagtlaýyn saklaýan kameralary adamdan doly diýip, “Türkmen inisiatiwasy” topary ýazýar.

Adam hukuklaryny goraýan “Türkmen inisiatiwasy” topary Türkmenistanda dürli jenaýatlaryň täze tolkunynyň ýüze çykandygyny habar berýär.

Oktýabr aýynda Türkmenistanyň garaşsyzlyk baýramyna gabatlap, türkmen türmelerinden 1,700 adamyň boşadylmagy sebäpli jenaýatçylygyň şäherlerde, etrap merkezlerinde, obalarda hususy we jemgyýetçilik emläginiň ogurlygynyň, garakçylykly hüjümleriň, huligançylykly hereketleriň, içgili ýagdaýda edilýän dürli jenaýatlaryň artandygyny “Türkmen inisiatiwasy” ýazýar.

Neşiriň bellemegine görä, türmeden boşadylanlaryň ählisiniň ýene jenaýata ýüz urandygyny çaklamak dogry bolmaz. Ýöne her günä geçişden son şunuň ýaly ýagdaýlar gaýtalanýar.

Lebapda

Lebap welaýatynyň polisiýa edarasyndaky çeşmäniň maglumatyna görä, edara ýolbaşçylary “statistik hasabatlary” ýaramaz edip görkezmezlik üçin, golastyndaky işgärlerinden jebir çekenleriň, olaryň garyndaşlarynyň arza-şikaýatlaryny hasaba almazlygy talap edýärler. Şol bir wagtda-da polisiýa bölümleriniň tussaglary wagtlaýyn saklaýan kameralary adamdan doly. Şol oturanlar jübükeserler, köçe garakçylary, towuk, mal ogrulary – diýip, “Türkmen inisiatiwasy” topary öz maglumatynda ýazýar.

Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy Osman Hallyýewiň aýtmagyna görä, bu welaýatda ownuk jenaýatlar soňky döwürde has-da azalypdyr:

—Adamlaryň türmelerden köpçülikleýin boşadylmagy bilen jenaýatçylyk köpeldi diýip biljek däl. Soňky döwürde hiç bir zatdan gypynç etmän, gijäniň bir mahalam islän ýeriňe gidip bolýar. Otlularda ogurlyk ýok, öň şäher içinde gatnaýan awtobuslarda jübükeserler bardy. Häzir onuň ýaly zatlar ýok. Uly bazarlarda bardy. Häzir olam azaldy. “Il ogrusyz bolmaz” diýlişi ýaly, ýek-tük bardyr. Ýöne köpçülikleýin häsiýetde däl. Awtoawariýalar bilen bagly görnüşler bar, olar bilkastlaýyn edilýän jenaýat däl.

Daşoguz welaýatyndan Arazmät Aşyrow Daşoguzda ownuk jenaýatlaryň hakykatdan-da soňky birki aýlykda köpelendigini Azatlyk Raidosyna gürrüň berdi. Maýda ogurlyk köpeldi, oba ýerlerinde has-da köpelýär mal ogurlamak. Emläk ogurlamak. Şäher ýerlerinde-de kezzaplyk, kisekeserler köpeldi diýip, Aşyrow aýdýar.

Neşä garşy göreşiň güýçlenmegi bilen, umuman alnanda, ogurlygyň azalandygyny gürrüňdeşlerimiz tassykladylar. “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň ýazyşy ýaly, maýda ogurlyklar – içinde reňkli metal bolan telefon simleri, köp gatly jaýlarda elektrik hasaplaýjylary, dürli antennalary ogurlamak hadysalary bolsa dowam edýär.

Iş bilen üpjün ediş

Günäsi geçilip ýa oturmaly möhletini oturyp, azatlyga çykan adamlaryň iş bilen üpjün edilmeýändigini, olaryň ýaşaýan ýerinde hepdede, on günde bir gezek polisiýa edarasyna baryp, özi barasynda maglumat bermelidigini, işsizligiň, gazanç çeşmesinden mahrumlygyň köp adamy dürli hereketlere, şol sanda ownuk jenaýatlara iterýändigini ýerli synçylar aýdýarlar.

Türkmen häkimiýetleri tarapyndan her sapar nobatldaky günä geçiş barada çykarylan permanda azatlyga goýberilen adamlaryň ýaşaýan ýerinde jemgyýete goşulmagy üçin olary iş bilen üpjün etmek wezipesi ýerli häkimiýet organlaryna tabşyrylýar. Emma Hallyýew şol görkezmäniň ýerine ýetirilmeýändigini, iş orunlarynyň ýiti ýetmezçilk edýändigini aýtdy:

—Türmäniň garasyny görmedik ýokary bilimli adamlar işsiz gezip ýörkä, türmeden boşany işe almaýarlar, alaly diýende-de, olara iş orunlary ýok. Kararda aýdylýan ýa şolary iş bilen üpjün etmeli diýip, döwlet baştutanynyň häkimliklere berýän görkezmelerini ýerine ýetirmäge mümkinçilik ýok. Ol ýöne bir aýdylan söz bolup galýar.

Daşoguzly Arazmät Aşyrow şu wagta çenli türmeden boşap gelen adama iş berlenini eşitmändigini, olar bilen hiç kimiň işiniň ýokdugyny aýtdy:

—Şäherlerde, etrap merkezlerinde harby eşikli adamlar, polisiýa işgärleri gaty köp. Emma, muňa garamazdan, Daşoguzda neşekeşleriň sanynyň göz-görtele azalandygyna, jemgyýetiň şol dertden belli bir derejede arassalanandygyna garamazdan, jenaýatçylyk soňky birki aýda duýarlyk derejede artdy. Amnistiýa baradaky permanyň iş bilen üpjün etmek baradaky maddasynyň ýerine ýetirilişine ýokary derejede kontrollyk gerek. Emma diňe gözegçilik bilen hem iş bitenok. Meseläniň oňyn çözgüdi üçin düýpli reformalar geçirmek, täze iş orunlaryny döretmek zerur. Eger döwlet başyndakylaryň erk-islegi bolsa, Türkmenistanda bu işiň hötdesinden gelip bolar.