Berdimuhamedowa Moskwada nämeler garaşýar?

Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew we türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Moskwada, 2009-njy ýyl.

23-nji dekabrda Türkmenistanyň prezidentiniň Orsýet Federasiýasyna sapary başlanýar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi maglumatyna görä, Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu sapary Orsýet tarapynyň çakylygy boýunça amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň resmi maglumatynda Türkmenistanyň prezidentiniň Orsýete saparynyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň söwda-ykdysady, bilim-medeni ugurlarynyň maslahat ediljekdigi we halkara hem regional meselelerine garaljakdygy aýdylýar.

“Transhazar”

Emma bilermenler dekabryň başyndan bäri garaşylýan bu gepleşikleriň üns merkezinde iki ýurduň arasynda bar bolan gapma-garşylykly meseleleriň boljagyny çak edýärler.

Orsýetiň Syýasy barlaglar institutynyň analitigi Aždar Gurdowyň sözlerine görä, hususan-da, bu Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen energiýa hyzmatdaşlygy boýunça alyp barýan gepleşiklerine degişli:

—Saparyň dowamynda öran ýiti meseleler maslahat edilip bilner. Meselem, soňky döwürde “Transhazar” gazgeçiriji proýektiň durmuşa geçirilmegine degişli mesele barha çylşyrymlaşýar. Moskwa bu proýektiň durmuşa geçirilmegine öz bähbitleriniň depelenmegi hökmünde garaýar. Üstesine-de Hazar regionynda harby güýçleriň artdyrylmagy-da, şunuň bilen regionda dartgynlylygyň güýçlenmegi-de taraplaryň üns merkezinde durýan temadyr. Meniň pikirimçe, hökman bu çylşyrymly daşary syýasy meselelere-de garalar.

Aždar Gurdow Türkmenistanyň prezidentiniň Moskwa saparynyň wagt möhletine ünsi çekýär. Gurdowyň pikirine görä, 23-nji dekabra bellenen bu sapar Moskwada regional guramalaryň maslahatlarynyň geçirilip gutaran wagtyna gabat geler. Bu bolsa Türkmenistanyň “Kollektiwleýin howpsuzlyk ylalaşygy guramasy” we “Gümrük bileleşigi” ýaly regional guramalardan özüniň çetde durýanlygyny görkezmegi üçin pursat bolar.

Türkmen-ors gatnaşyklary

Şu günki gün türkmen-ors gatnaşyklary dürli derejelerde gol çekilen 150-ä golaý özara dokumentleriň esasynda amala aşyrylýar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk iki ýurduň gatnaşyklarynda ileri tutulýan ugurdyr. Emma, bilermenleriň bellemegine görä, soňky ýyllarda ýurtlaryň özara haryt-dolanyşygynyň derejesi ozalky ýyllara garanyňda peselipdir.

Resmi maglumatlarda Moskwada geçiriljek türkmen-ors gepleşiklerinde gumanitar gatnaşyklaryň, hususan-da bilim we medeni gatnaşyklaryň, maslahatlaşyljakdygy aýdylýar.

Orsýetde okaýan türkmenleriň sany soňky döwürde gitdigiçe köpelýär. Olaryň sany barada resmi maglumat berilmeýär, emma kabir jemgyýetçilik guramalary diňe bir Moskwanyň özünde Türkmenistandan azyndan 5 müňe golaý studentiň okaýandygyny aýdýarlar.

Şu günler ors metbugatynda türkmen prezidentiniň Orsýet Federasiýasyna boljak sapary bilen bagly tema üns berilýär. Emma resmi maglumatlarda bu garaşylýan türkmen-ors gepleşikleri barada habar berilmeýär.