Milliarder Prohorowyň prezidentlige ymtylyşy: Kremliň hilesimi ýa çynlakaý habar?

Orsýetli milliarder Mihail Prohorow

Orsýetli milliarder Mihail Prohorowyň geljek ýyldaky prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşjakdygyny yglan etmegi Orsýetiň syýasy durmuşynda belli bir derejede tolgunyşyklaryň döremegine sebäp boldy. Ýöne Prohorowyň Kreml bilen uzak wagtdan bäri dowam edýän gatnaşyklary göz öňünde tutulsa, onda onuň bu ädimi hakykatdan hem Putine bäsdeşlik etmegimi ýa-da diňe ünsi çekmek üçin gurnaýan oýnumy? Bu barada dürli-dürli garaýyşlar peýda boldy.

Prohorow özüniň prezidentlige dalaş etjekdigini yglan edensoň, blog dünýänsinde munuň saýlawlarda premýer-ministr Wladimir Putiniň bäsdeşleriniň seslerini almak üçin ýörite edilen iş bolandygy baradaky pikir orta atyldy.

Mihail Prohorow 12-nji dekabrdaky eden çykyşynda Putiniň 12 ýyllyk syýasatyndan nägile bolan orta synpyň wekilleriniň ýanyndan ýer aljakdygyny mälim etdi:

—Men bir karara geldim, belki-de, bu meniň durmuşymdaky iň wajyp karardyr. Men prezidentlige dalaş etjek. Siziň hemmäňiziň ýadyňyzda bolşy ýaly, Kreml meni we meniň ýaranlarymy “Hak iş” partiýasyndan uzaklaşdyrdy. Şu sebäpli-de biz hyýalymyzdaky zatlary amala aşyryp bilmedik. Men häsiýetim boýunça bir işi ýarpy ýolunda taşlamok.

Prohorowyň uzak wagtdan bäri ýurduň resmileri bilen ýakyn gatnaşykdady. Şu ýylyň tomsunda ol gysga pursatlyk “Hak iş” partiýasynyň başlyklygyna hem geçipdi. Köpler muňa Kreml tarapyndan makullanan bir iş hökmünde baha berdi. Ýöne ara birneme wagt düşensoň, 15-nji sentýabrda milliarder Prohorow partiýadan çekilýändigini yglan etdi. Ol prezident administrasiýasynyň başlygynyň orunbasary Wladislaw Surkowyň bu partiýanyň işine goşulandygyny, şeýle-de onuň saýlaw kampaniýasyny dolandyrýandygyny öňe sürüpdi.

Ýörite gurnalan oýunmy?

Putiniň we Prohorowyň bannerleri ýol ugrunda, Sankt-Peterburg, 2011-nji ýyl.

Syýasy analitik Marina Litwinowiç özüniň blogunda şeýle mazmunly ýazgyny ýerleşdirdi:

—Prohorow ünsi çekmek, saýlawçylaryň sesleriniň özüne berilmegini gazanmak, şeýle-de Bolotnyý meýdançasyndaky demonstrantlaryň ünsüni özüne geçirmek üçin, özüni dolulygyna bir oppozisiýa kandidaty hökmünde öňe sürüp biler. Munuň netijesinde oppozisiýa liderleri Eduard Limonow, Boris Nemtsow, Alekseý Nawalnyý we Boris Akunin ýaly adamlar üns merkezinden düşerler.

Litwinowiç ýaly skeptikler ozalky tütjar, häzir bolsa gözenegiň aňyrsynda oturan Mihail Hodorkowskiniň ykbalyna hem ünsi çekýärler. Olaryň pikirine görä, Prohorowyň bu tutumy öz 18 milliard dollar çemesidir diýlip çaklanylýan baýlygy bilen töwekgellik edip, Kremle garşy ýumruk çenänine degmeýär.

“Panorama” merkeziniň başlygy Wladimir Prybilowskiniň nygtamagyna görä, Prohorowyň saýlaw kampaniýasyna girmegi onuň dogrudanam “Kremliň proýekti” ýa däldigini äşgär eder:

—Häzirlikçe hiç zady anyk aýdyp bolmaýar. Bu onuň hasaba alynmagy başaryp-başarmazlygyna bagly bolar. Eger-de bu oňa başartsa, onda munuň dolulygyna Surkowyň razyçylygy bilen edilýän işdigi görner. Surkow hem näme, ol büs-bütin Putiniň buýruklaryny ýerine ýetirýär. Ýagny, Surkow maslahat berýär, Putin hem onuň aýdanlary amala aşyrylmalymy ýa-da ýok, ony özi çözýär. Ýöne häzirlikçe takyk zat aýtmak üçin, ýeterlik derejede maglumat ýok.

“Hak iş” partiýasynyň ozalky resmisi, şeýle-de Prohorowyň tarapdary Leonid Gozman şeýle diýýär:

—Eger-de ol Kreml bilen ylalaşyp hereket edýän bolsa, onda munuň soňy uzak bolmaz. Jemgyýeti aldamak başartmaz. Men Mihail Dimitriýewiç Prohorow ikinji sapar ozalky ýalňyşyny gaýtalamaz diýip, umyt edýärin. Ýöne ol muny başararmy? Meniň pikirimçe, onuň iki million gol toplamaga-da maliýe serişdeleri ýeterlik. Ýöne bärde möhüm zat bu däl. Wajyp bolan zat, bu onuň aýgytly hereket etmäge taýýardygy ýa-da däldigidir. Ol režime garşy çykmaga taýýarmy? Ähli gowy zatlary ündeýän nobatdaky dalaşgär bolman, eýse režime garşy kandidat bolmaga taýýarmy? Eger-de ol bulary etmäge taýýar bolsa, onda muňa onuň mümkinçiligi bar.

Şol aralykda LDPR partiýasynyň lideri Wladimir Žirinowskiý prezidentlige dalaş etjekdigini aýtdy. Kommunistik partiýanyň başlygy Gennadiý Zýuganow hem saýlawlarda özüniň kandidaturasyny goýmakçy.