Eýranyň parlamenti Siriýa bilen azat söwda şertnamasyny tassyklaýar

Eýranyň parlamenti düýn Siriýa bilen baglaşylan azat söwda şertnamasyny tassyk etdi.

Döwlet telewideniýesi kanun çykaryjylara salgylanyp, azat söwda kanunynyň Siriýa hökümetiniň duşmanlary üçin, sebitdäki sionistlere garşy göreşiň çäginde açyk yşarat bolandygyny aýtdy.

Siriýa bilen Eýranyň arasynda ýylda, hasaplamalara görä, 400 million dollarlyk söwda edilýär, ýöne olar bu söwdanyň gerimini has giňeltmek isleýärler.

Birleşen Ştatlar, ÝB, Arap ligasy we Siriýanyň öňki ýarany we iň uly söwda partnýory bolan Türkiýe Damaska garşy sanksiýa girizdi.