Moskwada türkmen diliniň okuw kitaby çap edildi

GDA guramasynyň gumanitar hyzmatdaşlygy boyunça döwletara fondunyň maliýeleşdirmeginde Moskwanyň “Gündogar Edebiýaty” neşirinde çapdan çykan kitap türkmen tarapynyň gatnaşmagynda işlenip düzülipdir.

“Türkmen diliniň GDA ýurtlary üçin okuw kitaby” diýlip atlandyrylýan neşiriň awtory türkolog alym Elwira Grunina. Orsýetiň Lomonosow adyndaky Döwlet Uniwersitetiniň Aziýa we Afrika ýurtlary Institutynyň Merkezi Aziýa we Kawkaz bounça kafedrasynyň guramaçylygynda çap edilen bu neşir Moskwanyň “Gündogar Edebiýaty” neşirýatynda çapdan çykdy.

Orsýetiň Lomonosow adyndaky Döwlet Uniwersitetiniň Aziýa we Afrika ýurtlary Institutynyň Merkezi Aziýa we Kawkaz bounça kafedrasynyň ýolbaşçysy Žibek Syzdykowanyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, bu işiň maksady GDA döwletlerini türkmen dili we Türkmenistan döwletiniň syýasy jemgyýetçilik gurluşy bilen tanyşdyrmakdan ybarat.

Kitap iki bölekden düzülen. Onuň 2010-njy ýylda çapdan çykan birinji bölegi türkmen diliniň grammatikasyny öz içine alýar. Ýakynda çapdan çykan ikinji bölegi bolsa Türkmenistanyň syýasaty, ykdysadyýeti, taryhy we milli däp-dessurlary barada tesktlerden ybarat.

Türkmen diliniň okuw kitaby Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynyň birinde eden çykyşyndan başlanýar.

Kitabyň mazmunynyň hut şeýle düzülişiniň sebäbini kitabyň awtory türkolog alym Elwira Grunina ýurduň syýasy gurluşygynyň aýratynlyklary bilen düşündirdi: “Sebabi bu publisistika. Bu jemgyýetçilik sistemasynyň görnüşi we diliň ulanylyşynyň görnüşi”.

Elwira Gruninanyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ol türkmen dilini ulanylyş sistemasynda görkezmek isläpdir. Kitabyň birinji böleginde diliň grammatiki aýratynlyklary görkezilen bolsa, ikinji kitap diliň iş ýüzünde ulanylyşyna bagyşlanýar.

“Türkmen diliniň GDA döwletleri üçin okuw kitaby” türkmençe-orsça we orsça-türkmençe sözlükleri-de öz içine alýar.

Türkmen tarapy hem gatnaşdy

GDA guramasynyň gumanitar hyzmatdaşlygy boyunça döwletara fondunyň maliýeleşdirmeginde Moskwanyň “Gündogar Edebiýaty” neşirinde çapdan çykan bu kitap türkmen tarapynyň gatnaşmagynda işlenip düzülipdir. Türkmenistanyň Döwlet Uniwersitetiniň professory Myrat Penjiýew bu kitabyň awtorlarynyň biridir.

Moskwanyň Döwlet Uniwersitetiniň Aziýa we Afrika ýurtlary Institutynyň Merkezi Aziýa we Kawkaz bounça kafedrasynyň yolbaşçysy Žibek Syzdykowanyň sözlerine görä, kitabyň düzümine girizilen tekstleri saýlap almak boýunça işler hem türkmen tarapynyň gatnaşmagynda amala aşyrylypdyr.

Syzdykowa “Türkmenistanyň syýasy gurluşyny bilmezden we türkmen yolbaşçysynyň çykyşlaryny ulanmazdan, şu günki gün türkmen diliniň syýasy-jemgyýetçilik leksikasyny öwrenmek mümkin däl” diýip, hasap edýär.

Guramaçylaryň sözlerine görä, türkmen dilini öwrenmek isleýän ors dilli okuwçylar üçin niýetlenen kitap GDA döwletleriniň Orsýetdäki ilçihanalaryna, ýokary okuw jaýlaryna we döwlet edaralaryna iberilipdir.

Guramaçylar 2012-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistana sapar edip, bu kitaby ýurduň özünde geçiriljek tanyşdyrylyş çäresi arkaly köpçülige hödürlemekçi.