N. Nurmämmet: “Beýleki ýurtlardan gaty yzda galýarys”

Aşagabatda ýaşaýan aktiwist, "Agzybirlik" halk hereketiniň egindeş başlygy Nurberdi Nurmämmet

Häzir Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda iň haýal internet Türkmenistanda diýip, dünýäde internetiň tizligi boýunça barlag geçiren Amerikanyň “Pando Networks Faýl” alyş-çalyş gullugynyň eýesi aýdýar. Ortaça tizlik dünýä boýunça sekundda 580 kilobit bolsa, bu görkeziji Türkmenistanda ortaça 72, Özbegistanda 73, Eýranda 74 kilobite deňdir.

Azatlyk Radiosy bu barada Aşagabatda ýaşaýan aktiwist, "Agzybirlik" halk hereketiniň egindeş başlygy Nurberdi Nurmämmet bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Nurberdi, siz ýurt içinde oturan adam hökmünde aýtsaňyz, Türkmenistanda Internet nähili ýagdaýda, ýurtda internet hyzmatynyň hili gowulanýarmy?

Nurberdi Nurmämmet: Ýurtda internet hyzmatlaryny hödürleýän iki sany prowaýder bar, olaryň biri “Altyr asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasy, beýlekisi “Türkmentelekom”. Bularyň ikisem döwlete degişli edara. Şeýle-de ýurdumyzda internet kafeleri hem bar, emma internetiň hili hem tizligi ýaramazlygyna galýar.

Azatlyk Radiosy: Siziňçe, Türkmenistanda internetiň hiliniň, tizliginiň gowulanyp gidibermezliginiň sebäbi nämede?

N. Nurmämmet: Munuň birnäçe sebäbi bar. Internetiň hiliniň ýaramazlygynyň ilkinji nobatda tehniki sebäpleri bar. Mysal üçin, “Altyn asyryň” interneti mobil aragatnaşygy arkaly hödürlenýär. Emma bu kärhanananyň gaýtadan iberiji enjamlarynyň ýaýrawy diňe ýurdumyzyň gyrak-bujaklarynda däl, hatda Aşgabadyň içinde-de çäkli. şol sebäpden Aşgabadyň içinde-de internete girip bolmaýan ýerleri bar. “Türkmentelekomuň” internet hyzmatyndan diňe telefon kabelleriniň üsti bilen peýdalanyp bolýar. Emma Aşgabadyň telefon kabelleriniň köpüsi suwuň çinde ýa-da çygda ýatansoň, olaryň tehniki ýagdaýy pes.

Azatlyk Radiosy: Nurberdi, Türkmenistanda internet näme üçin ösüp-örňäp gidiberenok, oňa näme päsgel berýär? Bu ýerde nähili sebäp ýa sebäpler bar?

N. Nurmämmet: Meniň pikirimçe, Türkmenistanda internetiň ösmänliginiň we ösmeýänliginiň sebäbi ýeke sebäbi bar, ol syýasy sebäp: Türkmenistan ýapyk ýurt. Onuň açylmagy üçin döwlet tarapyndan alnyp barylýan iş görnenok. Döwlete ýurduň entägem ýapyk ýagdaýda bolany gerek borly. Ýogsa, ýurduň içindenem, daşyndanam internetiň hilini gowulamagy öz üstüne aljaklary tapsa bolardy. Olar täze-täze öýjükli aragatnaşyk kärhanalaryny hem gurnardylar. Emma bizde tersine, ýokary hilli işläp bilýän MTS kompaniýasynyň işiniň togtadylanyna bir ýyla ýakyn wagt boldy. Ýöne onuň ýeri entägem hoňkaryp dur. Internetde Türkmenistan barada obýektiw hem tankydy makalalar bilen çykyş edýän websaýtlaryň baglanmagy hem döwletmiziň internete bolan garaýşyny görkezýär. Ýurdumyzda internet arkaly döwlet edaralaryna, kärhanalaryna çykyp bolmaýanlygy hem şol garaýşyň netijesi bolsa gerek.

Azatlyk Raldiosy: Nurberdi, Türkmenistanda ýygy-ýygydan prezident derejesinde internet barada gürrüň edilýär. Bu gürrüňlerden nähili netije çykarylýar?

N. Nurmämmet: Ýalňyşmasam, türkmen hökümeti mundan bir ýyl gowrak öň öz işini elektoron hökümet esasynda gurnamaga borçlandy. Şondan bäri geçen wagt içinde men şu ugurda edilen suwytly bir işi gördüm diýip biljek däl. Ýaňy men döwlet edaralaryna hem kärhanalaryna internet arkaly çykyp bolmaýandygyny aýtdym. Ýöne şol kärhanalarda internet ulanylýarmyka beri diýen sorag hem döreýär. Meniň pikirimçe, ol ýerlerde internet ulanylanok, ulanyljagam bolanok. Şu ýagdaýlarda ýurdy dolandyrmagam, eadaralary dolandyrmagam örän kyn, kyn boljagam belli. Biz şu ugurda beýleki ýurtlardan gaty yzda galýarys.

Azatlyk Radiosy: Internetiň şeýle ýagdaýda bolmagy ýurduň ilatyna, adam hukuklaryna nähili täsir ýetirýär?

N. Nurmämmet: Bu ýagdaý ýurduň ilatyna diňe otrisatel täsir edýär. Adamlar özleriniň maglumat almak we maglumat bermek hukuklaryndan peýdalanyp bilmeýärler. Adamlar öz işlerini guranmakda hem kän kynçylyk çekýärler. Meselem, kiçi kärhanada işleýänler, söwda edýänler hem internetiň häzirki ýagdaýyndan kösençlik çekýär.