Şu ýylyň awgustynda Azerbaýjanyň Nahiçiwan awtonom regionynyň Milli howpsuzlyk edarasyndan jesedi çykarylan Turak Zeýnalowyň maşgala agzalary Azatlyk Radiosyna onuň gynamalara sezewar edilendigini görkezýän wideo ýazgyny gowşurdylar.
Şu ýylyň awgustynda aeroportuň tehniki işgäri, 31 ýaşly Turak Zeýnalow Eýranyň bähbidine içalyçylyk etmekde aýyplanyp tussag edilenden kän wagt geçmän, Nahiçiwanyň Milli howpsuzlyk edarasnynyň binasyndan onuň jesedi çykaryldy.
Şu hepdäniň çarşenbe güni Turak Zeýnalowyň kakasy we gelni Turakyň jesedini görkezýän bir wideo ýazgyny Azatlyk Radiosyna gowşurdylar. Onda surata alnan jesediň ýüzi görkezilmese-de, onuň boýnunda we aýaklarynda ýaralaryň yzlaryny görmek bolýar.
Maşgalasy gürrüň berýär
Zeýnalowyň maşgala agzalarynyň aýtmagyna laýyklykda, bu wideo ýazgy Turakyň jesedi özlerine gaýtarylyp berlenden soň, surata düşürilipdir.
Turak Zeýnalowyň kakasy Şuriýe Zeýnalow: “24-nji awgustda meniň oglum Milli howpsuzlyk ministrligine çagyryldy. Ertesi güni, 25-nji awgustda olar meni we meniň gelnimi-de çagyrdylar. Men oglum bilen duşanymda, onuň jenaýaty edip-etmändigini soradym. Ol özüniň günäsizdigini aýtdy. Mundan soň, men Milli howpsuzlyk ministrliginiň Parwiz atly sülçüsine ýüzlenip, näme üçin meniň oglumy ýenjendiklerini soradym. Oglumyň boýnunda we aýaklarynda ýaralaryň yzy bardy” diýip, gürrüň berdi.
Turak Zeýnalowyň gelni Gülnar Zeýnalowanyň aýtmagyna görä, ministrligiň işgärleri onuň adamsyna “sapak” bermek üçin ony ýenjendiklerini aýdypdyrlar.
“Onuň kelleçanagy ýarylypdyr. Onuň boýnunyň töwereklerinde hem kesindiniň yzy bardy. Haçan-da biz bu barada soranymzyda, olar Turakyň boýnunda bir çişiň bolandygyny we diňe şony kesip aýrandyklaryny aýtdylar. Aslynda, olar ony dardan asdylar, bogdular. Soňam bu etmişlerini gizlejek boldular. Onuň endam- jany gökdi. Olary ony elektrik togy bilen hem gynapdyrlar” diýip, Turakyň gelni Gülnar Zeýnalowa gürrüň berdi.
“Bu barada gürrüň etmek gadagan”
Merhumyň maşgala agzlarynyň aýtmagyna görä, Turakyň jesedi 28-nji awgustda, ýagny onuň soraga çagyrylanyndan dört gün soň olara gaýtarylyp berlipdir.
Olar ýerli döwlet edalaryna ýüz tutandyklaryny, ýöne munuň hiç hili netije bermändigi sebäpli, adalat ugrunda Bakuwa, ýurduň merkezi hukuk goraýjy edarlaryna ýüzlenmäge barandyklaryny aýdýarlar. Olar Turaka bildirilýän ähli aýyplamalaryň hem aýrylmagyny talap edipdirler.
Nahçiwanyň Milli hopwsuzlyk ministrligi “Turak Zeýnalow derisindäki rak hassalygyndan ejir çekýärdi” diýip, awgust aýynda beýanat ýaýradypdy. Emma, onuň gelniniň sözlerine laýyklykda, Turakda hiç haçan rak nähoşlugy bolmandyr.
Şuriýe Zaýnalowyň sözlerine görä, onuň maşgala agzalary organ işgärleri tarapyndan Turakyň ölümi bilen baglylykda hiç hili arz-şikaýatlarynyň ýokdugyny aýtmaga mejbur edilipdirler.
“Men ‘oglumy döwlete bagş etdim’ diýip ýazdym. Olar bizi mejbur edip, muny ýazdyrdylar. Olar bize haýbat atdylar. Olar oglumyň jaýlanyş mirasymyna hem hiç kimi gatnaşdyrmadylar. Žurnalistlere-de onuň ölümi bilen baglanyşykly maglumat ýaýratmaklygy gadagan etdiler” diýip, Turakyň kakasy gürrüň berdi.