Özbegistanyň Jyzak welaýatynda ýaşaýan garaşsyz žurnalist, Özbegistanyň prezidentiniň agasynyň ogly Jemşid Karimow ruhy hassahanadan çykaryldy.
Jemşid Karimowyň ruhy hassahanadan çykarylandygy barada ýerli adam hukuklaryny goraýjy toparlar maglumat ýaýratdylar.
Jemşid Karimow 2005-nji ýylyň sentýabrynda tussag edilipdi. Sud ony mejbury ruhy bejergä höküm edipdi. Tussag edilmezinden ozal Jemşid Karimow internetde ýerli we paýtagtdaky häkimiýet organlaryny tankytlaýan makalalary çap edipdi.
Jemşid Karimowyň azatlyga çykarylandygy barada, öz çeşmelerine salgylanyp, özbegistanly adam hukuklaryny goraýjy Saida Gurbanowa şeýle diýdi: «Men Jyzak şäherine baranymda, onuň goňşularyny gördüm. Muny şolar maňa aýtdylar. Jemşid ruhy kesellileriň hassahanasyndan çykypdyr. Öýünde eken. Soňra men muny beýleki adam hukuklaryny goraýjylardan hem soradym. Olar hem muny tassykladylar. Emma onuň şu wagt näme üçin çykarylandygyny hiç kim bilenok».
“Hassalygyň” taryhy
Jemşid Karimow 2005-nji ýylyň sentýabrynda tussag edilipdi we suduň karary bilen 6 aýlap mejbury ýagdaýda saglygyny bejertmek üçin ruhy kesellileriň hassahanasyna salnypdy.
2007-nji ýylyň awgustynda Samarkandyň ruhy hassahanasynda mejbury saklanýan Jemşid Karimowyň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşandygy barada habarlar peýda boldy. Onuň soňky takdyry barasynda hiç zat mälim däldi. Netijede, suduň karary bilen saglygyny mejbury bejertmek üçin ruhy hassahana salnan Jemşid Karimow aradan 6 ýyl geçensoň, azatlyga çykaryldy.
Jemşid Karimowy tanaýanlar onuň aslynda fiziki we aň taýdan sagdygyny, diňe onuň hökümeti açyk tankyt edeni üçin köpsanly beýleki garaşsyz žurnalistler ýaly şeýle agyr ýagdaýa duçar bolandygyny belleýärler.
Jemşid Karimow prezident Yslam Karimowyň agasynyň ogly bolsa-da, hiç wagt onuň Yslam Karimowyň wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmandygyny, onuň arkasyndan öz hiç bir işini bitirmändigini aýdýarlar.
Jemşid Karimow ruhy hassahana ýerleşdirileninden soň, birnäçe halkara guramalary onuň ykbalyna alada bildirip, žurnalistiň azatlyga çykarylmagyny yzygiderli talap edip geldiler.
“Hiç kim repressiýadan halas däl”
43 ýaşly Jemşid Karimowyň Britaniýadaky «Uruş we parahatçylyk maglumatlar instituty” bilen hyzmatdaşlyk edendigi we onuň şol institutyň “Uznews.net” saýtynda çap edilen tankydy makalalary üçin şeýle jezalara duçar edilendigi habar berilýär.
Geçen aýda samarkantly adam hukuklaryny goraýjy Norboý Haljigitow hem türmeden boşadylypdy. Ol ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klintonyň Özbegistana saparynyň öň ýanynda azatlyga çykaryldy.
Ýerli adam hukuklaryny goraýjylary käbir aktiwistler türmelerdäki adam hukuklaryny goraýjylaryň we žurnlistleriň azat edilmegini Waşingtonyň adam hukuklary babatda Özbegistanyň hökümetine görkezýän basyşlarynyň netijesi diýip hasaplaýarlar.