Gyrgyzystanly Ataý Ýewropany haýran galdyrdy

Ataý Ömürzakowyň Bratislawada "Çehiýa-Slowakiýa talantlary gözleýär" atly bäsleşikde ýeňiş gazanan pursaty. 27-nji noýabr, 2011.

Ýekşenbe güni “Çehiýa-Slowakiýa talantlary gözleýär” atly telebäsleşikde gyrgyzystanly Ataý Ömürzakow finalda ýeňiş gazanyp, iň uly baýraga mynasyp boldy.

Slowakiýanyň paýtagty Bratislawada ýekşenbe güni geçirilen talantlaryň bäsleşiginde gyrgyzystanly breýk tansçysy Ataý Ömürzakow finalda ýeňiş gazanyp, iň uly baýragy aldy.

Synagda “Prima” telekanalynyň we telebäsleşigiň talabyna görä, teletomaşyçylardan iň köp SMS alan dalaşgär ýeňiji diýlip, yglan edilýär. Şonuň üçin telebäsleşigi alyp baryjylar Ataý Ömürzakowy “Slowakiýada we Çehiýada teletomaşaçylaryň iň köp sesini alan absolýut ýeňiji” diýip yglan etdiler.

Synagyň ahyrynda Ataýyň özüne söz berenlerinde, ol öz ähli janköýerlerine we žýuri agzalaryna minnetdarlygyny bildirdi. Begenç gözýaşlaryny gizläp bilmedik Ataý Ömürzakow: “Maňa ses berenlere we meniň üçin öz gymmatly wagtyny ýitirip, şou bäsleşigine tomaşa edenleriň ählisine öz minnetdarlygymy bildirýärin. Men örän bagtly. Bu meniň ilkinji uly ýeňşim” diýdi.

“Breýk tansyny ýokary göterdi”

“Çehiýa-Slowakiýa talantlary gözleýär” diýlip atlandyrylan bu ýaryşyň ýeňijisine 100 müň ýewro baýrak berildi. Synagy alyp baryjylar 100 müň ýewrony gyrgyz somuna öwrüp, onuň 6 million 214 müň som bolýandygyny hem yglan etdiler.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Gyrgyz tansçysy Ataý Ýewropany haýran galdyrdy


Şoňa çenli geçirilen ýarym final synagynda Ataý Ömürzakowyň ýerine ýetiren tansyna žýuri agzalary ýokary baha beripdiler. Žýuri agzalarynyň biri, çehiýaly tanymal aktýor Martin Deýdar bu bäsleşikde Ataý Ömürzakowyň öz tans ussatlygy bilen breýk tansynyň derejesini has-da ýokary göterendigini, onuň tansynyň aşa çeperçilik bilen ýerine ýetrilendigini nygtady.

Bäsleşigiň şertine görä, bu bäsleşigiň ýeňijisi Las Wegasda geçiriljek dünýä boýunça bäsleşige gatnaşmaly.

Las Wegasa gitmezligi mümkin

Emma ýekşenbe güni geçirilen synagda Ataýyň ýanynda bolan Bratislawada okaýan gyrgyzystanly student Askat Abdukadyrowyň sözlerine görä, Ataýyň ol teklibi kabul etmezligi mümkin.

“Ol ‘bu mümkinçiligi slowaklara bererin. Sebäbi olaryň bäsleşigi bilen Las Wegasdaky ýaryşa gatnaşsam, meniň nädogry iş etdigim bolar’ diýip, maňa aýtdy. Onsoňam, ol ‘Gyrgyzystandaky janköýerlerim hem slowaklaryň adyndan çykyş etsem, meni halamazlar’ diýip, Las Wegasdaky ýaryşa gatnaşmajakdygyny gytaklaýyn bildirdi. Entek belli däl, ilki pikirlenip, soňra onuň özi belli bir karara geler” diýip, Askat Abdukadyrow belledi.

21 ýaşyndaky Ataý Ömürzakow geçen ýyl Orsýetiň “Minuta slawy”, ýagny “Şöhrat pursaty” atly bäsleşigine-de gatnaşyp, ikinji orny alypdy. Ol üstümizdäki ýylda Ukrainada “Meniň ukybym” synagyna hem gatnaşdy.