Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna dört günlük resmi sapary dowam edýär. Berdimuhamedow Hytaýyň prezidenti Hu Jintao, şeýle hem ýurduň beýleki ýokary derejeli resmileri bilen gepleşikler geçirýär. Gepleşikleriň dowamynda Hytaýa akdyrylýan tebigy gazyň ýyllyk möçberini 65 milliard kubometre ýetirmek barada ylalaşyga gol goýulmagyna garaşylýar. Bu gepleşikler dünýä metbugatynyň ünsüni çekdi.
“Türkmenistanyň prezidenti Hytaýa akdyrýan tebigy gazynyň möçberini giňelder” diýen sözbaşy bilen “Waşington Post” gazeti “Assoşeýted Press” agentligine salgylanmak bilen Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýa saparynyň dowamynda geçiriljek döwletara gepleşiklere ünsi çekýär. Gazetiň ýazmagyna görä, türkmen prezidentiniň Pekine saparynyň dowamynda dünýä ykdysadyýetinde ikinji orny eýeleýän Hytaýa akdyrylýan türkmen gazynyň ýyllyk möçberini goşmaça 25 milliard kubometr köpeltmek barada iki ýurduň prezidentleriniň arasynda ylalaşyga gol goýlar. Şunlukda Türkmenistanyň Hytaýa satýan gazynyň umumy möçberi ýylda 65 milliard kubometre ýetiriler. Bu möçber Hytaýyň 2010-njy ýylda sarp eden tebigy gazynyň ýarsyny emele getirýär. Şeýle-de Hytaý Türkmenistanyň nebit we gaz senagaty üçin gerek bolan enjamlary satyn almagy üçin bu ýurda berýän kreditiniň möçberini hem giňelder diýip, “Waşington Post” ýazýar.
“Roýter” habar gullugy hem Berdimuhamedowyň Hytaýa saparyndaky gaz boýunça gepleşiklere ünsi çekipdir. Agentligiň maglumatynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pekinde geçiren metbugat konferensiýasynda gaz hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselesi barada aýdandygy, ýöne gazyň möçberiniň köpeldiljek wagtynyň anyklanmandygy bellenilýär. “Roýteriň” ýazmagyna görä, Türkmenistan Eýrana we Hytaýa gaz eksportlaryny giňeltmek bilen ykdysadyýeti ýokary depgin bilen ösýän ýurtlaryň hatarynda durýar. Şeýle hem Türkmenistanyň “Transhazar” gaz geçirijisiniň üsti bilen gaz ekport ýollaryny giňeltmek planlary Ýewropa Bileleşiginiň hem-de ABŞ-nyň berk goldawyny aldy diýip, “Roýter” ýazýar.
Azerbaýjanyň “Trend” neşiri Türkmenistanyň prezidentiniň ykdysady hyzmatdaşlygy hiç haçan syýasylaşdyrmaýandygyna ünsi çekýär. Hytaýyň habar beriş serişdelerine beren interwýusynda Berdimuhamedowyň dünýa gaz satmak syýasaty barada giňişleýn gürrüň berendigini “Trend” ýazýar. Gaz eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmak syýasaty esasynda ozalky bar bolan ýollara goşmaça Türkmenistan-Hytaý hem-de Türkmenistan-Eýran gaz geçirijileri boýunça uly proýektleriň amala aşyrylandygyny, şeýle hem häzirki wagtda ýene-de bir möhüm proýekti – Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz proýektini amala aşyrmak boýunça gepleşikleriň soňky tapgyryndadygyny Berdimuhamedow nygtapdyr.
Türkmen Döwlet habarlar gullugy Hytaýyň paýtagtynda Türkmenistanyň prezidenti, Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň akademigi, medisina we ykdysady ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň derman otlary”, “Ganatly bedewleriň uçuşy”, “Türkmenistan sagalyş ülkesi” atly hytaý diline terjime edilen kitaplarynyň görkezilişiniň bolandygyny ýazýar.