Geçen hepde Azerbaýjana sapar eden Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretarynyň Ýewroaziýa energiýa meseleleri boýunça ýörite wekili Riçard Morningstar azeri resmileri bilen geçiren gepleşiklerinde bu regiondan Ýewropa çekilmegi göz öňünde tutulýan “Transhazar” we “Günorta koridor” gaz proýekti bilen bagly meselelere aýratyn üns berdi.
Bu wakalaryň fonunda bolsa, geçen hepdäniň çarşenbe güni Türkmenistanyň Bakudaky ilçihanasynda Azerbaýjanyň ýokary derejeli resmileriniň gatnaşmagynda geçirilen ýörite dabarada türkmen ilçisi Toýly Kömekowyň iki ýurduň ýakyn we hoşniýetli gatnaşyklaryna ýokary baha berip çykyş edendigi habar berildi.
Emma düýbi Bakuda ýerleşýän “Caspian Barrel” atly energiýa-barlaglar merkeziniň direktory Ilhan Şaban Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda medeni-gumanitar derejede käbir kontaktlaryň bardygyna garamazdan, Sowet ýyllaryndakylar bilen deňeşdirilende, gatnaşyklaryň has sowandygyny aýdýar:
—Biz gatnaşyklarda bar diýilýän ýylylygy duýmaýarys. Türkmenistan ýapyk ýurt. Bu ýurda azerbaýjanlylaram baryp bilenoklar, türkmenistanlylaram Azerbaýjana gelip bilenoklar. Sebäbi Türkmenistan ýapyk ýurt, oňa wiza almak meselesinde-de hiç hili ýeňillik ýok. Sowet ýyllarynda Baku şäheri bilen häzirki Türkmenbaşy şäheriniň arasynda ýolagçy gatnadýan paromlaryň her gün birnäçe gezek gatnandygyna garamazdan, häzirki wagt iki ýurduň arasynda ýük paromlaryndan başga hiç zat gatnanok. Hatda Baku bilen Aşgabadyň arasynda uçar gatnawlary-da ýok, uçar gatnawlaram Günbataryň ‘Lufthansa’ kompaniýasy tarapyndan amala aşyrylýar.
Azerbaýjanly ekspert Türkmenistanyň birtaraplaýyn alyp barýan ýapyklyk syýasatynyň iki ýurduň gatnaşyklarynyň örän köp ugurlaryna ýaramaz täsirini ýetirýändigini aýdýar.
Ýöne, beýleki tarapdan, soňky wagtlar Günbatar bilen energiýa hyzmatdaşlyklaryny ýola goýmaga çalyşýan Türkmenistan üçin Azerbaýjan tranzit ýurt bolup hem durýar. Şu nukdaýnazardan iki ýurduň hoşniýetli gatnaşyklaryna örän köp zatlar bagly bolar diýen garaýyşlar hem bar.
Türkmenistanyň gazyny Hazar deňzi arkaly Azerbaýjanyň üsti bilen Günbatara akdyrmak perspektiwasynyň ýakyn wagtlarda amala aşyp biljekdigi ýa bilmejekdigi barada azerbaýjanly ekspert Ilhan Şaban şeýle pikirde:
—Hazaryň durumy bilen baglanyşykly mesele bu deňze şärik ähli ýurtlar tarapyndan düýpli çözülýänçä, “Transhazar” gaz proýektine maýa ýatyrmaga isleg bildirjekleri tapmak kyn bolar. Meniň pikrimçe, Hazaryň durumy bilen baglanyşykly umumy bir ylalaşyga gelinmese, hiç bir inwestor Hazar gazgeçirijisi ýaly uly proýekte maýa ýatyrmaz. Islendik ýagdaýda-da, deňziň durumy meselesinde Orsýet we Eýran tarapyndan görkezilýän basyşlar töwekgelçiligi hem-de uly goňşy ýurtlar tarapyndan real basyşlary görkezýän fakt bolmagynda galýar.
Bakuwly bilermen Ilhan Şaban gazgeçirijileriň howpsuzlygy bilen bagly meselede-de Türkmenistanyň öz serhetlerinden aňryk geçýän şärikli bölekleriň jogapkärçiligini öz üstüne almak islemeýändigini belleýär. Onuň aýtmagyna görä, şu mesele hem Türkmenistanyň öz gazyny özbaşyna daşarky bazarlara çykarmak meselesinde çynlakaý kynçylyklary döredýär.