Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasynyň başlygynyň orunbasary Aleksandr Medwedew Türkmenistanyň Günorta Ýolöten gaz ýatagynyň zapaslary barada yglan edýän resmi sanlaryna şübhe bildirdi. Resmi Aşgabat Medwedewiň bu çykyşyny türkmen gazynyň möçberine degişli hakyky ýagdaýy ýoýmaga synanyşyk we hormatsyzlyk diýip häsiýetlendirdi.
“Gazpromyň” ýokary derejeli resmisi Medwedew 18-nji noýabrda Orsýetiň “Rossiýa 24” telekanalynda görkezilen çykyşynda Türkmenistanyň Günorta Ýolöten ýatagynyň gaz zapaslaryna degişli sanlaryny yglan etmegine “esas ýok diýip hasap edýänligini” mälim etdi.
Resmi Aşgabadyň Britaniýanyň “Gaffney Cline&Associates” kompaniýasynyň audit barlaglaryna salgylanyp yglan edýän resmi sanlaryna görä, Günorta Ýolöten gaz ýatagynyň gaz baýlyklary maksimal 26 trillion kubometrden gowrak möçberde kesgitlenýär. Bu san Günorta Ýolöteni ululygy boýunça dünýä derejesinde ikinji orna çykarýar.
Ýiti reaksiýa
“Gazpromyň” resmisi Aleksandr Medwedewiň çykyşy türkmen tarapynyň ýiti nägileligini döretdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi metbugat üçin ýaýradan beýanatynda Medwedewiň çykyşyny türkmen gazynyň möçberine degişli hakyky ýagdaýy ýoýmaga synanyşyk we hormatsyzlyk diýip atlandyrdy.
Ýakyn günlerde Türkmenistan öz uglewodorod serişdeleriniň möçberine degişli täze sanlary çap etdi. Resmi maglumatlara görä, ýurduň geologiýa zapaslarynyň şertli möçberi 71 milliard tonnadan aşýar. Ozalky görkezijiler bolsa 45,44 milliard tonnadan ybaratdy. Täze sanlara görä, ýurduň tassyklanan gaz baýlyklarynyň jemi möçberi 25,213 trillion kubometrden ybarat.
Energiýa meseleleri boýunça regional bilermen, Azerbaýjanyň nebiti öwreniş merkeziniň müdiri Ilhan Şabanyň pikirine görä, häzirki ýagdaý Moskwa bilen Aşgabadyň arasynda nebit-gaz boýunça gapma-garşylyklaryň gitdigiçe güýçlenýänliginden habar berýär.
Orsýetiň resmileriniň Türkmenistanyň alyp barýan energiýa syýasatyna degişli ýiti çykyşlary Aşgabadyň diňe bir gaz baýlyklarynyň möçberi bilen çäklenmeýär. 14-nji oktýbarda Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew hem Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen geçirýän gepleşikleriniň üns merkezinde bolan “Transhazar” gazgeçirijisiniň perspektiwalaryna şübhe bildiripdi. Ol Hazaryň tebigy gazyny Ýewropanyň bazarlaryna akdyrmak maksady bilen ÝB-niň teklip edýän “Transhazar” proýektini durmuşa geçirmek üçin hazarýaka döwletleriniň ählisiniň razylygynyň talap edilýänligini nygtapdy.
“Gazpromyň” ýokary derejeli resmisi Aleksandr Medwedewiň Turkmenistanyň gaz baýlyklarynyň möçberine şübhe bildirip, eden çykyşynda aýtmagyna görä, ol Türkmenistanda gazyň bardygyny aradan aýyrmaýar, emma ýurduň täze gaz ýataklaryndaky önümçilik şertleriniň çylşyrymly bolup, düýpli inwestisiýalary talap edýänligini belleýär.
Gabanjaňlykmy?
Bilermenler bolsa Orsýetiň ýokary derejeli resmileriniň Türkmenistan babatynda edýän beýannamalarynyň hakyky sebäbini Aşgabadyň Orsýetden sowlup geçýän gazgeçirijileriň gurluşygyna degişli proýektler barada günbatar döwletleri bilen alyp barýan gepleşiklerinden görýärler.
Ýakyn günlerde Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen energiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça gepleşikleriň çäginde ençeme duşuşyklary geçirdi. Geçen hepdede Aşgabada, hususan-da, Germaniýanyň daşary işler ministriniň, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýorite wekiliniň we ABŞ-nyň döwlet departamentiniň Ýewraziýa energiýa meseleleri boýunça wekiliniň saparlary boldy.
Energiýa meseleler boýunça ekspert Ilhan Şaban Orsýetiň resmileriniň tankydy çykyşlarynyň, adatça, Türkmenistanyň Günbatara tarap ädýän takyk adimleriniň yzysüre edilýänligine ünsi çekip, häzirki tankyda Türkmenistanyň günbatar kompaniýalaryna eden teklibiniň sebäp bolanlygyny çak etdi:
—Türkmenistanyň ýolbaşçylary Aşgabatda geçirilen halkara konferensiýasynyň gidişinde günbatar kompaniýalaryny ýurduň içerki proýekti bolan Gündogar-Günbatar gazgeçirijisiniň gurluşygyna gatnaşmaga çagyrdy. Bu gazgeçiriji Türkmenistanyň gaz baýlyklaryny Hazar deňziniň kenaryna ýetirmegi göz oňünde tutýar. Hut şu mesele Moskwa üçin öjükdiriji yşarat bolan bolmaly.
Bilermenler Türkmenistanyň amala aşyrýan we maýa goýujylar üçin ykdysady taýdan bähbitli proýektlere ors kompaniýalarynyň gatnaşdyrylmaýanlygynyň we üstesine-de Ýewropanyň öz gaz üpjünçiliginde Orsýetiň gazyna bolan garaşlylygyny çäklendirmäge synanyşýanlygynyň hem Moskwanyň göwnünden turmaýanlygyny belleýärler.
Ýakyn wagtda Türkmenistanyň prezidentiniň Orsýete sapar etmegine garaşylýar. Resmi maglumatlarda bu saparyň dekabr aýynda boljakdygy habar berildi.