Täze Salman Ruşdi meselesi — “Facebook” sosial ulgamynyň at we lakam syýasaty

Salman Ruşdi

Ýazyjy Salman Ruşdi özüniň duşmanlarynyň bardygyny bilýär. 1989-njy ýylda onuň “Şeýtanyň aýatlary” atly kitaby üçin, Eýranyň yslam resmileri oňa fatwa yglan edipdiler. Şondan bäri ol gizlenip ýaşaýar.

Duşenbe güni “Facebook” sosial ulgamy Salman Ruşdiniň lakamynyň ýerine, onuň rugsadyny almazdan, hakyky adyny ýerleşdirdi. Mundan soň onuň nobatdaky garşydaşy peýda boldy. Bu-da internet. Salman Ruşdi “Facebook” sosial ulgamynyň ulanyjylaryň hakyky atlaryny gözkezmek syýasatyna protest bildirip gelýär.

Ýazyjy Salman Ruşdi, edil ozalkylary ýaly, klawiaturanyň başynda ýazyp-bozmak bilen gümra. Ýöne öňküsinden tapawudy – ol edebi-çeper eser döretmek bilen meşgullanman, eýse durky bilen internet aktiwligine berildi.

Duşenbe güni “Facebook” sosial ulgamy, hiç bir razylyk almazdan, “Salman Ruşdiniň” adyny, onuň çyn ady “Ahmet Ruşdi” bilen çalşyrdy. Şondan bäri ol protest hökmünde giň gerimli internet kampaniýasyny alyp barýar.

Soňra Ruşdiniň ady öňküsi ýaly “Salman” diýlip üýtgedildi. “Facebook” muny adamlaryň özleriniň lakamlaryny asyl at hökmünde ulanmaga haklarynyň barlygy bilen düşündirdi. Ruşdiniň lakamy “Salman”. Sosial ulgamyň bellemegine görä, bu “bir ýönekeý ýalňyşlyk bolupdyr”.

“Facebook” sosial ulgamy ulanyjylaryň arasynda hakyky atlary anyklaşdyrmak syýasatyny alyp barýar. Bu çäräni “Google +” platformasy hem talap edýär



Häzir “Facebook” sosial ulgamy ulanyjylaryň arasynda hakyky atlary anyklaşdyrmak syýasatyny alyp barýar. Bu çäräni “Google +” platformasy hem talap edýär.

Häzirki gapma-garşylyklar internetiň mundan beýläk nähili görnüşde bolmalydygy baradaky dowam edýän soraglary aýdyňlaşdyrýar. Ýagny, internet äleminde iş alyp barýanlaryň atlary olaryň hakyky atlaryna bap gelmelimi, ýa-da häzire çenli bolşy ýaly, ýene anonim bolup galmalymy?

Üstesine-de, bu mesele Eýran, Azerbaýjan we Belarus ýaly repressiw režimli döwletlerde internet aktiwistleriniň ýagdaýy barada hem dürli soraglary döredýär. Şeýle ýurtlardaky internet aktiwistleri öz howpsuzlygy üçin, çyn atlarynyň ýerine lakam ulananlaryny gowy görýärler.

Ruşdi özüniň kampaniýasyny “Twitter” sosial ulgamynyň üsti bilen alyp barýar. Bu platformada ýeri bolan adamlar özleriniň hakyky atlaryny görkezmäge mejbur edilmeýär. 800 million aktiw ulanyjysy bolan “Facebook” bolsa öz ulanyjylaryny hakyky şahsyýetlerini görkezmäge borçly edýär.

“Facebook hemişe hakyky at ulanmak medeniýetine esaslanýardy” diýip, “Facebook” kompaniýasynyň Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna iberen hatynda aýdylýar. “Biz bu işiň has uly jogapkärçilige hem-de bu hyzmaty ulanýanlar üçin has howpsuz we has uly ynam bildirilýän ýeriň döremegine ýol açjakdygyna çuňňur ynanýarys”.

Şeýle hem bu düzgün uly girdeji getirýär. Tehnologiýa howpsuzlygy boýunça ekspert Brýus Şaýeriň aýtmagyna görä, internetdäki uly biznesiň ugruny pullar kesgitleýär:

—“Facebook we “Google +” öz ulanyjylarynyň hakyky atlaryny görkezmek syýasatyny alyp barýarlar. Olar muny diňe özleriniň şahsy bähbitleri üçin edýärler. Olar kommersiýa ulgamyna öwrülmek isleýärler. Siz “Facebook” ulgamynyň ulanyjysy däl. Siz “Facebook” ulgamynyň öz ulanjylaryna satýan harydy. Hawa, käbir adamlaryň bu sosial ulgamdan çykmagy mümkin. Ýöne olar köp adamlaryň galjakdygyny bilýärler. Olar ulanyjylarynyň lakamlaryny däl, hakyky atlaryny reklama gulluklaryna berip, has köp pul gazanmagyň ýolunda.

Ruşdi “Facebook” ulgamynyň alyp barýan syýasaty sebäpli zyýan çeken köpüň biri bolsa-da, onuň sözlerine görä, ulanyjylaryň hakyky atlaryny görkezmek syýasaty, gerekmejek dawa-jenjelleriň öňüni almak maksady bilen, birneme haýal amala aşyrylýar.