Günbatar Eýrana sanksiýa duýduryşyny berýär

Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmadinejad (sagda) we ýurduň ýokary ruhany lideri Ayatollah Ali Hameneýi Tährandaky üýşmeleňde, 2009-njy ýylyň 3-nji awgusty.

Eýranyň ýadro ýaragyny özleşdirýändigi barada berk delilleri getirýän hasabat çap edilensoň, Günbatar ýurtlary Tährana garşy has berk sanksiýalary girizjekdiklerini aýdyp, duýduryş berýärler. Orsýet bolsa beýle çäreleri goldamajakdygyny aýdýar.

Birleşen Milletler Guramasy Tähranyň ýadro ýaragyny özleşdirýändigini aýan edýän hasabaty çap edensoň, Günbatar ýurtlary Eýrana ýadro programmasy boýunça basyşy artdyrmagyň ugurlaryny maslahat edýärler.

Ýöne Orsýet bular ýaly ädimleri goldamajakdygyny mälim etdi. Tähran bolsa BMG-niň ýadro boýunça edarasynyň ýaýradan hasabatyny “esassyz” diýip, ret etdi.

Fransiýanyň daşary işler ministri Alen Žüpeniň bellemegine görä, hasabatyň ähmiýetiniň derejesi BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň maslahatyna sebäp bolup biler.

Germaniýanyň daşary işler ministri Guido Westerwelle bolsa Berlinde şeýle çykyş etdi:

—Eger-de Eýran mundan beýläk-de özüniň ýadro programmasy boýunça möhüm gepleşiklerden ýüz öwürse, täze we berk sanksiýalar hökmany suratda giriziler. Aýgytlaýjy we giň gerimli sanksiýalaryň girizilmegi iň dogry ýoldur. Biz harby mümkinçilikler baradaky islendik gepleşikleri inkär edýäris.

BMG-niň Halkara atom energiýasy gullugynyň Eýran boýunça ýaýradan soňky hasabatynda Tähranyň “ýadro partlaýjylarynyň özleşdirilmegine degişli bolan” synaglary geçirendigi barada hem maglumat bar.

Eýran ret edýär

Bu dokument BMG-niň edarasynyň Tähranyň ýadro programmasyny ýarag bilen baglanyşdyran ilkinji hasabaty boldy.

Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad döwlet telewideniýesinde çykyş edip, BMG-niň ýadro edarasynyň Tähranyň ýadro ýaragyny döretmek babatda iş alyp barýandygy boýunça Amerikanyň “boş” aýyplamalaryna gidip, özüne bildirilýän ynamyny gaçyrandygyny aýtdy.

—Siz näme üçin Amerikanyň boş aýyplamalary sebäpli öz abraýyňyzy gaçyrýarsyňyz? Eýranyň halky bilen dost bolsaňyz, bu diňe siziň bähbidiňize bolar. Taryhyň görkezişi ýaly, Eýranyň duşmanlary şöhrata we ýeňşe eýe bolan däldir— diýip, Ahmedinejad aýtdy.

BMG-niň Eýranyň garşysyna goşmaça sanksiýalary girizmeginiň belli bir derejede garjaşyk bolmagy hem mümkin. Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Gennadiý Gatilowyň bellemegine görä, “Eýrana garşy girizilen islendik goşmaça sanksiýalary halkara jemgyýetçiligi Eýranyň režimini üýtgetmek üçin gural hökmünde häsiýetlendirip biler”.

Gatilowyň “Interfax” habarlar gullugyna aýtmagyna görä, beýle garaýyş Moskwa üçin “kabul ederliksizdir”. Şeýle-de, onuň nygtamagyna görä, bu krizisden çykmagyň ýeke-täk ýoly dialogdyr.