Post-sowet ýurtlarynyň köpüsinden tapwutlylykda, Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynda syýasy sebäpler esasynda daşary ýurtlara çykan raýatlarynyň köpüsini gara sanawda saklaýar. Şu sebäpden olaryň köpüsi bu ýyl hem Gurbanlyk baýramyny öz yzda galan dogan-garyndaşlaryndan, dost-ýarlaryndan, goňşy-golamlaryndan we tanyşlaryndan aýralykda bellemeli bolýarlar.
Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan mysapyr türkmenleriň köpüsi Gurbanlygy indi ýedi-sekiz, on-on bäş ýyl bäri ata watandan, dogduk deplerinden uzakda bellemeli bolýandyklaryny aýdýarlar.
Müsürde ýaşaýan Öwez Ýollyýew Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde özleriniň Gurban baýramyny edil Türkmenistanda belleýişleri ýaly üç günläp, türkmeniň milli naharlaryny, husasanam dograma, palaw bişirip, bir-biregiňkä myhman baryp, degşip-gülşüp, şatlyk bilen belleýändiklerini aýtdy.
“Biz Kairde ýigrimi çemesi türkmen bolup ýaşaýarys. Içimizde öýli-işikli bolan oglanlar hem bar. Onsoň, adatça, şol öýli-işikli oglanlar janly öldürip, öýlerinde dürli tagamlary taýýarlarýalar we talyp oglanlary, başgalary öýe çagyrýarlar” diýip, Öwez gürrüň berdi we özüniň bu gezek gurbanlygy birinji gününde, ýagny şu gün edýändigini aýtdy.
Germaniýanyň Berlin şäherinde ýaşaýan Ýusup Kor hem gurbanlygy şu gün edýän eken. Ýusup türkmensähraly türkmenlerden, ýöne ol Germaniýa göçüp gelmezinden öň Türkmenistanda hem ýaşapdyr. Azatlyk Radiosy Ýusupdan Gurbanlygy berlinli türkmenleriň nähili belleýändiklerini soradyk.
“Bu ýerde mal öldürtmek üçin ýörite firmalar bar. Onsoň her kim şol firmalar bilen habarlaşyp, puluny geçirip, belleşilen wagtda şol ýerden gurbanlyk janlysyny alyp gaýdýar” diýip, Ýusup gürrüň berdi.
Musulman äleminiň ähli ýerinde, şol sanda Türkmensährada we Türkmenistanda hem Gurbanlyk ýagşylygyň, birek-birege ýakynlaşmagyň, sylag-hormatyň baýramçylygy. Berlinli Ýusup atadan ogla, eneden gyza geçip gelýän bu däbi özleriniň german topragynda hem birkemsiz berjaý edýändiklerini aýtdy.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Waşingtonda ýaşaýan türkmenistanly ykdysatçy bolsa baýramçylyk gutlagyny aýtdy: “Bütin dünýäde ýaşaýan musulmanlara, şol sanda dürli ýurtlarda ýaşaýan türkmenlere mübärek Gurban aýynda hudaý ýoluna beren sadakalaryňyz kabul bolsun diýmekçi”. Ol ýeneki gurbanlyklara hem jan saglygynda ýetmegi arzuw etdi. Bu arzuwa berlinli Ýusup Kor, kairli Öwez Ýollyýew dagy hem goşuldy.
Türkmen kanunlary raýatlaryň ýurtdan gitmek we yzyna gelmek, islän ýerinde ýaşamak hukugyny ykrar edýär. Ýöne bu kanun, söhbetdeş bolan mysapyr türkmenleriň köpüsiniň pikirine görä, syýasy garaýyşlary üçin gara sanawa salnan, potensial bozgak hökmünde seredilýän türkmenistanlylar üçin entekler işlemejege meňzeýär.