Korrupsiýa garşy göreşiji Nawalnyý milletçiler bilen

Alekseý Nawalnyý Moskwada geçirilen “Orsýetiň ýörişi” atly çärä gatnaşdy.

Orsýetde milletçilik barha möwjeýär. Anna güni onlarça müň adam Moskwada geçirilýän ýörişe gatnaşdylar. Emma şu ýylky ýörişiň bir tapawutly ýeri bar, bu-da ýörişe “korrupsiýanyň barlyşyksyz söweşijisi” diýen ady alan, Orsýetiň umyt beriji oppozisiýa syýasatçylarynyň biri hökmünde tanalýan Alekseý Nawalnynyň gatnaşmagydyr.

Nawalnynyň häkimiýet başyndaky “Bütewi Orsýet” partiýasyna garşy alyp baran kampaniýasy liberal oppozisiýanyň goldawyny tapypdy. Emma Nawalnynyň milletçiler bilen ysnyşmagy öňki ýolundan dänme hökmünde kabul edildi.

Alekseý Nawalnyý Orsýetiň oppozisiýasynyň barha arşa galýan parlak ýyldyzy hökmünde giňden tanalýar. Emma onuň aç-açan milletçiler bilen ysnyşmagy köp liberallar üçin Nawalnyý bilen iş salyşmagyň howply bir oýun bolaýmagy baradaky howsalany döredýär.

Nawalnyý özüniň bloglarynyň üsti bilen ýokary derejedäki parahorluk barada ýazyp, “korrupsiýanyň barlyşyksyz söweşijisi” diýen ada hem mynasyp bolupdy. Ol anna güni onlarça müň milletçiniň gatnaşmagynda Moskwada geçirilen “Orsýetiň ýörişi” atly çärä gatnaşdy.

Nawalnynyň tarapdarlarynyň aýtmagyna görä, ol oppozisiýa hereketini ýaýbaňlandyrmak, oňa watançylyk toparlaryny goşmak, çepçileriň goldawyny sazlamak ýaly maksatlardan ugur alyp, şeýle çärelere gatnaşýar. Ýöne, nähilem bolsa, onuň bu ýörişe gatnaşmagy liberal oppozisiýada köpleriň nägileligine hem sebäp boldy.

Oppozisiýadaky “Ýabloko” partiýasynyň başlygy Sergeý Mitrohin bu barada şeýle diýdi:

—Bu milletçiligiň has ýumşak ýa-da has gowy görnüşiniň bardygy baradaky pikir-hyýaldan başga hiç bir zat däldir. Eger-de ýumşak milletçiler bir zadyň başyny başlasa, onuň esasy gatnaşyjylary şol bir faşistler bolmagyny dowam etdirýär. Ýumşak ýa-da milletçiligiň başga aýylganç akymlarynyň arasynda hiç bir düýpli parh ýok. Bärde hiç bir çäk ýok, bir tarap beýleki bir tarapy tirkege alýar.

Ýöne Nawalnyny goldaýan liberallar hem bar. “Ýežednewniý žurnal” atly internet neşirinde syýasy bilermen Ýuliýa Latynina käbir “töhmetçileriň” Nawalnynyň watançylygyny milletçilik bilen baglanyşdyrmagynyň özüni “haýrana goýandygyny” ýazdy.

Dawanyň jemi

Nawalnynyň töwereginde döreýän garşylyklar eýýäm köpden bäri gelýän jedeliň, ýagny Orsýetiň oppozisiýasyndaky liberal we milletçilik akymlarynyň ylalaşyp bilip-bilmejekdigi baradaky dawanyň jemidir. Milletçiligiň ýaýbaňlanmagy we barha gazaply häsiýete eýe bolmagy bu dawany şu ýyl has hem üns merkezinde goýdy.

Geçen ýylyň dekabrynda Kremliň diwarlarynyň golaýynda, Manež meýdançasynda bolan barlyşyksyz milletçileriň ýörişi bu ýagdaýlaryň habar beriş serişdelerinde has giňden beýan edilmegine hem itergi boldy.

Anna güni geçirilen ýörişlerden iki gün öň, ýagny 2-nji noýabrda Dmitriý Dimoşkin atly biri Moskwada gysga wagtlyk tussag astyna alnypdy. Dimoşkin gadagan edilen “Slowýanlar geňeşi”, rusçada SS abbrewiaturasy bilen tanalýan gadagan edilen toparyň ozalky başlygy we häzirki ýörişiň liderleriniň biridir. Dimoşkiniň tussag edilmeginiň oňa gytaklaýyn edilen duýduryş bolmagynyň mümkindigi hem aýdylýar. Onuň üstünden etniki çydamsyzlygy döretmek we köpçülikleýin bidüzgünçilikleri gurnamak aýyplamlary boýunça derňew gidýär.

Nawalnyý öz blogunda Dimoşkine garşy gozgalan jenaýat işini ýazgaryp, munuň “galplaşdyrylandygyny” hem ýazypdy.

Moskwanyň şäher resmileri “Orsýetiň ýörişi” atly çärä gatnaşyjylara Lýublino etrabynda ýöriş geçirmäge resmi rugsat berdiler. Geçen ýyl bolan ýörişe 7 müň adam gatnaşypdy.