Postsowet ýurtlarynda Ginnesiň kitabyna girmek bäsleşigi

Ýakynda Türkmenistanyň habar serişdeleri Aşgabatda “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkezi bilen bilelikde gurlan Oguz hanyň sekiz burç ýyldyzynyň dünýäde iň uly ýyldyz şekilindäki arhitektura işi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girendigini habar berdi.

Türkmenistanyň resmi habar agentliginiň maglumatyna görä, bu simwoliki ýyldyzyň şekiliniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girendigini tassyklaýjy dokumenti geçen hepde rekordlary hasaba alyjy bu guramanyň ýörite wekili Amanda Moken Aşgabatda Türkmenistanyň resmilerine gowşurypdyr.

Bu gürrüňi edilýän sekiz burç ýyldyz Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygynyň bosagasynda açylan, beýikligi 211 metrlik tele-radio diňi bilen bilelikde bitewi bir arhitektura kompleksi görnüşinde gurlupdy.

Mundan ozal hem Türkmenistandaky käbir obýektleriň Ginnesiň rekordlar kitabyna giren gezekleri bolupdy. Hususan-da, 2003-nji ýylda uzynlygy 20 metr we ini 14 metr, jemi meýdany 301 kwadrat metr ululygyndaky türkmen halysy dünýäde iň uly haly hökmünde bu kitaba girizilipdi. Ondan soň, 2008-nji ýylda Aşgabatdaky beýikligi 133 metrlik baýdak diňi iň beýik baýdak diňi hökmünde, geçen ýyl bolsa Aşgabat şäheriniň aeroport ýolunyň ugrunda gurlan fontanlar toplumy iň uly fontan hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna giripdi.

Käbir synçylar uludan-ula kowalaşyp, at gazanmak tendensiýasynyň, adatça, awtoritar režimlere mahsusdygyny aýdýarlar. Postsowet döwletlerindäki käbir mysallar bu garaýşy belli bir derejede tassyklaman hem durmaýan ýaly. Mysal üçin, 2008-nji ýylda Türkmenistanyň öz iň beýik baýdak diňi bilen rekordlar kitabyna gireninden kän wagt geçmän, 2010-njy ýylda Azerbaýjan ondan hem belent, ýagny, beýikligi 162 metrlik baýdak diňini gurup, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Emma, tiz wagtdan, Täjigistan şuňa meňzeş baýdak diňiniň beýikligini 3 metr artdyryp, in öňdäki orna geçdi.

Azatlyk Radiosynyň Azerbaýjan gullugynyň redaktory, postsowet döwletleri boýunça bilermen Ziýa Majitli awtoritar režimlerdäki şeýle tendensiýalara ýerli häkimiýetleriň onyň many bermäge çalyşýandyklaryny aýdýar.

—Häkimiýetleriň pozisiýasyndan seretseň, mysal üçin, Azerbaýjandaky baýdak diňini halkyň watançylyk duýgusyny ýokarlandyrmak üçin edilen bir iş hökmünde düşündirmek mümkin. Ýagny, hamala, hemme adamlar öz milli baýdaklaryna syn edip bilýär, ýürt özüni bütin dünýä tanadýar, taryha girýär we şuňa meňzeşler. Emma, beýleki tarapdan, bu meselede häkimiýetleriň uludan-uly zatlar bilen at gazanmak tendensiýalaryny-da görmek bolýar. Üçünji bir tarapdan bolsa, soňky wagtlar Azerbaýjanyň jemgyýetinde şeýle tendensiýalaryň häkimiýetleriň pul ýuwmak meýilleri bilen baglanyşyklydygy barada gürrüňler köp, ýagny, gurulýan obýekt näçe uly bolsa, şonça-da ondan köp pul ýuwup bolýar.

Azerbaýjanly ekspertiň bu garaýşy bilen aşgabatly publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýew hem ylalaşýar. Ol Türkmenistanda uludan-uly myhmanhanalary, ýadygärlikleri we monumentleri gurmak tendensiýasynyň Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygy astynda-da kem-kem artmasa, azalmaýandygyny belleýär.

Ýöne, mundan daşary, Bugaýew uludan-uly zatlar bilen at gazanmak tendensiýasynyň aňyrsynda halkyň we jemgyýetçiligiň ünsüni hakyky problemalardan başga zada sowmak meýliniň-de ýatandygyny öňe sürýär.

Türkmenistanly bir diňleýji bolsa, Türkmenistanyň uly binalar ýa obýektler bilen däl-de, eýsem hukuk meselesindäki, sungatdaky, sportdaky ýa ylymdaky uly görkezijileri bilen rekordlar kitabyna girse, döwlet üçinem, jemgyýet üçinem has bähbitli boljakdygyny nygtady.