Türkmenistan: sanlar bir ýana, durmuş bir ýana

Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň Watan daýhan birleşiginde...

Ýakynda Azerbaýjanda iş alyp barýan Ykdysady we sosial ösüş baradaky barlaglar merkezi Halkara pul gaznasynyň (IMF) maglumatlaryna salgylanmak bilen, şu ýyl postsowet döwletleriniň içinde iň ýokary ykdysady ösüşiň Türkmenistanda boljakdygyny, iň pes ösüşiň bolsa Azerbaýjanda boljakdygyny mälim etdi.

Bu maglumata görä, bu ösüş görkezijisi Azerbaýjanda 0,2 prosent bolsa, Türkmenistanda ol 9,9 prosent bolar.

Eger haýsydyr bir ýurduň ilatynyň sosial-ykdysady hal-ýagdaýynyň derejesi şol ýurduň ykdysady ösüş derejesi bilen kesgitlenmeli bolsa, onda Türkmenistanyň ilaty postsowet döwletleriniň içinde iň ýokary derejede ýaşaýan ilat bolmaly.

Halkara pul gaznasynyň görkezijilerine gorä, 1999-njy ýyldan bäri öz ykdysady ösüşi boýunça Türkmenistan diňe bir postsowet döwletleriniň arasynda däl, eýsem, halkara derejesinde-de iň bir ýokary görkezijileri bilen tapawutlanýan ýurt hökmünde özüni tanadyp gelýär.

Halkara pul gaznasynyň resmi maglumatyna görä, 1999-njy ýylda Türkmenistanyň içerki önümçiligi 16,5 prosent ösüşi görkezen bolsa, 2000-nji ýylda ol 18,5 prosentden hem gowrak bolupdyr, 2001-nji ýylda bolsa bu ösüş rekord derejä ýetip, 20,4 prosente golaý bolupdyr.

Mundan 10 ýyl ozalky görkezijiler bilen deňeşdirilende, şu ýyl bolar diýlip garaşylýan 9,9 prosent ykdysady ösüş, elbetde, has pes. Ýöne ykdysadyýet ugrundan bilermenler hatda bu sanyň hem halkara derejesinde örän ýokary görkezijidigini aýdýarlar.

Sanlar ygtybarlymy?

Geçen hepde Aşgabatda geçirilen Ýaşulular maslahatynyň yzy bilen Türkmenistanyň resmi habar agentligi bu maslahatda ýakyn 8 ýylyň dowamynda, ýagny, 2020-nji ýyla çenli her bir raýatyň jan başyna düşýän içerki önümiň puldaky bahasyny 32 müň dollara ýetirmekligiň karar edilendigini habar berdi.

Emma käbir ýerli raýatlar bu yglan edilen sanyň özleri üçin anyk nämäni aňladýandygyna düşünmeýändikleri aýdýarlar.

Ykdysadyýet ugrundan bilermen, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň ozalky orunbasary Annadurdy Hajyýew Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň we içerki önümçiliginiň ösüşi barada diňe bir ýurduň häkimiýetleriniň däl, eýsem, Halkara pul gaznasy ýaly guramalaryň berýän sanlaryna-da ygtybarly sanlar hökmünde garap bolmajakdygyny aýdýar:

—1990-njy ýyllaryň ortalarynda Nyýazow Türkmenistan bilen baglanyşykly ähli statistikany, şol sanda, bank görkezijileri bilen bagly statistikany hem ýapmak barada görkezme beripdi. Köpsanly halkara guramalary, şol sanda Halkara pul gaznasynyň resmileri-de Türkmenistana gelenlerinde, olara hakykata laýyk gelmeýän ýüzleý maglumatlary berýärdiler. Şol maglumatlardan çen tutubam, bu guramalar öz çaklamalaryny düzýärler. Berdimuhamedowyň ýolbaşçylyk edýän döwründe bu ýagdaý has hem ýaramazlaşdy.

Annadurdy Hajyýew hakyky sanlary gizlemek boýunça alnyp barylýan beýle syýasatyň ýurduň söwda we maliýe pudagynda edilýän pyssy-pyjurlyklary ýaşyrmak üçin alnyp barylýandygyny öňe sürýär.

Medalyň arka tarapy

Türkmenistanyň ykdysady ösüşi barada berilýän şeýle ýokary sanlara garamazdan, düýbi Britaniýada ýerleşýän “Maplecroft” barlaglar merkezi şu ýylyň ýanwarynda ýaýradan hasabatynda Türkmenistany biznes işleri üçin iň howply ýurtlaryň hatarynda bäşinji orunda goýupdyr. Hasabata görä, bu meselede dünýäde Türkmenistandan ýaramaz dört ýurt bar. Olar: Kongo, Somaliýa, Demirgazyk Koreýa we Mýanmar (Birma).

“Maplecroft” guramasy Türkmenistandaky bu ýagdaýa baha berlende ýurtdaky korrupsiýa, korporatiw dolandyryş, biznesi kadalaşdyryjy düzgünler, emläk hukugynyň goralyşy, kanunlaryň işleýiş ýagdaýy we üpjünçilik operasiýalarynyň howpsuzlygy ýaly meseleleriň giňden göz öňünde tutulandygyny belleýär.

Adatça, döwletiň ykdysady derejesine baha berlende, ondaky raýatlaryň iş bilen üpjünçilik we jan başyna düşýän girdeji ýagdaýlary-da göz öňünde tutulýar. Maryly ýaşaýjy şu meselä gezek gelende, häkimiýetleriň “ösüş” baradaky yglan edýän sanlarynyň ilatyň durmuş ýagdaýynda kän bir göze ilmeýändigini aýdýar:

—Bärde, Türkmenistanda bir zad-a boldy. Ynha, gazak tanyşlarymdan sorasamam, ruslardan sorasamam, türklerden sorasamam olar öz ýurtlarynda, iň bolmanda, 300 dollarlyk işiň kändigini aýdýarlar. Bizde başga ýagdaýlar erbet däl, mysal üçin, zatlar arzan, ýagdaý parahatçylyk. Emma adamlara iş tapdyranok, ilatda pul az, işsiz gezip ýörenler köp.

Ykdysatçy Annadurdy Hajyýew hem ilata real netijeleri görkezmezden, sözde ýa kagyz ýüzünde yglan edilýän uly sanlaryň, gaýta, häkimiýetlere bolan ynamyň has-da peselmegine getirjekdigini nygtaýar.